Ene-atalar daşary döwletlerde bilim alýan çagalaryna pul ugratmakda kynçylyk çekýär

Türkmen talyplary. Illýustrasiýa suraty.

Ogul-gyzlary daşary ýurtlarda ýokary bilim alýan türkmenistanly ene-atalar çagalaryna pul ibermekde kynçylyklara sezewar bolýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan balkanly ene-atalar ýurtda dowam edýän walýuta kynçylyklarynyň arasynda daşary ýurt döwletlerine pul ibermegiň kösençlige öwrülendigini aýdýarlar.

“Okuw ýylyna 2500-6000 amerikan dollary aralygyndaky pul serişdesini Türkmenistanda walýutanyň döwlet kursundan tölemek kynlaşdy. Bu töleg dollaryň gara bazar nyrhynda 50 müň manat – 120 müň manat bolýar” diýip, maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýan balkanly ene-atalaryň biri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Azatlygyň habarçysy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde käbir ene-atalar bilen gürrüňdeş boldy.

Degişli maglumat ÝOJ-lara kabul etmek möwsüminiň başlanmagy bilen, Talyplar Saglyk öýüniň öňünde uly nobatlar döredi

Soňky iki ýyl bäri dowam edýän pandemiýanyň arasynda daşary ýurt döwletlerinde ýokary bilim alýan türkmenistanlylaryň durmuşy has-da kynlaşdy. Şol bir wagtda, halkara hereketiň çäklendirmegi talyplaryň okuwyna oňaýsyz täsir etdi.

Galyberse-de, dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda Türkmenistanda walýutanyň goşa bahasy hereket edýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklap gelýär. Erkin walýuta söwdasy berk çäklendirildi. Bu çäklendirmeler ýurtda walýutanyň gara bazarynyň emele gelmegine getirdi. Gara bazarda daşary ýurt walýutasynyň alyş-çalyş bahasy resmi kursdan ençeme esse gymmatlygynda galýar.

Türkmenistanyň hökümeti daşary ýurt döwletlerinde hereket edýän belli-belli okuw jaýlarynyň tölegleri bilen bagly resmi kursdan walýuta çalyşmak mümkinçiliklerini wada berse-de, ene-atalar çagalarynyň daşary ýurtlardaky okuw mümkinçilikleriniň gümürtik galýandygyny aýdýarlar.

“Türkmenistanda býujetden 3 müň manat töwereginde aýlyk alýan işgär üçin daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň soraýan puly ummasyz pul hasaplanýar” diýip, balkanly ene-atalar aýdýarlar.

Türkmenistanlylar esasan Russiýa, Belarus ýaly GDA ýurtlarynda, we Türkiýe ýaly daşary ýurt döwletlerinde ýokary bilim almaga ýykgyn edýärler.

Media maglumatlaryna görä, Russiýada 30 müňden gowrak, Belarusda 6 müň 600 töweregi, Türkiýede 2019-njy ýylyň sanlaryna görä 17 müňden gowrak türkmenistanly bilim alýar.

ÝUNESKO-nyň sanlaryna görä, 63 müň 584 türkmenistanly daşary ýurtlarda bilim alýar.

Türkmen studentleri üçin Russiýa birinji orunda, Türkiýe ikinji orunda we Belarus üçünji orunda durýar. Russiýanyň esassyz Ukraina çozmagyndan ozal, türkmen talyplary üçin Ukrainadaky ýokary okuw jaýlary hem esasy ugurlaryň biri bolup durýardy.

Degişli maglumat 'Gülkamaryň kyssasy', ýa-da daşary ýurtlarda bilim alan ýaşlar işsizlikden kösenýär

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ogly Russiýa Federasiýasynyň lukmançylyk uniwersitetleriniň birinde bilim alýan balkanly bir ene-ata bilen gürrüňdeş boldy.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli efirde ady Sopy diýlip tutulýan balkanly mugallym özüniň hem-de aýalynyň mugallym bolup işleýändigini, ýöne muňa garamazdan daşary ýurtda bilim alýan oglunyň okuw pulunyň hötdesinden gelip bilmeýändiklerini gürrüň berdi.

“Alýan zähmet haklarymyz ujypsyz. Şonuň üçin, oglumyň üçünji kursa geçip-geçmejegi gümürtik. Pul ugratmak kyn. Türkmen banklary pul ugratmak üçin heniz hem hasaplary açmady” diýip, balkanly Sopy mugallym gürrüň berdi.

Bu aralykda, şu günler Türkmenistanyň öz içinde hem ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleri kabul etmek dowam edýär. Dalaşgärler 11-nji iýul – 26-njy awgust aralygynda okuwa kabul edilýärler.

Ene-atalar öz çagalaryny ýerli ýokary okuw jaýlaryna kabul etdirmekde paranyň möhüm rol oýnaýandygyny aýdýarlar.

18-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýokary okuw jaýlarynyň birini tamamlan bir talyp gyz bilen gürrüňdeş boldy.

Degişli maglumat ÝOJ-lara kabul etmek möwsüminiň başlanmagy bilen, Talyplar Saglyk öýüniň öňünde uly nobatlar döredi

“Türkmenistanda ýokary okuw jaýyna girseň, hökman aňryňda puluň bolmaly. Ýokary okuw jaýlary her ýyl ummasyz köp pul talap edýär. Diňe meniň bir özüm ýylda ummasyz pul harçlaýaryn. Meniň ene atam: “Wah, seni Türkmenistanda ýokary okuw jaýyna salyp, ýalňyşypdyrys. Seni daşary ýurtlaryň birine ugradan bolsak, 2-3 esse arzan düşerdiň. Gaýtam, daşary döwletde hem bilimli bolardyň, hem işläp öýe pul ugradardyň. Ine, seniň boýdaş gyzlaryň daşary ýurtlarda. Olar hem ýurt görýär, hem yzda galan jigileriniň aladasyny edip, olary hem ýurduň daşyna çykarmaga çalyşýar” diýýärler” diýip, ýerli ýokary okuw jaýynyň uçurymy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Bir tarapdan, olaryňky dogry. Ýöne, men käteler özüme sorag berýärin. Men hem daşary ýurtlaryň birine okamaga giden bolsam, men hem edil beýleki watandaşlarym ýaly, öz ýurduma girip bilmän daşary ýurtlarda galardymmy!? Men hem öz topragyma gadam basyp bilmän, öz ýurduna gereksiz adamlardan bolardymmy!? Ýöne beýleki tarapdan, men hem daşary ýurda çykan bolsam, bu ýurda [Türkmenistana] näme üçin dolanaýyn!? Meniň bu ýurda gerek bolmaýşym ýaly, maňa-da bu ýurt gerek bolmazdy” diýip, talyp gyz pikir-garaýyşlaryny Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen paýlaşdy.

“Bu sistema dowam etdigiçe, ýurt diňe çöker. Häzirki wagtda bilimli, sowatly talyplara üns berilmän, diňe pully adamlaryň çagalary döwran sürýärler” diýip, ýerli ýokary okuw jaýlaryndan ýaňy-ýakynda uçurym bolan talyp gyz sözüniň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.