29-njy iýunda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň VI sammiti geçiriler. Bu barada Turkmenportal.com neşiri Russiýanyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowanyň beýanatyna salgylanyp habar berýär.
Beýanata görä, sammitiň öň ýany hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň geçirilmegine garaşylýar. Bu ýygnaga gatnaşmak üçin Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 28-nji iýunda Türkmenistana sapar eder.
Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow 23-nji iýunda žurnalistler bilen geçiren metbugat ýygnagynda rus prezidenti Wladimir Putiniň hem Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada sapar etjekdigini aýtdy. Bu barada rus metbugaty habar berdi.
Şeýlelikde, hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň VI sammitine Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň döwlet metbugatyna görä, Hazarýaka sammiti “sebitde hyzmatdaşlyga itergi bermäge, sebitiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga we olary çözmek üçin bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga” mümkinçilik berýär.
Bu sammit geçen 2021-nji ýylda geçirilmelidi, ýöne koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda onuň möhleti yza süýşürildi.
Degişli maglumat ÝB bilen Türkmenistan türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça çarçuwaly ylalaşygyň üstünde işleýärSoňky sapar hazarýaka döwletleriň baştutanlary 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde duşuşyp, Hazaryň hukuk durumy babatda ylalaşdylar. Ýöne ondan bäri geçen döwrüň dowamynda dünýäde we sebitde köp zat üýtgedi. Gazagystan, Türkmenistan we Eýran prezident çalyşdy, dünýä pandemiýa sebäpli agdar-düňder boldy we Russiýa Ukraina goşun girizdi.
Dört ýyl ozal gol çekilen konwensiýa, göräýmäge, hazarýaka ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň Hazaryň astyndan transmilli gaç geçiriji çekmegine rugsat beräýjek ýalydy, ýöne hususan-da Russiýa we Eýran daşky gurşaw aladalaryna salgylanyp, şeýle taslamalary oňlamaýandygyny ýaňzydyp gelýär.
Hazar deňziniň hukuk durumynyň we onuň töweregindäki ähli ylalaşyklaryň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bar. Sebäbi energiýa serişdelerine baý Türkmenistan, her näçe türkmen hökümeti, synçylara görä dogumly yglan etmese-de, Hazar deňziniň astyndan gaz geçiriji çekip, Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä, ondan aňry Ýewropa ýurtlaryna gaz eksport etmek isleýär. Türkmenistanyň hökümeti özüniň ýangyç eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak isleýändigini mälim edip gelýär. Häzirki wagtda Türkmenistan energiýa söwdasy babatda diňe diýen ýaly Hytaýa garaşly galýar.
Russiýanyň öz goňşusy Ukraina 24-nji fewralda esassyz goşun girizmeginiň yz ýany Moskwa Günbatar sanksiýalaryna duçar bolup, ýangyç bazarlary çaýkanýan mahaly, synçylar energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň öz eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda aýratyn tagalla etmeginiň tüýs wagtynyň gelendigini aýdýarlar.
Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň professory we Ýewraziýa boýunça bilermen Luka Ançeski 23-nji iýunda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde dünýäde we sebitde emele gelen soňky ýagdaýlaryň energiýa söwdasy babatda Türkmenistanyň bähbitlerine hyzmat edýändigini, ýöne muňa garamazdan türkmen hökümetiniň Hazardaky energiýa taslamalary babatda dogumly çykyş etmeýändigini, ýa-da etmek islemeýändigini aýtdy.
Synçynyň sözlerinden çen tutulsa, uruşdan bähbit aramak dogry däl, ýöne emele gelen ýagdaýlar ýewraziýanyň energiýa serişdeleriniň günbatar sary iberilmegi babatda tagalla etmäge esas döredýär.
Degişli maglumat Orsýet Türkmenistanyň Azerbaýjanyň üstünden ÝB ýurtlaryna gaz ibermegine garşy durýar“Hususan-da ýewraziýa gazynyň günbatar bazarlaryna, aýratyn-da Ýewropa Bileleşigi bazarlaryna iberilmegi babatda aýdylanda, türkmen hökümeti üçin ‘biz taslamalar boýunça mümkinçilikleri gözden geçirmäge, günbatar bilen ýa-da islendik taraplar bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýäris” diýmegiň tüýs wagty. 2018-nji ýylda gol çekilen Hazar konwensiýasy aslynda bu babatda hyzmatdaşlyga rugsat berýär, ýöne Hazarda serişdeleriň dolandyrylmagy babatda daşky gurşaw böwedini goýýar” diýip, Ançeski aýtdy.
Ýöne synçy Türkmenistanyň Hazarda ýangyç serişdeleriniň dolandyrylmagy, Hazarüsti energiýa taslamalary babatda aç-açan we dogumly çykyş etmeýändigini aýtdy.
Synçynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň dolandyryjylary Hytaýdan gelýän ýangyç girdejileri bilen kanagatlanýan çemeli.
Türkmenistan 2016-njy ýyldan bäri ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Pandemiýa bilen bagly girizilen çäklendirmeler ilatyň durmuşyny, ykdysady mümkinçiliklerini has-da agyrlaşdyrdy.
“Häzir Türkmenistan üçin täze strategiýa alyp barmagyň tüýs wagty. Sebäbi, ýewropa ýewraziýasynyň täze geopolitiki sazlamalary, gynansak-da şeýle, ýöne Türkmenistanyň bähbidine emele gelýär we bu Türkmenistan üçin oňyn waka. Häzir Türkmenistanda öndürilýän gaza talap bar, ýöne ýurduň elita gatlagy muňa hiç hili reaksiýa görkezmeýär. Meniň pikirimçe, bu Türkmenistan üçin nobatdaky elden giderilen pursat bolar” diýip, bilermen aýtdy.
Türkmenistanly ekspert Serdar Aýtakow Hazaryň hukuk durumy bilen bagly meseläniň Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň golaýda Tährana amala aşyran saparynda-da, Moskwa amala aşyran saparynda-da maslahat edilendigini aýtdy.
Degişli maglumat Russiýa türkmen gazynyň ýewropa bazarlaryna iberilmeginiň “öňüni baglaýar”Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) prezident Serdar Berdimuhamedow we onuň eýranly kärdeşi Ebrahim Raisiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde “Hazar bilen baglanyşykly meseleleriň ara alyp maslahatlaşylandygyny” we “Hazarýaka döwletleriň sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy goldamakda, Hazarda ykdysady ösüşi ilerletmekde esasy orny eýeleýändiklerini belländiklerini” habar berdi.
Ýöne ýerli synçy Eýranyň parlamentiniň Hazar konwensiýasyny heniz tassyklamandygyna ünsi çekip, bu ýagdaýyň Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň Altynjy sammitiniň guramaçysy bolan Türkmenistan üçin, Hazar konwensiýasynyň güýje girizilmegi babatda aladalanmaga doly esas bolup durýandygyny aýdýar.
Hazarýaka döwletleriň Altynjy sammitiniň geçirilýän güni, 29-njy iýun, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, “il ýaşulysy” Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe gabat gelýär. Berdimuhamedow 29-njy iýunda 66 ýaşa gadam basar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.