Berdimuhamedowlar türk işewürleri bilen 'özara bähbitli hyzmatdaşlygy' maslahatlaşýar

Aşgabat. 2020-ji ýylyň iýulyndaky surat

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji iýunda öňki ýyllarda Türkmenistanda uly gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçiren türk işewürleriniň birnäçesini kabul etdi, olaryň arasynda "Polimeks" kompaniýasynyň başlygy Erol Tabanja hem bar.

TDH “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygyň, “Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanayi Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjanyň we “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagyň döwlet ýolbaşçysy we ozalky prezident bilen duşuşyp, “özara bähbitli hyzmatdaşlygy" dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirendiklerini habar berdi.

S.Berdimuhamedow “bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýän” türk işewürlerine Türkmenistanyň “ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny” aýtdy.

Degişli maglumat G.Berdimuhamedow "Altkomyň" başlygyny kabul etdi, habarda Ukraina agzalmaýar

Türkiýeli hyzmatdaşlar “özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge mundan beýläk-de örän jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy” diýip, habarda bellenýär.

“Azatlyk” radiosy mundan öň G. Berdimuhamedowyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanan Erol Tabanjanyň “Polimeks” kompaniýasynyň Türkmenistandaky hyzmatdaşlary bilen arasynda dörän düşünişmezlikler barada habar beripdi, emma resmi Aşgabat syzyp çykan maglumatlara hiç bir düşündiriş bermedi.

E.Tabanjadan tapawutlylykda, Türkmenistanda garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan uly döwlet taslamalary ynanylan we öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanan Ahmet Çalyk, 2007-nji ýyldan soň öňki täsirini ýitiren hem bolsa, resmi Aşgabat bilen gatnawyny belli derejede saklap galdy.

TDH onuň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň dürli ulgamlara, hususan-da, elektroenergetika, saglygy goraýyş ulgamlaryna degişli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygyny, döwlet baştutanynyň Ahmet Çalyk bilen “hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini” hem maslahatlaşandygyny belleýär, emma anyk bir zat aýtmaýar.

Degişli maglumat Algyly kompaniýalar Aşgabady suda bermek üçin nobata durýar, synçylar hökümeti gurluşyklary togtatmaga çagyrýar

Hyzmatdaşlyga täzeçillik esasynda çemeleşýändigini, Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny nygtap, prezident “Rönesans Holding” kompaniýasynyň işine ýokary baha berdi we Erman Ylyjaga Türkmenistanyň ýurda türk kompaniýalarynyň “innowasion häsiýetli işläp taýýarlamalaryny çekmegi ugur edinýändigini” aýtdy.

G.Berdimuhamedowyň 15 ýyllyk prezidentliginiň soňky ýyllarynda hökümet taslamalaryny ýerine ýetiren türk kompaniýalary bilen arada dürli görnüşdäki düşünişmezlikler köpeldi we, daşary ýurt habar serişdelerine syzyp çykan dawalar barada hiç bir habar bermeýän türkmen mediasy ýerli gurluşyk kompaniýalaryna ynanylýan uly gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişi we ulanylmaga berlişi hakynda, ýerli metbugata mahsus ýagdaýda, dabaraly habarlary bermek bilen meşgullandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.