Agyr artilleriýanyň ulanylmagyna garamazdan, Russiýa Donbasda 'öňe' süýşýär

Ukrain esgerleri. Donbas sebiti, 17-nji iýul, 2022

Hüjümde “azda-kände ilerleme” gazanan rus goşunlarynyň garşysynda azlyk bolup durýan ukrain goragçylary ýurduň gündogaryndaky sepgitlerini saklamagy dowam etdirýärler diýip, britan aňtaw gullugy 20-nji iýulda, döwrebap günbatar artilleriýasynyň kömegi bilen, Kiýewiň Dnipro derýasynyň üstünden geçýän esasy köprini ýumrandygy baradaky maglumatlaryň arasynda habar berdi.

Günorta Ukrainada, Russiýanyň gözegçiligindäki Herson sebitinde, Moskwanyň sebit ýolbaşçylaryny bellän ýerinde ýerleşýän esasy köpri, Antoniwskiý soňky günlerde şunuň ýaly ýagdaýa düşen desgalaryň ikinjisi boldy.

Sebitiň harby-raýat administrasiýasynyň başlygynyň orunbasary Kirill Stremoussow 20-nji iýulda TASS habar gullugyna bu köprä ABŞ-da öndürilen HIMARS ulgamlaryndan atylan dokuz töweregi raketanyň gelip urandygyny aýtdy.

"Köprä gaty erbet zaýan ýetdi. Ony bejermek mümkin, ýöne bu wagt talap eder. Belki-de biz ulag hereketini togtatmaly bolarys" diýip, Stremoussow bu ýerde pida bolanyň ýokdugyny hem sözüne goşdy.

1,4 kilometrlik köpri Dnepr derýasynyň üstünden geçýän esasy köpri bolup, eger-de ol ulanar ýaly edilmese, rus goşunynyň bu sebitdäki güýçleriniň üpjünçiligini kesmän saklamak kyn bolar.

Britan aňtaw gullugynyň gündelik habarynda aýdylmagyna görä, zarba urlan köpri Moskwanyň bu sebitdäki güýçleri üçin "esasy gowuşgynsyzlyk" bolup galýar.

Aňtaw habarynda aýdylmagyna görä, Dnepr geçelgesini gözegçilikde saklamak, belki-de, Russiýanyň Dnepriň günbatarynda eýelän ýerlerinde, şol sanda esasy şäher, “Russiýa üçin hem syýasy, hem simwoliki taýdan wajyp bolan” Hersonda barýan söweşleriň netijesiniň esasy faktory bolar.

Soňky günbatar kesgitlemesi ukrain goşunynyň ýurduň dürli sebitlerinde barýan gerimli topa tutmalar we front liniýasyndan uzakda, parahat ilatyň ýaşaýan dürli ýerlerine edilen hüjümler barada beren habarynyň yz ýanynda çykaryldy.

Russiýanyň gündogar Ukrainadaky hüjümleriniň esasy nyşanalarynyň birine öwrülýän Kramatorsk şäheriniň merkezine edile raketa hüjüminde azyndan bir adam öldi.

Sebit resmileri biraz öň rus raketalarynyň port şäheri Odesa we gündogardaky Toretsk şäherine hem atylandygyny habar berdiler.

Kiýew rus güýçlerini uzak aralyga ýetýän ýaraglary ulanmagyny ýygjamlatmakda we frontdan uzakdaky nyşanalara zarba urup, mümkin boldugyça köp parahat ýaşaýjyny öldürmekde aýyplady. Emma Moskwa özüniň harby nyşanalary urýandygyny aýdýar.

Biraz öň, ýeterlik derejede günbatar ýaraglary gelip gowşanyndan soň, Ukrainanyň indi rus basybalyjylaryna has düýpli zyýan ýetirmek mümkinçiligine eýe bolandygyny aýdan prezident Wolodymyr Zelenski 19-njy iýulda eden gijeki ýüzlenmesinde ukrainlere Kiýewiň günbatardan alnan ýaraglaryň ulanylmagyny düzgünleşdirjek parlament komissiýasyny döredýändigini aýtdy.

Zelenski bu sözleri aýdanda käbir günbatar resmileriniň Günbatar ýaraglarynyň gara bazarda satylmagy ýa-da ýurtdan bikanun çykarylmak ähtimallygy barada bildiren aladalary bilen bagly habarlara jogap beren ýaly boldy.

Waşingtondaky amerikan kanun çykaryjylarynyň käbiri ABŞ-nyň Ukraina iberýän ýaraglaryna ýeterlik gözegçilik etmeýändigini aýdyp, Pentagony tankyt etdi.

"Men nygtamak isleýärin: bu meselede biziň döwletimize nähilidir bir derejede güman bildirmek üçin esas ýok" diýip, Zelenski aýtdy.

"Ýöne rus propagandaçylarynyň we olara Ukrainada ýa başga ýerde kömek edýänleriň ähli toslamalaryny ýok etmek üçin şu hili bu goşmaça parlament topary dörediler" diýip, prezident sözüniň üstüni ýetirdi.

Harby analitikler HIMARS ýaly ABŞ-da öndürilen günbatar ýarag ulgamlarynyň has takykdygy we beýleki artilleriýa ýaraglaryna garanyňda has uzak aralyga ýetýändigi, şu sebäpden olaryň Kiýewiň ýurduň günortasynda garşylyklaýyn hüjüme geçmek synanyşygynda ýagdaýy üýtgedip biljekdigi barada aýdylýanlar bilen ylalaşýarlar.

Şu aralykda, daşary işler ministri Sergeý Lawrow Russiýanyň Ukrainadaky "ýörite harby operasiýasynyň" geografiki maksatlarynyň diňe Donbas ady bilen tanalýan gündogar Donetsk we Luhansk sebitleri bilen çäklenmeýändigini aýtdy.

"Indi geografiýa başgaçarak. Ol indi diňe bir [Donbasda Russiýa tarapyndan goldanýan separatistler tarapyndan dolandyrylýan ýerler] däl, eýsem oňa Herson sebiti, Zaporožýa sebiti we başga-da birnäçe sebit girýär, bu proses dowam edýär we yzygiderli, tutanýerlilik bilen dowam edýär" diýip, Lawrow 20-nji iýulda RIA Nowosti we RT habar gulluklaryna beren interwýusynda aýtdy.