Azatlygyň Lebabyň Türkmenabat şäherinde ýerli Jemagat hojalyk gulluklarynyň işgärleriniň, adamlaryň gözüniň öňünde, öýsüz itleri wagşylarça öldürýändigini görkezýän wideony çap edeninden soň, bu edaranyň käbir işgärleri habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolup, resmileriň janawerleri öldürmek boýunça alyp barýan işleri barada jikme-jik maglumat berdiler.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli 20-nji iýulda anonimlik şertinde gürleşen işgärler, Türkmenabadyň jemagat gullugynda köçelerdäki itleri öldürmek boýunça ýörite toparyň bardygyny aýtdylar.
“Edaramyzda 20 erkek kişiden ybarat bir topar bar. Olaryň ählisi 30 ýaşdan bärdäki adamlar. Olaryň bar işi köçelere aýlanyp, öýsüz itdir-pişikleri awlamakdan, öldürmekden ybarat. Olaryň ýörite egin-eşigi hem ýok. Olar öý lybaslarynda, aýagy şypbykly aýlanýarlar” diýip, söhbetdeşimiz belledi.
Ol bularyň 6-7 adamdan birnäçe topara bölünýändigini, şeýle-de olaryň esasan şäheriň zir-zibil dökülýän ýerleriniň töwereklerinde itleri we pişikleri ‘awlaýandyklaryny’ belledi.
“Öýsüz haýwanlar iýmit gözleginde köplenç zir-zibilleri dörýärler. Olaryň kastyna çykan işgärleriň 4-si ýa 5-si bu sebitleriň golaý-goltumynda gizlenýär. Galany ýaşyrynlyk bilen jandarlaryň ýanyna aralaşyp, olary şol ýeriň özünde öldürmäge synanyşýar. Birdenkä, haýwanlar gaçyp ýetişäýse, onda bukuda oturan işgärler olaryň ýoluny kesýärler” diýip, söhbetdeşimiz belledi.
Ol bu işe çekilen işgärleriň öýsüz haýwanlaryň kellesine taýak ýa demi turba bilen urýandyklaryny, birinji gezekde janawerleri öldürip bilmeseler, onda ýene urmagyny dowam etdirýändiklerini aýtdy. Bu gürrüň edilýän ýagdaýlara, Azatlykda çap bolan wideoda hem tomaşa etse bolýar.
Türkmenabadyň jemagat gullugynyň işgäri öz edarasynda hereket edýän ýörite topar bilen birlikde, şäheriň Arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş gullugynyň işgärleriniň hem zir-zibil meýdanlarynyň golaýyna zäherlenen iýmitleri taşlaýandyklaryny sözüne goşdy.
Adam hukuklaryny hem berk depelemekde tankytlanýan türkmen häkimiýetleri indi ençeme ýyl bäri ýurduň sebitlerini "itlerden we pişiklerden arassalamak" işlerini geçirýärler.
Häkimiýetler bu işlere jemagat hojalygy müdirliginiň, ýerli häkimlikleriň işgärleri bilen bir hatarda, käte adaty raýatlary we çagalary hem çekýärler. Munuň bilen bir wagtda, häkimiýetler haýwanlary goraýan raýatlara we aktiwistlere basyş edýärler.
Türkmen häkimiýetleri öýsüz-öwzarsyz haýwanlaryň köpçülikleýin tutulmagy we ýok edilmegi barada hiç hili mesele gozgamaýarlar, şeýle-de Azatlygyň bu baradaky soraglaryny jogapsyz goýýarlar.
Garaşsyz habar beriş serişdeleriniň we haýwanlary goraýjylaryň öýsüz haýwanlaryň köpçülikleýin gyrylýandygy baradaky köp sanly habarlaryndan soň, türkmen häkimiýetleri öýsüz haýwanlar üçin penahana döretmek planlaryny yglan edipdiler.
Emma habarçylarymyz bu penahanalaryň öýsüz itdir-pişikler üçin niýetlenmän, eýse türkmen alabaý çopan itlerine degişlidigini aýdýarlar. Lebapdaky habarçymyz geçen ýyl Farapda, Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagynda, açylan itler üçin penahada diňe saýlanyp alnan çopan itleriniň saklanýandygyny belledi.
Degişli maglumat Türkmen alabaýyna heýkel açylan güni ýurtda itler öldürildiTürkmenistanda itleriň köpçülikleýin ýok edilýän wagtynda, mundan iki ýyl ozal paýtagtda alabaý itine bagyşalanyp altyna çaýylan ýadygärlik açyldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.