29-njy iýunda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň Altynjy sammiti geçirilýär. Synçylar bu duşuşygyň diňe formallykdan ybaratdygyny we Hazar meselesi boýunça täze kararlaryň kabul edilmegine garaşylmaýandygyny aýdýarlar.
Kenarýaka ýurtlaryň VI sammitine Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew, Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar.
Bir gün ozal, 28-nji iýunda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň ministrler duşuşygy geçirildi.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 24-nji iýunda azeri kärdeşi Jeýhun Baýramow bilen Moskwada geçiren metbugat ýygnagynda Altynjy Hazar sammitiniň dowamynda dört ýyl ozal kabul edilen Kaspi Konwensiýasynyň “ähmiýetiniň nygtaljakdygyny” aýtdy.
Hazarýaka döwletleriň baştutanlary 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde duşuşyp, Hazaryň hukuk durumy boýunça Konwensiýa gol çekdiler. Ýöne Eýranyň parlamenti bu Konwensiýany heniz tassyklamady.
Degişli maglumat Aşgabatda VI Hazar sammiti geçirilýärTürkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisiniň 15-nji iýunda Tähranda çap eden bilelikdäki beýannamasynda “[Altynjy] sammit Hazar deňzinde özara gatnaşyklaryň häzirki zaman hukuk esaslaryny emele getirmäge goşant goşar, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam eder” diýildi.
Mälim bolşy ýaly, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidenti wezipesinde girişenden soň, daşary ýurt döwletlerine amala aşyran ilkinji resmi saparlaryny ilkibaşda Russiýa, soňra Eýrana amala aşyrdy.
Döwlet metbugatyna görä, türkmen prezidenti Moskwada-da, Tähranda-da Hazar meselesini gozgady.
Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Panniýer 29-njy iýunda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Altynjy Hazar sammitiniň diňe formallykdan ybarat boljakdygyny we duşuşykda möhüm kararlaryň kabul edilmegine garaşylmaýandygyny aýtdy.
“Bu bir formallykdan ybarat duşuşyk ýaly bolup görünýär. Taraplaryň ählisi Hazar meselesi babatda öz pozisiýalaryny bilýärler. 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde Hazar hartiýasy kabul edildi. Bu resminama Hazardan peýdalanmagyň düzgünlerini, deňiz ýatagynyň haýsy böleginiň kime degişlidigini, deňiz suwlarynyň haýsy böleginiň kime degişlidigini kesgitleýär. Bu sammit ýöne bir GDA sammittleri ýaly, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitleri ýaly, ýa-da Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň sammitleri ýaly [formallykdan ybarat bolup], olar diňe bir duşuşmak, görüşmek we biraz gürleşmek isleýärler” diýip, Panniýer Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Türkmenistan köp ýyl bäri Hazarda gaz geçiriji gurup, Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa tebigy gaz ibermegi göz öňünde tutup gelýär. Ýöne energiýa serişdelerine baý bolan Russiýa we Eýran daşky gurşaw aladalaryna salgylanyp, Türkmenistanyň Hazarüsti gaz geçiriji planlaryny oňlaman gelýär.
Degişli maglumat Energiýa serişdelerine baý bolan Hazarýaka döwletleriň baştutanlary Aşgabatda duşuşarSynçylar Ukrainada alyp barýan esassyz urşy zerarly Günbatar sanksiýalaryna duçar bolan Moskwanyň Ýewropa bilen aradaky energiýa gatnaşyklary gowşaýan mahaly, sebitde we dünýäde Türkmenistan üçin Hazarüsti gaz geçirijisi babatda täze mümkinçilikleriň emele gelendigini aýdýarlar.
Kaspi Konwensiýasy, bilermenlere görä, kenarýaka ýurtlara suwasty gaz geçiriji gurmaga rugsat berýär, ýöne gaz geçirijileriň töweregindäki daşky gurşaw aladalary babatda ähli taraplaryň ylalaşmagyny talap edýär.
1991-nji ýylda SSSR dargandan soň Hazaryň kenarynda üç sany täze döwlet emele geldi. Has ozal, Hazaryň durumy Eýran bilen Sowet Russiýasynyň arasynda 1921-nji ýylda gol çekilen “Dostluk we hyzmatdaşlyk” şertnamasy esasynda, hem-de Eýran bilen Sowet Soýuzynyň arasynda 1940-njy gol çekilen “Söwda we täjirçilik” şertnamasy esasynda kesgitlenilýärdi. SSSR dargandan soň ýurtlar Hazaryň hukuk durumyny kesgitlemek boýunça täze ylalaşyklara ymtyldy. Hazarýaka döwletleriň baştutanlary 2002-nji ýylda Aşgabatda, 2007-nji ýylda Tähranda, 2010-njy ýylda Bakuwda, 2014-nji ýylda Astrahanda we 2018-nji ýylda Aktauda duşuşdy.
Hazar eger kanun taýdan deňiz ykrar edilse, onda kenarýaka ýurtlaryň her haýsy BMG-niň Deňiz kanuny hakynda komissiýasyna laýyklykda 22 kilometre çenli deňiz çägine eýe bolýar hem-de deňizden öz suwlarynyň halkara çäklerinden aňyrda hem peýdalanyp bilýär. Eger Hazar kanun taýdan köl kabul edilse, onda bu kölden, bäş tarapyň razyçylygyny almazdan, hiç kim peýdalanyp bilmeýär.
2018-nji ýylda kabul edilen Kaspi Konwensiýasy bilermenlere görä, Hazaryň hukuk durumyny doly kesgitlemekden ejiz geldi, sebäbi bu Konwensiýa deňiz ýatagynyň özara bölünişigini doly aýdyňlaşdyrmady.
Degişli maglumat Putin uruş başlaly bäri amala aşyrýan ilkinji daşary ýurt saparlarynyň çäginde Türkmenistana barýarHazaryň deňiz ýatagynda 50 milliard barrel töweregi nebit gorlarynyň, 9 trillion kub metr töweregi tebigy gaz gorlarynyň bardygy çaklanýar.
Lawrow Altynjy Hazarýaka sammitinde Kaspi Konwensiýasynyň “ämiýetiniň nygtaljakdygyny” aýtsa-da, bilermenlere görä, Hazaryň deňiz statusy Eýrany kanagatlandyrmaýar. Sebäbi Hazaryň Eýrana düşýän paýynyň tebigy baýlygy az, suwy has duzly we çuň. Bilermenlere görä, Eýran Hazaryň baýlyklarynyň bäş kenarýaka ýurduň arasynda deň derejede (20 %) bölüşilmegini goldap çykyş edýär. Ýöne Gazagystan muňa garşy çykýar, sebäbi Hazaryň Gazak tarapy nebit we tebigy gaz gorlaryna baý bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Hazarüsti gaz geçiriji arkaly öz tebigy gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa satmak isleýär, ýöne Russiýa we Eýran daşaky gurşaw aladalaryna salgylanyp muny ret edýär.
Bu aralykda, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Kaspi Konwensiýasyna gol çekilmeginiň yz ýany, 2021-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky dawaly uglwedorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek babatda ylalaşdy we ozal Türkmenistanda “Serdar”, Azerbaýjanda “Kepez” atlandyrylan ýangyç känini “Dostluk” atlandyrdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.