“Belki, ertirki gün bolmaz”. Ukraina nikanyň sany boýunça rekord goýýar

Ukrainanyň harby gullukçysy 25 ýaşly Witaliý nika ýazlyşygy dabarasyndan birnäçe minut soň öz gelinligi bilen. Kiýew, 23-nji iýul.

24-nji fewralda rus goşunlarynyň Ukraina çozup gireli bäri, bu ýurt görlüp-eşidilmedik nika ýüz tutmalary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Soňky bäş aýyň dowamynda, Kiýewde 9120 jübüt nikadan geçdi. Deňeşdirmek üçin: geçen ýylyň degişli döwründe, 1110 nika hasaba alnypdy.

Rus çozuşy başlanandan gysga wagt soň, Milli gwardiýanyň agzalarynyň nikasy. 2022-nji ýylyň 8-nji marty.

Kiýewden bolan, özüni Witaliý diýip tanadan ýigit (onuň suraty ýok) nikadan geçiş dabarasynda, AFP habar gullugyna häzir öýlenmek kararyna gelmek urşuň näbelliligi sebäpli "iň batyrgaý we kyn ädim" diýdi. "Islendik wagt frontda bolup bilerin" diýip, ol düşündirdi.

Mihail we Anastasiýa Dewberriler, Kiýewiň golaýyndaky Buçada toýdan soň zeper ýeten binanyň öňünde. 26-njy maý.

Buçadaky we golaýdaky Irpen şäherindäki nikany hasaba alyş býurolary maý aýynda, rus goşunlary Kiýewiň eteginden çykarylandan soň, täzeden açyldy.

Kiýewiň golaýyndaky Browaride täze durmuş gurýan ýaş çatynjalar – harby gullukçylar. Şol döwürde Ukrainanyň paýtagty rus goşunlary tarapyndan gurşalypdy.

Atlarynyň tutulmazlygyny haýyş eden ýigit hem gelin ilkinji gezek 2015-nji ýylda, Ukrainanyň gündogaryndaky ruslary goldaýan separatistlere garşy durulýan ýerde duşuşypdyrlar. 2022-nji ýylda ruslaryň çozmagyndan soňky ilkinji günlerde, ykbal olary tötänleýin ýagdaýda duşuranda, olaryň arasyndaky söýgi ýaňadan güýçlenipdir.

Anastasiýa Graçewa we Anton Sokolow 3-nji aprelde, Harkowyň weýran edilen howlusynda toý suratyna düşdüler. Şepagat uýasy hem wraç bilelikde mugt lukmançylyk kömegini berýärler, olar şäheriň ýaşaýjylary üçin, derman almaga pul ýygnaýarlar.

Milli gwardiýanyň gullukçysy Igor we onuň gelinligi Kira ýerzeminden çykyp, ulaga tarap barýarlar. Harkow, 23-nji iýun. Şäherde nika dabaralary köplenç gizlin ýerde geçirilýär. Bu raketa we artilleriýa toplary bilen bombalanýan şäherdäki seresaplylyk üçin edilýär.

Ýewgeniý Lewçenko we Nadežda Pritula 21-nji iýunda, Irpen şäherinde nikadan geçmek dabarasyna garaşýarlar. Täze durmuş guranlar derrew aýrylmaga mejbur boldular. Nadýa daşary ýurda okamaga gitdi, Ýewgeniý erkekleriň ýurtdan çykmagy gadagan edilendigi sebäpli, ýurtda galmaly boldy.

Ukrainanyň "Karp" harby bölüminiň esgeri we onuň ýanýoldaşy Anna Harkow sebitinde geçen nika dabarasynda, ruhanynyň yzyndan barýarlar, 24-nji iýul.

Uruş döwründe Ukrainada nika toýlaryň sanynyň köpelmegi Ikinji jahan urşy döwründäki ýagdaýa meňzeýär, ýöne dünýäniň beýleki tarapynda bolan ýagdaýy ýada salýar. 1942-nji ýylda ABŞ-da 1,8 million nikalaşma hasaba alyndy we bu ýurt üçin rekord dereje bolupdy.

Ukrainanyň sebit Goranmak Güýçleriniň harby gullukçylary Lesýa Iwaşenko we Waleriý Filimonow Kiýewdäki barlag nokadynda geçen toý dabarasynda ruhanyny diňleýärler, 6-njy mart.

31 ýaşly Darýa Stenýukowa 16-njy iýulda, Winnisedäki bombalanan kwartirasynda toý suratyna düşdi. Toýdan bir gün öňinçä, Kiýewiň 200 km günorta-günbatarynda ýerleşýän şäher raketa hüjümine sezewar boldy. 26 adamyň ölümine sebäp bolan raketa hüjümine garamazdan, ýoga mugallymy Darýa özüniň hem ýanýoldaşynyň durmuş gurmak maksadyndan el çekmändiklerini aýdýar. "Meniň öýüm ýykyldy, ýöne durmuşymyz däl" diýip, ol AFP habar gullugyna mälim etdi.

Ol: “Bu bütin dünýä ýüzlenme – biz ukrainleriň nähili derejede güýçlüdigini nygtaýarys. Raketalar depämizden uçup geçse-de, biz durmuş gurmaga taýýar" diýdi.

Ukrainada dowam edýän rus çozuşynyň fonunda, nikalaşýanlaryň sany artýar. Adamlar beýleki bir wagta garanda, özlerini has tutanýerli duýup, durmuş gurýarlar hem maşgala döredýärler.