Balkanda zenan sürüjilere gözegçilik güýçlendi

Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy (PÝGG) zenan sürüjilere gözegçiligi güýçlendirdi. Polisiýa işgärleri ulag sürüp barýan zenanlary saklap, dürli bahalar esasynda, olaryň sürüjilik şahadatnamalaryny alýarlar we ulaglaryny polisiýanyň duralgasyna alyp gidýärler.

Şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolan balkanly ençeme zenanyň anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň bermegine görä, indi bir hepde bäri ýol polisiýasy aýal sürüjilere garşy reýd geçirýär.

"PÝGG-niň işgärleri käbir zenan sürüjilere ulagynda goşmaça enjamyň bardygyny, ýagny goşmaça enjam dakdyrandygyny baha edýärler. Şol enjamy dakmaly däldigi baradaky karary ýa kanuny görkezmeýärler. Şuňa meňzeş aýyplamalar esasynda başga-da onlarça zenan sürüjiniň sürüjilik şahadatnamasy alnyp, ulaglary jerime duralgasyna äkidildi" diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran zenan sürüji aýtdy.

Onuň sözlerine görä, aýal-gyzlaryň ençemesi PÝGG-niň bu çärelerine nägilelik bildirip, Türkmenbaşy şäher häkimligine arz-şikaýat bilen ýüz tutupdyr we çäre görülmegini talap edipdir.

Degişli maglumat Ýol polisiýasy aýal sürüjilere böwet bolýar

Ýöne häkimligiň işgärleri aýal-gyzlaryň şikaýatlaryny derňäp, olara çözgüt tapmagyň ugurlaryny gözlemegiň deregine, zenan sürüjileri "ýaş erkeklere göz süzdürmekde" aýyplapdyrlar.

"Häkimiň bir bölüminiň aýal kätibi "Aýallara ulag dolandyrmak nämä gerek? Baryň, öýüňizde çagalaryňyza, gaýynlaryňyza serediň. Köçeden bäri geleňizok. Ýaş erkeklere göz gyzdyryp utanaňyzokmy? Ene, mamalaryňyz maşyn sürüpdirmi? Sähel erkinlik berdigi depä çykyp barýaňyz" diýip, arza-şikaýat bilen baran aýal-gyzlaryň ählisini kowup goýberdiler" diýip, zenan sürüji gürrüň berdi.

Azatlykda bu kätibiň şahsyýeti barada doly maglumat bolsa-da howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar. Şeýle-de, Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenbaşy şäher häkimliginden we polisiýa müdirliginden kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 21-nji iýunda telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistanyň Konstitusion kanunyň 29-njy maddasynda "Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr" diýilýär. Bu maddada deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagynyň kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýändigi hem aýdylýar.

Şeýle-de, Türkmenistanda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklydygyna ýurduň "Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakyndaky" kanunynda hem kepil geçilýär.

Degişli maglumat Türkmen deputaty aýallar üçin kosmetiki gadaganlygy 'sanitariýa' sebäbi bilen düşündirdi

Muňa garamazdan, Türkmenistanda häkimiýetleriň zenan sürüjileriň ulag dolandyrmagyny çäklendirmek çäreleri indi bäş ýyla golaý wagt bäri dowam edýär. Häkimiýetler bu çärelerini wagtal-wagtal güýçlendirýärler. Aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamalary dürli bahanalar esasynda elinden alynýar we soňra yzyna berilmeýär. Şeýle-de, aýal-gyzlaryň möhleti dolan sürüjilik şahadatnamalaryny täzelenip berilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we türkmenistanlylar yzygiderli habar berýärler.

Balkanda zenan sürüjilere garşy görülýän soňky çäreler, ýurtda aýal-gyzlara garşy gözegçilikleriň güýçlendirilen, olaryň daşky keşpleri, şol sanda egin-eşikleri we kosmetiki hyzmatlardan peýdalanmak mümkinçilikleri bilen bagly gadagançylyklaryň ençemesiniň girizilen mahalyna gabat geldi.

Bu gadagançylyklar prezident Serdar Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmeginiň yz ýany, şu ýylyň aprel aýyndan başlap güýje girizilip başlandy.

Ýurtda aýal-gyzlara girizilen bu çäklendirmeler we gadaganlyklar Türkmenistanyň BMG-Zenanlar edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine üç ýyl möhlet bilen agza bolmagynyň birinji ýylynda amal edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.