Russiýa raketa hüjümini dowam etdirýär, Ukrainanyň Mikolaýiwinde partlamalar boldy

Resmiler öldürilenleriň arasynda iki çaganyň, ýaralananlaryň arasynda bolsa üç çaganyň bardygyny aýtdylar.

2-nji iýul güni irden, Gara deňziň kenarynda Odesa portunyň golaýyna edilen rus raketa hüjüminde 21 parahat ýaşaýjy öldürileninden bir gün soň, Ukrainanyň Mikolaýiw şäherinde howa-reýd sirenalarynyň we partlamalaryň sesleri eşidildi.

“Şäherde güýçli partlamalar bolýar! Gaçybatalgalarda galyň!” diýip, Mikolaýiw şäheriniň häkimi Oleksandr Senkewiç Telegramda çap eden ýüzlenmesinde aýtdy.

Partlamalaryň sebäbi bada-bat anyklanyp bilinmedi, ýöne Odesa sebiti bilen serhetleşýän günorta Mikolaýiw sebitinde howa hüjümi sirenalarynyň sesleri eşidildi.

Ukrain resmileri 1-nji iýulda rus goşunlarynyň Odesanyň 50 km günorta-günbatarynda ýerleşýän Serhiýiwka şäherindäki köp gatly ýaşaýyş jaýyna we dynç alyş merkezine raketa zarbalaryny urandyklaryny aýtdy.

Resmiler öldürilen 21 adamyň arasynda azyndan iki çaganyň hem bardygyny, ýaralanan 38 adamyň arasynda bolsa üç çaganyň bardygyny aýtdylar.

Rus resmileri Moskwanyň raýat desgalaryny nyşana alýandygy barada çykýan habarlary ret edýärler.