Türkmenistanda howanyň gyzgyny rekord derejelere çykýar

Arhiw suraty

Türkmenistanda howanyň gyzgyny ýene-de adatdan daşary derejelere ýetdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri “Meteožurnala” salgylanyp habar berýär.

Aşgabatda howanyň gyzgyny kölegede 45 derejä ýetdi, birnäçe sebitde rekord görkezijiler bellige alyndy: Saragtda - 45,9 dereje, Ýerbentde - 45.5, Serdar şäherinde (Gyzylarbat) - 44, Baýramalyde - 44.8.

Şeýle-de neşir howanyň gyzmagynyň 27-29-njy iýunda has ýokary derejelere çykjakdygyny, paýtagtda howanyň temperaturasynyň 47 gradusa, rekord derejä ýetip biljekdigini duýdurýar.

Habarda aýdylmagyna görä, soňky ýyllarda ýyllaryň aşa yssy gelmegi ýygjamlaşýar we 100-135 ýyl aralygyndaky iň yssy ýyllaryň köpüsi soňky birnäçe ýyla düşýär.

2015, 2018, 2019 we 2021-nji ýyllaryň tomus aýlary Türkmenistan üçin iň yssy aýlar boldy. Mundan ozal ýyllaryň yssy gelmeginde beýle ýygylyk görülmändi diýip, habarda bellenýär.

Aşa yssy howanyň sebitiň beýleki ýurtlaryndan hem sowa geçmejekdigi, Eýranyň käbir ýerlerinde howanyň temperaturasynyň 50 derejä, Owganystanda we Pakistanda - 49, Özbegistanda 47, Yragyň günortasynda 50 derejelerine çenli ýetip biljekdigi aýdylýar.