Hünärmenler täze ýatagyň suwunyň içmäge näderejede ýaramlydygyny sorag astyna alýar

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ilatyň agyz suw üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikler saklanyp galýan mahaly, türkmen häkimiýetleri ýurduň Lebap welaýatynyň çäginde agyz suwunyň täze iri ýatagynyň tapylandygyny yglan etdiler. Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýerli suw hünärmenleriniň birnäçesi täze ýatagyň suwunyň näderejede arassadygyny we içmäge ýaramlydygyny sorag astyna aldy.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 1-nji iýulda geçirilen mejlisinde wise-premýer Şahym Abdrahmanow prezident Serdar Berdimuhamedowa "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasy tarapyndan agyz suw ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

"Korporasiýanyň hünärmenleri tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň çäklerinde, Amyderýanyň çep kenarynda, Boýrabat hem-de Berzeň akabalarynyň kenarynda ýerleşýän Türkmenabat meýdançasynda geçirilen gidrogeologik gözleg-barlag işleri netijesinde, umumy meýdany 130,8 inedördül kilometre deň bolan agyz suw ýatagy açyldy we gorlary tassyklandy" diýlip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Degişli maglumat Tomsuň gelmegi bilen Lebapda agyz suw ýetmezçiligi güýçlenýär

Bu ýer “Türkmenabat” ýerasty agyz suw ýatagy diýlip hasaba alyndy. Bu ýatagyň suw gorunyň ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigi hem resmi habarda bellenilýär.

Bu habar türkmen hökümeti ýurtda suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet toparyny döretmek barada karar kabul edenden bir aý soňa gabat geldi. Ministrler kabinetiniň 11-nji iýunda geçirilen ​mejlisinde bu toparyň “suw serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmak, suw gorlaryny artdyrmak, Amyderýa we Garagum derýalary boýunça seljermeleri geçirmek maksady bilen” döredilendigi aýdyldy.

Türkmenistanda hem ekerançylyk, hem-de agyz suwy üpjünçiligindäki nogsanlyklar ýyllarboýy dowam edýär. Azatlygyň habarçylary soňky ýyllarda bu nogsanlyklaryň artýandygyny, ilatyň agyz suwy üpjünçiligindäki problemalaryň tutuş ýylyň dowamynda, hususan-da tomusda ýygy-ýygydan ýüze çykýandygyny habar berýärler.

Lebabyň käbir ýaşaýjylary welaýatyň çäginde agyz suwunyň täze iri ýatagynyň tapylmagy bilen, suw üpjünçiligindäki bökdençlikleriň aradan aýrylmagyna umyt baglaýarlar.

Şol bir wagtda, habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýerli suw hünärmenleriniň birnäçesi täze ýatagyň suwunyň näderejede arassadygyny we içmäge ýaramlydygyny sorag astyna alýar.

Olar munuň iki sebäbiniň bardygyny aýdyp, birinji sebäbini täze tapylan agyz suw ýatagynyň ýerleşýän ýeriniň töwereginde suwuň hiliniň "ýaramazdygy" bilen düşündirýärler.

Degişli maglumat Aşgabatda suw üpjünçiligi meselesi agyrlaşdy

"Hakykatdan hem, Türkmenabadyň we Çärjew etrabynyň çäklerinde 6-8 metr çuňlukdaky ýerlerden ýörite nasos arkaly suw çykaryp bolýar. Ýöne bu suwy içip bolmaýar. Ol çägeli, duzly we tagamsyz bolup, onuň düzüminde demir köp. Bu suwy gaýnatman içeniňde, içiň çişýär. Bu ýer asty suwy içýän hojalyklar hem bar. Olar öýlerine agyz suw turbalary çekilmedik hojalyklardyr" diýip, ýerli hünärmen belledi.

Ol Türkmenabadyň we Çärjew etrabynyň ähli ýerine lagym suw turbalarynyň çekilmändigine hem ünsi çekip, öz aladalarynyň ikinji sebäbini şeýle düşündirýär:

"Her hojalyk öz howlusynda kwadrat görnüşinde ýörite çukur gazyp, hajathana we beýleki zerurlyklar üçin konalizasiýa gurýar. Bu çukuryň çuňlugy her hojalykda her hili bolup, olaryň her birinde azyndan 5 tonna hapa suw üýşýär. Bu çukurlar dolansoň, öý eýesi asenizator awtoulagyny çagyryp, şol suwy çekdirip aldyrýar. Adatça aýda bir gezek çagyrylýan bu ulagyň tölegi 150-200 manada deň. Ýöne iň gyzykly we ýaramaz ýeri, köp hojalyk şol çukuryň gapdalyndan ýene-de bir çukur gazdyrýar. Lagym suwunyň hapalary birinji çukurda galýar. Ikinji çukurda hem "kaçok" diýilýän turba kakdyrýarlar. Bu turba lagym suwlaryny ýeriň aşagyna iberýär. Bu näme üçin edilýär? Şol asenizator ulaglaryny gaýta-gaýta çagyryp, pul sarp etmezlik üçin edilýär. Netijede, siz pikirlenip görüň, näçe hojalyk ýeriň aşagyna hapa suw iberýär. Bu hojalyklar häkimiýetleriň täze tapan suw ýatagyndan bir kilometr uzaklygynda ýerleşýär" diýip, hünärmen belledi.

Azatlyk suw hünärmenleriniň aýdan aladalary barada Lebabyň suw edarasyndan, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyndan kommentariýa alyp bilmedi. Şeýle-de, ýokarda aýdylanlaryň öňüni almak üçin haýsydyr bir çäreleriň göz öňünde tutulýandygyny ýa tutulmaýandygyny hem anyklap bolmady.

Degişli maglumat Tomsuň gelmegi bilen Lebapda agyz suw ýetmezçiligi güýçlenýär

Türkmenistanyň Agyz suwy hakyndaky kanunynda aýdylmagyna görä, ýurduň çäginde her bir adamy bellenilen hil kadalaryna jogap berýän, agyz suwuny sarp etmegiň kadalaryna laýyk gelýän mukdarda agyz suwy bilen üpjün etmek kepillendirilýär.

Mundan ozal Azatlyk bilen söhbetdeş bolan hünärmenler "bu kanunyň köplenç kagyz ýüzünde galýandygyny we ýurt ilatynyň suwuň mugt wagtynda-da, soňra tölegli edilden soň hem, hem sebitlerde, hem-de paýtagtda arassa agyz suwy bilen ýeterlik üpjün edilmeýändigini" gürrüň beripdiler.

Halkara guramalary, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda suw ýetmezçiliginiň has agyrdygyna, emma şonuň bilen birlikde suwuň aşa sarp edilýändigine ünsi çekýärler. BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasynyň soňky hasabatynda Türkmenistanda suwdan peýdalanmagyň geriminiň “aýgytly” derejä ýetendigi duýduryldy. Guramanyň geçen ýylyň awgustynda ýaýradan hasabatyna görä, ýurtda suw resurslaryna çenden aşa agram düşýär.

Degişli maglumat Garagumda ekin meýdanlaryny ösüş suwuna tutmak üçin "ýüzlerçe manat para bermeli"

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.