Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýurtda täze desgalaryň gurluşygynyň depgini gowşamaýan mahaly, "Awaza" syýahatçylyk zolagynda täze myhmanhanalar toplumyny gurýan firmalar öz işgärleriniň zähmet haklaryny indi üç aý bäri tölemeýärler.
"Biz zähmet haklarymyzy mart aýyndan bäri alyp bilmeýäris. Iki firmanyň ýolbaşçylary bizi ýalan wadalar bilen işledýär" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran gurluşyk işçisi 24-nji iýunda habarçymyza gürrüň berdi.
Zähmet haklaryny alyp bilmeýän gurluşyk işçileriniň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, aýlyk alyp bilmeýän işçileriň anyk sany belli däl.
Degişli maglumat Maý - Berdimuhamedowlaryň täze gurluşyk meýillerine baý boldy"Hususy gurluşyk firmalary aýlyklaryň tölenmezliginiň sebäplerini "döwlet tarapyndan pul geçirilmeýändigi" bilen düşündirýärler. Ýurtda iş tapmagyň gaty kyndygy sebäpli, hemmeler alaçsyz işläp ýör" diýip, ýene bir işçi aýtdy.
Azatlyk Radiosynda gürrüňi edilýän gurluşyk firmalarynyň doly atlary bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar. Redaksiýamyz firmalar bilen habarlaşyp, kommentariýa hem alyp bilmedi.
Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, bu firmalar we olaryň işçileri ilat arasynda "Awaza 2" diýlip atlandyrylýan täze myhmanhanalar toplumynyň gurluşygyny amala aşyrýarlar.
Bu toplum "Rowaç" we başga-da ýüzlerçe kottežler toplumyny öz içine alýar. Täze myhmanhanalar toplumy “Tolkun” ýahta-klubunyň golaýynda, Awazanyň günbatar böleginde gurulýar.
Resmi metbugatyň 2018-nji ýylyň iýunynda beren maglumatynda Awazada, deňziň kenarynda 1080 orunlyk 63 sany täze kottež toplumyny gurmagyň meýilleşdirilýändigi habar berildi. Şeýle-de, habarda toplumyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine girýän kärhanalaryň paýlary esasynda gurulýandygy hem aýdyldy. Ýöne Azatlyga häzirki gürrüňi edilýän toplumyň dört ýyl mundan ozal planlaşdyrylan kottež toplumymy ýa-da däldigini anyklamak başartmady.
Habarçymyz toplumyň gurluşygyna girişileni bäri dört sany gurluşyk firmanyň işçileriň zähmet haklaryny bermän, gurluşygy tamamlaman, öz işlerini taşlap gidendigini hem aýtdy. Onuň sözlerine görä, şol firmalar hem, munuň sebäplerini "döwlet tarapyndan özlerine pul geçirilmeýändigi" bilen düşündirdirler.
Degişli maglumat Aşgabatda agyz suw işgärleriniň aýlyklary we döwlet kömek pulunyň möçberi duýdansyz kemeldildiGurluşyk işçileri toplumyň gurluşygyna başlan we häzirki wagtda dowam etdirýän firmalaryň "prezidentiň ýakyn töweregine degişli adamlaryň eýeçiligindedigini" aýdyp, adatça bu firmalaryň işçileriň aýlyklaryny öz wagtynda berendigini hem belleýärler.
"Ykdysady krizis bu firmalara hem zarba urana meňzeýär" diýip, balkanly işçi aýtdy.
Soňky ýyllarda öz garaşsyzylygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýän Türkmenistanda işgärleriň aýlyklarynyň öz wagtynda berilmezligi bilen bagly ýagdaý ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Şeýle-de, ýurtda raýatlaryň zähmet haklaryny nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklar saklanyp galýar. Ýurduň dürli sebitlerindäki bankomatlarda nagt pul köplenç tapdyrmaýar.
Hazar deňziniň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky karar öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçen ýylynda, 2007-nji ýylda kabul edildi. Şondan bäri bu zolagyň gurluşygy üçin milliardlarça dollar sarp edildi.
Synçylar türkmen häkimiýetleriniň Türkmenistana daşary ýurt syýahatçysyny çekmekde ýeterlik tagalla etmeýändigine we ykdysady kynçylyklar sebäpli, içerki syýahatçylygyň gowuşgynsyzdygyna ünsi çekip, gurulýan myhmanhanalaryň köplenç boş durýandygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Awazada dynç alyş möwsümi gutaransoň, myhmanhanalar 1600 töweregi işgärini işden boşatdyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.