Hazarýaka sammitde Kaspiniň hukuk durumy baradaky Konwensiýanyň ‘ähmiýeti tassyklanar’

Kaspi

Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň Aşgabatda geçjek VI sammitiniň dowamynda Kaspi deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýanyň ähmiýeti tassyklanar diýip, rus daşary işler ministri Sergeý Lawrow 24-nji iýunda mälim etdi. Bu barada TASS gullugy habar berýär.

29-njy iýunda geçjek sammite Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowdan başga-da, beýleki hazarýaka döwletleriň liderleriniň, ýagny Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisiniň, şeýle-de fewralda Ukraina essasyz çozan Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň soňky sapar, ýagny 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçiren sammitiniň dowamynda ylalaşylypdy.

Ýöne ondan bäri geçen döwrüň dowamynda dünýäde we sebitde köp zat üýtgedi. Gazagystan, Türkmenistan we Eýran prezident çalyşdy, dünýä pandemiýa sebäpli agdar-düňder boldy we Russiýa Ukraina goşun girizdi.

Dört ýyl ozal gol çekilen konwensiýa, göräýmäge, hazarýaka ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň Hazaryň astyndan transmilli gaç geçiriji çekmegine rugsat beräýjek ýalydy, ýöne hususan-da Russiýa we Eýran daşky gurşaw aladalaryna salgylanyp, şeýle taslamalary oňlamaýandygyny ýaňzydyp gelýär.