Türkmenistanda çagalar okuw esbaplaryny satyn almak üçin dilegçilik edýärler

Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda tomusky dynç alyşynda işleýän, ene-atalaryna kömek edýän ýa-da pul gazanmak üçin dürli mümkinçilikleri gözleýän çagalar köpelýär, dilegçilik edýän çagalaryň hem sany artýar. Azatlyk Radiosyny Marydaky habarçylarynyň soňky maglumatlarynda şu günler dilegçilik edýän çagalaryň köpüsiniň okuw esbaplary üçin pul soraýandygy aýdylýar.

Mary welaýatynda dilegçilik edýän çagalary köplenç bazarlarda, köp adamly köçelerde, supermarketleriň golaýynda, hatda agşamlaryna kafeleriň hem restoranlaryň öňünde görse bolýar. Olar esasan mekdep ýaşlaryndaky çagalar.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Baýramalynyň bazarlarynda şu günler çagalar alyjylardan okuw esbaplary, köplenç depder we galam satyn almak üçin pul soraýarlar. Çagalara adatça 10 ýa-da 20 teňňe berilýär. Ýerli bazarlarda depderleriň bahasy 1-den 4 manada, ruçka-galamlaryň bahasy 2-den 10 manata çenli bolýar.

Degişli maglumat Tomusky dynç alyş mösüminde dürli işlerde zähmet çekýän çagalar köpelýär

Bahalaryň ýokarlanmagy we ilatyň girdejileriniň azalmagy çagalaryny täze okuw ýylyna kadaly taýýarlap bilmeýän maşgalalaryň sanynyň köpelmegine sebäp boldy. Soňky ýyllarda egin-eşik, aýakgap we okuw esbaplary ýaly zerur zatlaryň ýetmezçiligi sebäpli mekdebe gatnamaýan çagalaryň sanynyň köpelendigi barada habar berildi. Mekdeplerde okuwçylardan belli bir eşik we keşdeli tahýa talap edilýär.

Azatlygyň habarçysy şu günler çagalary bilen birlikde ejeleriniň hem dilegçilige çykýandyklaryny habar berýär. Baýramalynyň ýerli bazarynda çagalary bilen dilegçilik edýän aýallaryň biri adamsynyň döwlet edarasynda işleýändigini Azatlyga gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, maşgala başynyň aýlygy diňe ýerli dükanda karz satyn alynan azyk önümleri üçin wagtynda töleg etmäge zordan ýetýär. Maşgalada çagalary täze okuw ýylyna taýýarlamak üçin bolsa, düýpden pul ýok.

"Indi diňe dilegçilik etmek galdy. Çagalar ösýärler, mekdep geýimi olara kiçi bolýar. Mundan başga-da, olaryň artykmaç eşikleri bolmansoň, köp geýlen eşikler könelip, tiz ýyrtylýar. Şonuň üçin olara eşik satyn almaly bolýar" diýip, ene gürrüň berýär.

Zerurlyk sebäpli dilegçilik etmäge mejbur bolan dürli aýallaryň başyna düşen kynçylyklary birmeňzeş, emma maşgala ýagdaýy başgaça. Habarçy bilen söhbetdeş bolan başga bir zenanyň sözlerine görä, onuň adamsy geçen ýyl koronawirusdan ýogalypdyr we maşgala eklençsiz galypdyr.

Başga bir ene öz adamsynyň Türkiýede işleýändigini, emma onuň soňky döwürde maşgalasyna pul ibermek üçin ýeterlik gazanç edip bilmeýändigini gürrüň berdi. Bu aýal özüniň iki çagasy bilen bilelikde dilegçilik edýär.

"Çagalaryma geýim gerek. Käbirler bize köne eşik berýärler. Ýöne ulanylan mekdep eşiklerini indi köplenç satýarlar. Köp adama pul gerek bolansoň, bazarda köne mekdep eşiklerini alýan we soň satýan ýerler bar. Mekdep üçin geýimlere isleg köp bolýar" diýip, soňbetdeş zenan aýtdy.

Degişli maglumat Lebapda okuw esbaplary geçen ýylkysyndan üç esse gymmatlady. Maryda öýlere aýlanyp, köne geýim soraýanlar köpelýär

Azatlyk bilen gürleşen maryly ýene bir enäniň sözlerine görä, girdejisiz galan maşgala eklenmek üçin öý goşlaryny satypdyr we indi dilegçilik etmäge mejbur bolýar. Bu zenan daşary ýurtlara zähmet migrasiýasynyň öz maşgalasy üçin ýeke-täk çykalga bolup biljekdigine ynanýandygyny aýdýar: "Biz mümkin boldugyndan ähli zatlary, hatda gap-gaçlary-da satdyk. Hiç zat galmady, indi satmaga zadymyz ýok. Biz dilegçilik etmäge mejbur bolýarys. Eger ýollar açyk bolan bolsa işlemek üçin Türkiýä giderdim" diýip dilegçi zenan aýdýar.

Bu aralykda, Türkiýedäki ýüzlerçe müň işçi migranty, türk ykdysadyýetiniň başdan geçirýän krizisi we görlüp-eşidilmedik inflýasiýa zerarly gazançlaryny we Türkmenistandaky maşgalalaryna goldaw bermek mümkinçiligini ýitirdi.

Degişli maglumat Türkmen polisiýasy dilegçiler we zibil dörýänler bilen 'göreşýär', olaryň köpüsi çagalar we aýallar

Maryda dilegçilik edýän çagalar gündiz bazarlarda we dükanlarda, agşam bolsa demir ýol wokzalynyň hem-de "Aşgabat" supermarketiniň golaýynda köp duş gelýär. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, "Aşgabat" supermarketiniň golaýynda jyns hyzmatlaryny hödürleýän aýallar hem bolýar. Onuň sözlerine görä, soňky ýyllarda maşgalalaryny eklemek üçin jyns hyzmatlaryny hödürleýän eneler köpelipdir.

Bu aralykda, çagalar 1 manat gazanmak umydy bilen awtoulag duralgalarynda maşyn ýuwýarlar.

Pandemiýa sebäpli has agyrlaşan uzaga çeken ykdysady krizisiň çäginde Türkmenistanda girdejilerini ýitiren maşgalalaryň sany ep-esli artdy. Işsizligiň, aýlyklaryň gijikdirilmeginiň, nagt pul we azyk ýetmezçiliginiň dowamynda öz çagalaryny ekläp bilmeýän maşgalalaryň sany köpelýär. Dynç alyş möwsüminde çagalaryň agyr şertlerde ýaşaýandygy hasam göze ilýär. Köplenç çagalar bazarlarda ýük göteriji bolup işleýärler, awtoulaglary ýuwýarlar we plastik, kagyz, çüýşe ýaly gaýtadan işlenilýän zatlary ýygnaýarlar. Zir-zibil dörýänleriň sany köpelýär, olaryň arasynda garrylar we çagalar köp bolýar. Käbir halatlarda ene-atalar ekläp bilmeýän çagalaryny internata tabşyrmaga mejbur bolýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti barha ýitileşýän ykdysady krizisiň bardygyny resmi derejede boýun almaýar, agyr sosial problemalary agzamaýar we ilatyň hakyky durmuş şertlerini görkezýän statistikany çap etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.