Aşgabatda 2025-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler

Sambo göreşi (illýustrasiýa suraty) 

Türkmenistan Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmekçi bolýar. Türkmen habarlar gullugyna (TDH) görä, prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara sambo federasiýasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berýän karara gol çekipdir.

Sambo boýunça Dünýä çempionatyny Türkmenistanda geçirmek ozalam planlaşdyrylýardy.

2020-nji ýylyň Sambo boýunça dünýä çempionaty, koronawirus pandemiýasy aladalary bilen baglylykda, Serbiýa geçirilipdi. Şonda Halkara Sambo federasiýasy (FIAS) koronawirus krizisi sebäpli, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň mümkin däldigini aýdypdy.

Türkmenistan COVID-19 pandemiýasynyň başyndan bäri koronawirusyň ýurduň çäginde hasaba alynmandygyny öňe sürüp gelýär.