Garagum kanalynyň suwy azalýar, ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak kynlaşýar

Illýustrasiýa suraty. Amyderýanyň kenary.

Türkmenistanyň Lebap, Mary, Ahal we Balkan welaýatlaryny, paýtagt Aşgabady ekerançylyk suwlary bilen üpjün edýän we dünýäde ynsan eli bilen ýasalan iň uzyn derýalaryň biri bolan Garagum kanalynyň suwy azalýar. Munuň netijesinde, daýhanlar ekerançylyk ýerlerini suwarmagyň kynlaşýandygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkan we Mary sebitlerinden habar berýärler.

Ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi Mary welaýatynda, Balkan welaýatynyň Bereket, Serdar we Magtymguly etraplarynda gowaçalaryň we gök-bakja ekinleriniň ösüşine ýaramaz täsir edýär.

“Gowaçalar we gök-bakja ekinleri suwsuzlykdan saralýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatynyň günorta-gündogar sebitlerinden habar berdi. Pagtaçy kärendeçiler suw ýetmezçiligi zerarly gowaçalaryň wagtyndan öň gülläp başlandygyny aýdýarlar. Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan oba hojalyk hünärmenleri gowaçalaryň möhletinden öň ak gül açmagynyň hasylyň pes bolmagyna getirjekdigini aýdýarlar.

Degişli maglumat Suw üpjünçiligi bilen bagly aladalaryň arasynda, türkmen prezidenti suw resmisine käýedi

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy bilen gürrüňdeş bolan kärendeçiler hem suw ýetmezçiligi sebäpli gowaçalaryň wagtyndan öň gül açandygyny, köp ýerlerde gowaçalaryň suwsuzlyk zerarly gögermändigini aýdýarlar.

“Kärende ýerlerine suw ýetmezçilik edýär. Ekerançylyk meýdanlaryndaky gowaçalar ir gülledi. Gowaçalaryň boýy kiçi, göýdük. Köp ýerlere suw çykyp bilmedi. Şol sebäpden köp ýerlerde gowaçalar gögermän galdy” diýip, maryly kärendeçiler aýdýarlar.

Uzynlygy 1440 kilometr töweregi bolan Garagum kanaly öz gözbaşyny Amyderýadan alyp gaýdýar. Kanal Lebap welaýatynyň Başsaka şäherçesiniň çäginden uç alyp, Lebap, Mary, Ahal we Balkan welaýatyna çenli uzap gidýär.

Garagum kanalynyň boýunda suw çekiji ulgamlar, nasoslar oturdylýar we kanalyň geçýän sebitlerindäki ilatly nokatlar bu nasoslar arkaly ekerançylyk suwlary bilen üpjün edilýär. Habarçylarymyz kanalyň Mary welaýatyndan geçýän böleginde nasoslaryň sanynyň azaldylýandygyny habar berýärler.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylary sebitiň çäginde ýerleşýän Zähmet geňeşliginden başlap, Oguz han etrabyna çenli Garagum kanalynyň ugry boýunça gözleg geçirdiler we 100-den gowrak nasosçy bilen söhbetdeş boldular.

Ýaňy-ýakynda sebit häkimiýetleri suw çekiji ulgamlary dolandyrýan işgärler bilen ýygnak geçirip, kanalyň ugrundaky işleýän nasoslaryň sanynyň azaldylmagyny talap edipdirler.

“Aşgabatda suw ýetmezçiligi bar diýdiler. Şol sebäpden, eger ozal bir daýhan birleşikde 2-3 nasos işledilýän bolsa, indi bir nasos işletmeli. Ony hem gaty çäkli işletmeli diýdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan maryly ýaşaýjylar aýdýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti ekerançylyk suwlarynyň üpjünçiligi bilen bagly bar bolan problemalary inkär etmeýär.

Maýyň ahyrlarynda Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna prezident tarapyndan käýinç berildi. Türkmenistanda pudak ýolbaşçylaryna yglan edilýän käýinçler köplenç degişli pudaklardaky bärden gaýtmalara yşarat edýär.

Degişli maglumat Lebaply ýaşaýjylar: Amyderýanyň suwy çekilýär

Ýöne suw üpjünçiligi bilen bagly hökümet derejesindäki alada iýunyň ahyrynda has aýyňlaşdy. Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 27-nji iýunda geçiren hökümet mejlisinde suw üpjünçiliginiň zerurlygyna ünsi çekip, munuň bilen baglylykda oba hojalyk meseleleri boýunça orunbasaryny Lebap welaýatynyň Kerki şäherine ugratdy we ol ýerde hemişelik esasda dolandyryş merkezini gurmagy tabşyrdy.

Iýunyň ortalarynda Türkmenistanda suw üpjünçilik meseleleri boýunça ýörite Hökümet topary döredildi.

Galyberse-de, maýyň ahyrky hepdesinde eýran we türkmen wekiliýetleri iki ýurduň araçäginde ýerleşýän Dostluk suw howdanynyň suwuny oba hojalyk maksatlary üçin ulanmazlyk barada ylalaşdy. Eýran metbugatyna görä, howdanyň suwy diňe agyz suwy üçin ulanylar. Meselem, Eýranyň Maşat şäheriniň agyz suw üpjünçiliginiň 20 göterimi Dostluk suw howdany arkaly üpjün edilýär.

Türkmenistanda ekerançylyk suwlary bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda ýurduň dürli sebitleri, şol sanda Aşgabat ýaşaýjylary wagtal-wagtal agyz suw ýetmezçiligi bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar.

Bu aralykda, türkmen hökümeti iýun aýynda Hazar deňziniň suwuny arassalap, onuň agyz suw üpjünçiliginde ulanylmagy bilen bagly meýilnamalaryny äşgär etdi.

Türkmenistanyň suw üpjünçiligi bilen bagly problemalary halkara hasabatlarda hem agzalyp geçilýär. BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy geçen ýyl çap eden hasabatynda Türkmenistanyň suw resurslaryna agram düşýändigini duýdurdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary aprelde Amyderýanyň suwunyň öňki ýyllar bilen deňeşdirilende ymykly çekilýändigini habar berdiler.

Sowetler döwründe ilkibaşda Lenin kanaly atlandyrylan Garagum kanalynyň gurluşygyna 1954-nji ýylda girişildi. Kanalyň gurluşygy 1988-nji ýylda doly tamamlandy. Garagum kanaly esasan Sowet häkimiýetleriniň sebitde pagta önümçiligini artdyrmak maksatnamalaryna gulluk etdi. Galyberse-de, Sowet häkimiýetleri, ilkibaşda, Garagum kanaly arkaly Amyderýany Hazar deňzi bilen sepleşdirmegi hem meýilleşdiripdiler, ýöne bu meýilnama soňy bilen amala aşyrylmady. Garagum kanaly Aral deňziniň guramagyna getiren iň uly sebäpleriň hatarynda agzalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.