Azatlyk Radiosynyň ýurtda öýsüz haýwanlaryň gynalyp ýok edilýändigi baradaky maglumatlaryndan, hususan-da Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleriniň köçelerdäki öýsüz itleri 'wagşylarça' öldürýandigini görkezýän wideony çap etmeginden tas bir hepde soň, Türkmenistanda itleri goramak we olara rehimsiz çemeleşmegi gadagan edýän täze kanun kabul edildi. Haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistler häkimiýetleriň öýsüz jandarlar barada beren öňki wadalarynda hem tapylmaýandygyna ünsi çekip, kanunyň iş ýüzünde berjaý edilmejekdigini aýdýarlar.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 24-nji iýulda gol goýlan "Itçilik we kinologiýa işi hakyndaky" täze kanun 26-njy iýulda ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edildi.
Resmi habara görä, bu kanun itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de tohum itleriň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilendir. Şeýle hem kanun itler köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Kanunyň 23-nji maddasynda "...eýesiz we ýabanylaşan itleriň sanyny kadalaşdyrmagyň rehimsizligi hem-de artykmaç ejir çekdirmeleri aradan aýyrýan usullar arkaly geçirilýändigi" aýdylýar.
Kanunyň 24-nji maddasynda bolsa, itleri bikanun hereketleriň ýa-da sowuk-sala seretmegiň netijesinde bilkastlaýyn öldürmek ýa-da olara şikes, howply zyýan ýa-da saglygyna beýleki agyr zyýanlary ýetirmek itlere rehimsizlik hökmünde ykrar edilýär diýilýär.
Şeýle-de, eýesiz we ýabanylaşan itleri tutmakda ýa-da olaryň sanyny kadalaşdyrmakda çendenaşa azaplary ýetirýän, rugsat edilmeýän usullary ulanmak, iti iýmitden, suwdan, ukudan, dynç almakdan, fiziki işjeňlikden mahrum etmek hem itlere rehimsizlik hökmünde ykrar edilýär.
Degişli maglumat Türkmenabatda öýsüz haýwanlary öldürýän ýörite topar hereket edýärÝöne Azatlygyň habarçylary we haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistler bu çäreleriň iş ýüzünde düýbünden başgaça amal edilýändigini, türkmen häkimiýetleriniň eýesiz itleri we pişikleri gynap, zäherläp, taýaklap tutýandygyny, ýok edýändigini we öldürýändigini ýyllarboýy habar berip gelýärler.
Haýwanlary gorap çykyş edýän ýerli aktiwistleriň we ýaşaýjylaryň 18-nji iýulda Türkmenabadyň köçelerinde düşüren wideolary häkimiýetleriň öýsüz itler we pişikler babatdaky "rehimsiz çemeleşmesiniň" soňky şaýady bolup durýar. Şol wideoda jemagat hojalygy müdirliginiň mämişe reňkdäki uly ulagynda gelen işgärleriň agyr taýaklar bilen itleriň kellesine, gymyldamagyny bes edip jany çykýança, urýandygyny görse bolýar.
Şeýle-de, kanunda eýesiz we ýabanylaşan itleriň tutulmagynyň zyýansyzlandyrma işlerini, öňüni alyş sanjymlaryny, weterinariýa gözegçiligini geçirmek we öňki ýaşaýan ýerine gaýtaryp getirmek ýa-da saklawhanalara ýerleşdirilmek maksady bilen amal edilip bilinjekdigi bellenýär.
Emma Azatlyga gelip gowuşýan maglumatlarda köçelerdäki itleriň we pişikleriň esassyz we saýlanmazdan tutulýandygy, ölmän galan janawerleriň angarlarda açlykdan we suwsuzlykdan gynalyp ölýändigini görse bolýar.
Şeýle-de, kanunda ilatly nokatlaryň çäklerinde eýesiz we ýabanylaşan itleri tutmak işiniň diňe ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň çözgüdi esasynda döredilýän topar tarapyndan amala aşyrylyp bilinýändigi aýdylýar.
Şol bir wagtda, habarçylarymyz we haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistler häkimiýetleriň bu işlere jemagat hojalygy müdirliginiň, ýerli häkimlikleriň işgärleri bilen bir hatarda, käte adaty raýatlary we çagalary hem çekýändigini habar berdiler. Häkimiýetler olary pul hem-de beýleki peşgeşler bilen höweslendirýärler.
Kanunyň 41-nji maddasynda bu kanunçylygyň bozulmagynda günäkär şahslaryň "Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýändigi" aýdylýar, ýöne jeza çäreleriniň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.
Azatlygyň habarçylary ýerli haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistleriň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, täze kanun barada pikirlerini soradylar. Anonimlik şertinde söhbetdeş bolan aktiwistler häkimiýetleriň öýsüz jandarlar barada beren öňki wadalarynda hem tapylmaýandygyna ünsi çekip, kanunyň diňe kagyz ýüzünde galjakdygyny we iş ýüzünde berjaý edilmejekdigini aýtdylar.
"Ýakynda geçirilen prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda, häkimiýetler müňlerçe it we pişik üçin niýetlenen penahananyň guruljakdygy barada gürrüňleri ýaýratdy. Bu barada sosial ulgamlarda hem maglumat ýaýrady. Ýöne soňra bu mesele gürüm-jürüm boldy. Şeýle wadalar 2017-nji ýylda we ondan soňky ýyllarda hem berildi. Ýöne wadalaryň soňy gelmedi. Bu kanun hem edil şol wadalar ýaly bolar. Sebäbi biziň ýurdumyzda kanunlar ýurduň içinde ulanmak üçin däl-de, ýurduň daşynda, halkara ýygnaklarynda ulanmak üçin kabul edilýär. Bu diňe halkara jemgyýetçiligi üçin taýýarlanan bir surat, bir gözboýagçylyk. Mysal üçin, biziň ombudsmenimiz ýaly, raýatlar üçin düýbünden peýdasyz. Şonuň üçin haýwanlary goraýjy aktiwistler, bir tarapdan, ýurtdaky hakykatlara gabat gelmeýän, garaşylmadyk kanunyň peýda bolmagyna begenýärler. Ýöne başga bir tarapdan, hiç zadyň üýtgemejekdigine ynanýarlar" diýip, aşgabatly bir aktiwist 26-njy iýulda aýtdy.
Aktiwistler kanuny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň azyndan birnäçe hepde ýa aý dowam edändigini aýdyp, hatda täze kanun köpçülige ýetirilmezden sanlyja gün öň hem, köçelerdäki öýsüz itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulandygyny we gynalyp ýok edilendigini belleýärler.
"Geçen hepde Aşgabadyň 30-njy etrapçasynda jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri tarapyndan tutulan itiň ilki bir gözi çykaryldy, soňra-da urlup boýny döwüldi. Ölmän galan janawerler, hemişeki ýaly, angarlara alnyp gidildi. Aktiwistler bu angara girip, käbir itleri surata düşürmegi başardy. Itler bu angarlarda dowzah azabynda ölýärler. Olara iýmit berilmeýär, käte diňe suw bilen üpjün edilýärler. Olara tebigy taýdan zerur bolan daşarda gezelenç etmek mümkinçiligi hem döredilmeýär. Käte itler wetenariýa gulluklarynda 15 gün demir gözenegiň içinde saklanýarlar. Käbir itler bu karantin möhletinde ölmän galsa, onda olar şondan soňra gynalyp öldürilýär. Käte aktiwistler üýşüp, itleriň käbirini gaty uly pula satyn alýarlar" diýip, ýene bir aktiwist belledi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri köçelerdäki itleri we pişikleri rehimsizlik bilen duzak gurmak, zäherlemek hem-de taýaklamak arkaly ýok etmek çärelerine mundan 10 ýyl ozal girişdiler.
Bu onýyllygyň dowamynda häkimiýetler ýurtda öýsüz haýwanlaryň köpçülikleýin ýok edilmegi barada aç-açan mesele gozgamadylar. Şeýle-de olar Azatlygyň bu baradaky soraglaryny häzirki güne çenli jogapsyz goýýarlar.
Beýleki tarapdan, türkmen häkimiýetleri ýurtda alabaý itleriniň kultyny güýçlendirip, "Hormatly itşynas" we "At gazanan itşynas" atlaryny, şeýle-de "Ýylyň edermen alabaýy" medalyny döretdiler we türkmen alabaý itleriniň baýramyny esaslandyrdylar.
"Kanun iş ýüzünde berjaý edilermi ýa wagşyçylyk dowam edermi? Birnäçe müň haýwan üçin wada berlen döwlet penahanasy açylarmy ýa-da ilki köçelerdäki itler we pişikler, hususy penahanalar mümkin boldugyça ýok edilermi? Jemagat hojalygy müdirliginiň we häkimligiň işgärleri kanun barada nähili habarly ediler we olardan muny näderejede berjaý etmek talap ediler? Haýwanlary goraýjylar we halas edijiler hakyky çärä garaşýarlar. Orta asyrlara degişli jeza çäreleriniň ýatyrylmagyna garaşýarlar. Türkmenabatda haýwanlaryň wagşy gyrgynçylygyny amala aşyran döwlet işgärleriniň jogapkärçilige çekilmegine garaşýarlar" diýip, aktiwist sözüni jemledi.
Degişli maglumat Öý talaňçylygy, iti otlamak we muny surata almak. Zalymlyga kim jogapkär?Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.