Balkan: Gurban baýramynyň öň ýany, iri we ownuk şahly mallaryň bahasy gymmatlady

Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň günbatar Balkan welaýatynda Gurban baýramynyň öň ýany, iri we ownuk şahly mallaryň bahasy gymmatlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji iýulda habar berdi.

Habarçylarymyz Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde, Gumdag etrabynda goýun-geçileriň we iri şahly mallaryň bahalarynyň iki esse gymmatlandygyny habar berýär.

“20 kilogram töweregi et berjek goýun-geçiler geçen hepdelerde 1300 manat bolan bolsa, häzir olaryň bahasy 3000 manada çenli ýokarlandy. 150 kilogram töweregi agramy bolan sygyrlaryň we öküzleriň bahasy geçen hepdelerde 10 müň manatdan bahalanan bolsa, häzir olar 15-17 müň manada ýokarlandy” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Degişli maglumat Maldarlar sygyrlaryny, goýun we guzularyny satmakda kösençlikleri başdan geçirýärler

Şeýlelikde, goýun-geçileriň bahasy dollaryň gara bazar bahasy boýunça 70 dollardan 140 dollara, iri şahly mallaryň bahasy 520 dollar töwereklerinden tas 790-890 dollara çenli ýokarlandy.

Mal bazarlardaky gymmatçylyk Türkmenistanda bellenilip geçilýän Gurban baýramynyň öň ýanyna gabat gelýär.

Soňky iki ýyl bäri Türkmenistanda hökümetiň ykrar etmedik pandemiýasy zerarly çäklendirilen görnüşde bellenilip geçilen Gurban baýramynda musulmanlar mal soýup, sadaka berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň günbatar sebitlerinde emele gelen mal gymmatçylygynyň fonunda gurbanlyk üçin mal soýmagy meýilleşdirýän adamlaryň sanynyň azalýandygyny habar berýärler.

“Gurbanlyk mynasybetli mal soýjak adamlar azaldy” diýip, bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçylarymyz ýurduň günbatar sebitlerine esasan Balkanyň Serdar etrabyndan, Ahal we Daşoguz welaýatlaryndan iri we ownuk şahly mallaryň getirilýändigini habar berýärler.

Türkmen senenamasynda Gurban baýramynyň anyk senesi her ýyl prezidentiň permany bilen kesgitlenilýär. Türkmenistanyň ähli edaralarynda, kärhanalarynda we guramalarynda Gurban baýramynyň dowamynda üç gün dynç alyş yglan edilýär. Türkmen halkynyň milli baýramlaryndan bolan Gurban baýramynyň bu ýyl 9-njy iýulda başlamagyna garaşylýar.

Gurbanlyk

Galyberse-de, Türkmenistan Gurban baýramyna gabat berjaý edilýän haj parzyny ýerine ýetirmek üçin bu ýyl döwlet howandarlygynda Saud Arabystany Patyşalygyna özüniň 275 raýatyny iberdi. Gurban baýramy haj möwsüminiň üçünji gününe gabat gelýär.

Türkmenistanyň günbatar sebitiniň ‘eli ýuka’ ýaşaýjylary ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda Gurban baýramyny özleriniň 'göwnejaý görnüşde' belläp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

“Gurbanlyga mal soýjak adamlaryň sany gitdigiçe azalýar. Adamlaryň maşgala býujeti sadaka bermäge mümkinçilik bermeýär” diýip, balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan türkmenbaşyly bir ýaşaýjy öz tanaýan adamlarynyň arasynda sanlyja gurply adamyň sadaka bermäge mümkinçiliginiň bardygyny, ‘eli ýuka’ tanyşlarynyň arasynda ‘sadaka berjek hojalyklaryň tas ýokdugyny’ gürrüň berdi.

Türkmenistan 2016-njy ýyldan bäri agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Türkmen hökümeti ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary aç-açan boýun almaýar. Ykdysady kynçylyklaryň arasynda ýerli pul ep-esli hümmetsizlenip, ýurtda walýutanyň hakyky bahasy resmi kurs bilen deňeşdirilende ençeme esse gymmatlygynda galýar. Bu bolsa bazar bahalaryna täsir edýär.

Degişli maglumat Maryda we Daşoguzda gurbanlyk mallaryň nyrhlary tas iki esse gymmatlady

Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri 3,5 manatlygynda saklap gelýär.

Dollaryň gara bazar bahasynyň gymmatlamagy harytlaryň bahalarynyň gymmatlamagyna getirdi. Türkmenistanyň hökümeti maldarçylyk hojalyklaryna giň ýol açyp, ýerli mallaryň ösdürilip ýetişdirilmegine üns berýändigini aýtsa-da, maldarlar ýyllarboýy ot-iým ýetmezçiliginden şikaýat edip gelýärler. Ýurda soňky ýyllarda aralaşan gurakçylyk, galyberse-de suw üpjünçiliginde bar bolan problemalar, ot-iým gymmatçylygy maldarçylyk hojalyklaryna agyr zarba urdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.