Awazada dynç alyş möwsümi başlady, bahalar 130%-e çenli ýokarlandy

Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň çäginde, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän "Awaza" syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň başlamagy bilen, sebitde azyk harytlarynyň, transport hyzmatlarynyň, alkogol içgileriniň we temmäki önümleriniň bahasy 60%-den 130%-e çenli gymmatlady.

Azatlyk Radiosynyň bu barada sebitden maglumat berýän habarçysy soňky birnäçe günüň dowamynda şäheriň bazarlarynda bir kilogram etiň bahasynyň 60 manatdan 100-120 manada ýokarlanandygyny aýdýar.

Mundan bir aý ozal 10 manatdan bahalanan tamdyr çöregi 20 manada gymmatlady. Üzümiň, kartoşkanyň we towuk etiniň bahasy hem tas iki esse ýokarlandy. Häzirki wagtda bir kilogram üzüm 50 manat, kartoşka 20 manat we towuk eti 60-80 manat aralygynda bahalanýar.

"Aşgabatda we welaýatlarda bir sany garpyz 20 manatdan satylýan bolsa, Türkmenbaşyda onuň bahasy 40 manada ýetdi" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat Awazada täze kottežleri gurýan firmalar öz işgärlerine üç aý bäri hak tölemeýär

Awazada dynç alyş möwsüminiň başlamagy Türkmenbaşyda alkogol içgileriniň we temmäki önümleriniň söwdasyny hem janlandyrdy. Daşary döwletlerden import edilen konýak we wino içgileri azyndan 50% gymmatlady.

"Çilimiň bahasy hem azyndan 70% ýokarlandy. Ozal bir gutusy 120 manat bahalanan çilim häzir 200 manatdan, 100 manatdan satylan çilim 170 manatdan, 250 manatdan satylan başga bir çilim 400 manatdan satylýar" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran ýerli telekeçi aýtdy.

Sebitde dynç alyş möwsüminiň başlanmagy döwlet taksileriniň nyrhyna hem täsir ýetirdi. Müşderiler ozal 30 manat tölän aralygyna häzir 60-80 manat töleýärler.

"Taksileriň hiç biriniň taksometrleri işlemeýär. Döwlet taksilerinden başga awtoulaglar Awaza goýberilmeýär. Bäsdeşsiz döwlet taksileri müşderilerden islän bahasyny alýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyz Awaza bilen Türkmenbaşy aralygynda mikroawtobuslaryň gatnawynyň hem ýola goýulmandygyny, jemgyýetçilik awtobuslarynyň her 1 sagat 30 minutda bir gezek ugraýandygyny hem aýtdy.

"Awtobuslar pyşbaga hereketi bilen gatnaýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjy sözüne goşdy.

Habarçymyz bu gymmatlamanyň, ýiti ykdysady kynçylyklar sebäpli ozal hem maşgala oňuşygy kyn bolan köp hojalyga agyr täsir ýetirýändigini aýdýar.

"Awazada dynç alyş möwsümi gutarýança, üç aýlap gaty çörek bilen suw içip, kelem çorba bişirip, gün görmeli boljak. Sebäbi häzirki girdejimiz bilen bazar çykdajylarymyz düýbünden gabat gelmeýär" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Degişli maglumat Awazada dynç alyş möwsümi gutaransoň, myhmanhanalar 1600 töweregi işgärini işden boşatdy

2007-nji ýylda Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň türkmen kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek barada karar kabul etdi. Şondan soňky ýyllarda sebitde myhmanhanalaryň onlarçasy gurlup, ulanylmaga berildi.

Tomus aýlarynda bu myhmanhanalarda, habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, her ýyl müňlerçe türkmenistanly dynç alýar. Harytlaryň gymmatlamagy bilen bagly ýagdaý her ýyl dynç alyş möwsüminiň açylmagy bilen, tomus paslynyň birinji aýynda ýüze çykýar we sentýabr aýyna çenli dowam edýär.

Habarçylarymyz pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli 2020-2021-nji ýyllaryň tomus aýlarynda dynç alyş möwsüminiň gowuşgynsyz bolandygyny hem aýdýarlar. Ýöne olar bu ýyl çäklendirmeleriň köpüsiniň bölekleýin ýatyrylmagy bilen, sebitde dynç alyş möwsüminiň janlanýandygyny belleýärler.

Bu aralykda, habarçymyz Awazadaky käbir myhmanhanalarda nyrhlaryň hem gymmatlandygyny habar berýär. Onuň sözlerine görä, dynç almaga baran türkmenistanlylar ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlary üçin geçen ýyl günde 90 manat töleýärdiler. Bu ýyl bu hyzmatyň bahasy iki esse gymmatlap, 180 manada ýokarlandy.

"Bahalara gözegçilik edýän döwlet edarasy ýok. Döwlet taksileri, telekeçiler we beýleki söwdegärler - bularyň hemmesi, dynç alyş möwsüminde bolup bildiginden pul gazanmaga çalyşýar. Ýönekeý ilatyň aladasyny edýän hiç kim ýok" diýip, ýerli ýaşaýjy sözüni jemledi.

Degişli maglumat Çeşme: Berdimuhamedowyň Awazada maşgalasy bilen dynç almagyna garaşylýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.