Türkmenistan Döwlet maslahatyna taýýarlanýar

Serdar Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Prezident Serdar Berdimuhamedow hökümetiň Türkmenistanyň 23-nji sentýabrda geçiriljek Döwlet maslahatyna şu günlerden taýynlyk görmegini tabşyrdy diýp, TDH habar berýär.

Ol garaşsyzlygyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere, aýratyn-da, 23-nji sentýabrda geçiriljek Döwlet maslahatyna häzirden gowy taýýarlyk görülmelidigini belledi.

"Maslahatda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerine serederis, şoňa görä-de, bu maslahaty ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmeli" diýip, döwlet baştutany anyklaşdyrman aýtdy.

Türkmen metbugaty Döwlet maslahaty barada başga, goşmaça maglumat bermeýär.

Mundan öňki ýyllarda garaşsyzlyk baýramyndan öň Halk maslahatynyň mejlisi geçirilýärdi we gazanylandygy aýdylýan üstünlikler barada gürrüň edilip, ýurtdaky kyn meseleler asla agzalmaýardy. Bu ýyldaky baýramda ýagdaýyň üýtgäp-üçtgemejekdigi belli däl.

Şeýle-de, 1-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň VII kongresi geçiriler.