Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri tebigy gaz ylalaşygyny baglaşmak üçin Bakuwa barýar

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen (Ursula von der Leyen), rus energiýasyna garaşlylygy azaltmak ugrundaky tagallalaryň çäginde, 18-nji iýulda Azerbaýjana barýar. Ol Bakuwda Azerbaýjandan alynýan tebigy gazyň möçberini artdyrmak barada gepleşik geçirer.

"Russiýanyň energiýa üpjünçiligini ýarag hökmünde ulanmagy dowam etdirmegi bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşigi üçin öz energiýa importyny diwersifikasiýa etmek ileri tutulýan ugur bolup durýar” diýip, Ýewropa Komissiýasy twitterede aýtdy.

"Prezident fon der Leýen we [energiýa] komissary Kadri Simson hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem güýçlendirmek üçin ertir Azerbaýjanda bolar" diýip, habarda aýdylýar.

"Roýters" habar gullugynyň ýazmagyna görä, Geňeşiň taýýarlan resminamasynyň taslamasynda ÝB ýurtlarynyň Azerbaýjan bilen ylalaşyk baglaşyp, tebigy gazyň importyny artdyrmaga hem-de geçiriji arkaly iberilýän gazyň geçirilişiniň ýeňilleşmegin ýardam bermek teklip edilýär.

ÝB hökümetleri Russiýadan alynýan nebite garşy ýuwaş-ýuwaşdan embargo girizmek ylalaşygyna geldiler we Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi, ylaýta-da ýyl aýagynda, howalar sowap başlanda ýangyç ýetmezçiliginiň emele gelmeginden howatyr edýärler.