Rus güýçleri Donbasy ele geçirmek üçin ilerleýärkä, ukrain şäherleri ýowuz howa zarbalaryna sezewar boldy

Ýaralanan ýaşaýjy, 66 ýaşly Wolodymir 7-nji iýulda Kramatorsk şäherinde rus harby hüjüminde zeper ýeten ýaşaýyş jaýyndaky kwartirasynyň içinden seredýär.

Rus güýçleri Ukrainanyň gündogaryndaky Donbas sebitini ele geçirmek ugrundaky tagallalarynda öňe gidişlik gazanmak üçin has köp howa zarbalaryny amala aşyrdy. Bu waka rus prezidenti Wladimir Putiniň Russiýanyň Ukrainada entek çynlakaý çäre görüp başlamandygyny duýduran mahalyna gabat geldi.

Harkow sebitindäki howa zarbalarynyň birinde üç adamyň ölendigini we başga-da bäş adamyň ýaralanandygyny, ýerli ýolbaşçylar 7-nji iýulda aýtdylar.

"Biz Harkowyň ýaşaýjylaryndan mümkingadar seresap bolmagyny soraýarys. Gyssagly zerurlyk bolmasa, şäheriň köçelerinde durmaň. Duşman ýaşaýyş ýerlerine we raýat infrastrukturasyna mekirlik bilen hüjüm edýär" diýip, sebit komandiri Oleh Synýehubow Telegramda çap eden maglumatynda aýtdy.

Donetsk harby administrasiýasynyň başlygy Pawlo Kyrylenko rus hüjümleriniň senagat şäherleri Kramatorskda we Awdyýwkada parahat ilatyň ýerleşýän ýerlerini nyşana alandygyny, netijede, iki adamyň ölendigini we başga-da sekiz adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Kyrylenko, Kramatorska edilen hüjümden ozal eden çykyşynda, rus güýçleriniň soňky 24 sagadyň dowamynda amala aşyran zarbalarynda azyndan ýedi adamyň ölendigini hem yglan etdi.

Donetskdäki Russiýa tarapdar separatistler ukrain güýçleriniň hüjüminde bir adamyň ölendigini, 11 adamyň ýaralanandygyny aýtdylar. Bu öňe sürmeleri garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

Moskwa Luhansk sebitiniň aglaba böleginiň gözegçiligini ele geçirenden soň, hüjümlerini Donetske tarap ilerletdi we bar ünsüni Kramatorsk hem-de Slowýansk şäherlerine gönükdirdi.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý 7-nji iýulda gijeki wideo ýüzlenmesinde Harkow, Kramatorsk we Donbasyň beýleki şäherlerine edilen hüjümleri belläp, Ukrainanyň hyzmatdaşlarynyň goranyş zerurlyklary barada takyk maglumatlarynyň bardygyny aýtdy.

7-nji iýulda Putin kanun çykaryjylar bilen bolan duşuşygyň dowamynda Russiýanyň Ukrainada entek çynlakaý çäre görüp başlamandygyny duýdurdy.

“Bu günki gün biz özümizi söweş meýdanynda ýeňmek isleýändiklerini eşidýäris. Muňa näme diýip bolar, goý, synanyp görsünler. Biz Günbataryň biz bilen soňky ukrainala çenli söweşmek isleýändigi barada köp eşitdik. Bu ukrain halky üçin betbagtçylyk, ýöne hemme zat şoňa syrygýan ýaly” diýip, Putin Döwlet Dumasynyň fraksiýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşanda aýtdy.

Putiniň aýtmagyna görä, hemmeleriň düşünmegi gerek, Russiýa "uly hasap boýunça entek hiç bir zady çynlakaý başlamady". Şol bir wagtyň özünde, onuň sözlerine görä, Moskwa parahatçylyk gepleşiklerinden ýüz öwürmeýär. "Emma [gepleşik geçirmekden] ýüz öwürýänleriň bilmegi gerek, näçe uzaga çekdikleriçe, olar biz bilen gepleşik geçirmegiň özleri üçin şonça-da kyn boljakdygyny bilmelidir" diýip, döwlet baştutany sözüniň üstüni ýetirdi.

Wladimir Putin kanun çykaryjylar bilen bolan duşuşygyň dowamynda Russiýa garşy girizilen sanksiýalary başlanlaryň öz maksatlaryna ýetmändiklerini aýtdy.

“Russiýa garşy girizilen bikanun çäreler bize kynçylyk döredýär. Bu aýdyň bir hakykat. Emma Russiýa garşy ykdysady blitskriegiň inisiatorlarynyň umyt edýän zatlary asla ýok, bolmady” diýip, Putin belledi.

Ukrainanyň prezidentiniň geňeşçisi Mihaýlo Podolýak bu ýerde "kollektiw Günbataryň" hiç bir meýilnamasynyň ýokdugyny aýtdy. Bu ýerdäki ýeke-täk meýilnama “şäherleri oka tutmak we asuda adamlary öldürmek bilen özygtyýarly Ukraina giren rus goşunynyň meýilnamasy. Galan zatlaryň ählisi ýöntem propaganda” diýip, Podalýak twitterde aýtdy.

Donetsk sebitindäki adam ýitgileri, ukrain resmileriniň sebitdäki asuda ilatdan gyssagly gaçmagy haýyş etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Slowýank şäheriniň häkimi Wadym Lýah uruşdan ozal 110 müň ilaty bolan şäherde heniz hem 23 müň adamyň ýaşaýandygyny aýtdy.

"Ewakuasiýa dowam edýär. Biz her gün adamlary çykarýarys" diýip, ol sözüne goşdy.

Russiýa Sewerodonetsk we Lysyçansk şäherlerini basyp alandan soň, rus güýçleri Slowýansk şäherini nyşana alyp başlady. Sewerodonetsk we Lysyçansk şäherleri Slowýanskyň golaýynda ýerleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.