27-nji iýunda Türkmenistanyň paýtagynda we sebitlerinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gurnalan baýramçylyk dabaralary geçirildi, beýik şahyryň heýkellerine gül çemenleri goýuldy.
TDH Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän ak öý binasynda geçirilen döredijilik agşamyna prezident Serdar Berdimuhamedowyň we öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem gatnaşyp, baýramçylyk gutlagy bilen çykyş edendigini habar berdi.
Konsertde uly Berdimuhamedowyň döreden “Leýlisaç barada rowaýat”, “Ak güllerim saňa”, “Ýadymda”, “Bagt nury” diýen aýdymlarynyň “tomaşaçylar tarapyndan uly şowhun bilen garşy alnandygy”, bilelikde ýerine ýetirilen “Alkyşnama” aýdymynyň “asylly işlere” “özboluşly alkyş bolup ýaňlanandygy” aýdylýar.
G.Berdimuhamedowyň at üstündäki heýkeliniň dürli öwüsginli çyralar bilen bezelen suraty “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňünde ýerleşdirilen sahnany bezedi we, synçylaryň köpüsiniň pikirlerine görä, ozal maý aýynda bellenen Magtymguly günleriniň tomsuň ortasyna, G.Berdimuhamedowyň doglan güni bilen jemlenýän Medeniýet hepdeligine goşulmagy beýik şahyryň halk içindäki abraýyndan syýasy peýda görmek synanyşygy bilen bagly.