Pensioner: Günde diňe 50 manat nagtlaşdyryp bilýärin

Bankomat nobatlary. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen bagly problema saklanyp galýarka, bu mesele Balkan welaýatynda has-da ýitileşýär. Şu günler Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýjylar pensiýa haklaryny we döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýärler. Munuň bilen bir wagtda, ilat nagt däl söwda etmekde hem kynçylyk çekýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň günbatar welaýatyndan maglumat berdi.

"Her gün şäherdäki tas ähli bankomatlarda nobata ýazylýaryn. Muňa garamazdan, 1100 manat pensiýamy şu güne çenli nagtlaşdyryp bilmedim. Pensiýamyň bank kartyma geçenine indi alty gün boldy" diýip, özüni Bägül daýza diýip tanyşdyran balkanly pensioner anonimlik şertinde 7-nji iýulda gürrüň berdi.

Türkmenistanda raýatlaryň pensiýa haklary we döwlet kömek pullary adatça her aýyň 1-5-i aralygynda plastik bank kartlaryna geçirilýär.

Bägül daýzanyň sözlerine görä, bankomatlarda pul bar bolsa-da, ondan her gezekde diňe 10 manat nagtlaşdyryp bolýar. 10 manat dollaryň resmi kursunda tas $3-a deň bolsa, gara bazaryň nyrhynda ýarym dollardan sähel gowrak bolýar.

Degişli maglumat Bankomatlarda nagt ýetmezçiligi: Jokrama yssydaky nobatlar pensionerleri köseýär

"50 manat nagtlaşdyrmak üçin karty bäş sapar bankomada salyp çykarmaly we her gezekde bankomat amallaryny täzeden ýerine ýetirmeli. Indi Türkmenistanda pensionerler her gün ençeme bankomatda nobata durup, günde diňe 50 manat nagtlaşdyryp bilýärler" diýip, Bägül daýza aýtdy.

Ol käbir pensionerleriň tanyş tapyp, pensiýalaryny Awazadaky myhmanhanalarda ýerleşdirilen bankomatlardan nagtlaşdyrmaga synanyşýandygyny, ýöne olarda-da nagt tapdyrmaýandygyny hem sözüne goşdy.

Habarçymyz kartlardaky puly nagtlaşdyrmak düzgünlerine ýene bir çäklendirmäniň girizilendigini hem habar berýär. Onuň sözlerine görä, mundan beýläk raýatlar öz bank kartlaryny haýsy bankdan alan bolsa, aýlyklaryny, pensiýalaryny we döwlet kömek pullaryny diňe şol banka degişli bankomatlardan nagtlaşdyryp bilýärler.

"Mysal üçin, "Halkbank-a" degişli kart bilen Daşary ykdysady bankyň ýa-da "Daýhanbankyň" bankomatlaryndan pul çekmek petiklendi. "Rysgal" bank hem kart saýlap başlady" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Habarçymyz ýaşy 75-den ýokary pensionerleriň birnäçesine salgylanyp, pensiýa haklaryny nagt almaga hukugy bolan pensionerleriň hem aýyň 7-si bolandygyna garamazdan, pensiýalaryny alyp bilmeýändigini aýtdy. Türkmenistanda 75 ýaşyny dolduran pensionerler özleriniň pensiýa haklaryny nagt görnüşinde alyp bilýärler.

Degişli maglumat Maryda tüwiniň gymmatlamagy palawyň hiline täsir ýetirdi

"Resmiler munuň sebäbini nagt ýetmeýändigi bilen düşündirýärler. Olar welaýatda galla möwsüminiň tamamlanyp barýandygyny aýdyp, ähli nagt serişdäniň gallaçy kärendeçilere hak tölemek üçin, etraplara iberilendigini mälim edýärler" diýip, ýene bir pensioner anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Welaýatyň bankomatlarynda nagt ýetmezçiligi dowam edýärkä, ilat nagt däl söwda etmekde hem kynçylyk çekýär. Habarçymyzyň maglumatyna görä, şäherdäki söwda merkezleriniň we dermanhanalaryň tas ählisi harytlaryň görkezilen bahasyndan başga-da, goşmaça 10% tölemegi talap edýär.

"Dermanhanalar we beýleki söwda nokatlary her söwda edilen 100 manat üçin goşmaça 10 manat pul alýandyklaryny aýdýarlar. Söwda merkezleriniň köpüsi her aýyň başynda terminallarynyň işlemeýändigini bahana edýärler we adamlardan nagt söwda etmegi talap edýärler. Ilatyň iki tarapdan hem öňi baglanýar. Biz ne kartymyzdaky pulumyzy nagtlaşdyryp bilýäris, ne-de nagt söwda edip bilýäris" diýip, türkmenbaşyly pensioner aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada ýokarda agzalan banklaryň ýerli şahamçalaryndan, şeýle-de ýurduň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Soňky alty ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan zähmet haklaryny, döwlet kömek pullaryny we pensiýalary raýatlaryň bank kartlaryna geçirýär. Şondan bäri ilat bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu problema ýurtda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklaryň arasynda, soňky bäş ýylyň dowamynda has-da ýitileşdi.

Türkmenistanyň hökümeti ilatyň maliýe-ykdysady kynçylyklaryny, şol sanda pul nagtlaşdyrmak bilen bagly kösençliklerini boýun alyp, aç-açan beýanat bilen çykyş etmeýär.

Degişli maglumat Bankomatlarda nagt ýetmezçiligi: Pulsuz, alaçsyz ilat nobatlarda ýakalaşýar 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.