Täjigistanyň sudy saklanan blogerleriň birini iki aý tussaglyga höküm

Abdullo Gurbati we Daleri Imomali

Täjigistanyň sudy häkimiýetleri tankytlaýan we ýakynda paýtagt Duşenbede tussag edilen iki meşhur blogçynyň birini iki aý möhletli deslapky tussaglyga höküm etdi.

Bu iş metbugat azatlygy boýunça halkara guramalar tarapyndan ýazgaryldy.

Aklawçy Abdullo Gurbatiniň 18-nji iýunda gizlinlikde geçirilen diňlenişikde iki aý tussaglyga höküm edilendigini onuň garyndaşlaryna aýtdy.

Gurbati we onuň kärdeşi Daler Imomali 15-nji iýunda polisiýa sorag edişlige çagyrylandan soň tussag edildi.

18-nji iýunda giçlik sud diňlenişiginiň geçişine syn üçin gelen garyndaşlaryň we žurnalistleriň arasynda alada döredi. Tussaglaryň deslapky tussaghanada ýa-da Şohmansur etrap sudunda saklanjagy baradaky resmi maglumatlar gapma-garşy boldy.

Brogçylara tussag edileli bäri garyndaşlary bilen görüşmäge rugsat berilmedi.

Häkimiýetler Gurbatini Şohmansur polisiýa merkezinde bir polisiýa işgärini urmakda aýyplaýarlar, bu jerimäni ýa-da iki ýyl azatlykdan mahrum edilmek jezasyny göz öňünde tutýar.

Ony goraýan adwokat Abdurahmon Şaripow Gurbatiniň sud diňlenişiginde özüne bildirilen aýyplamalary ýene bir gezek ret edendigini aýtdy.

Prokurorlar bu iş barada resmi düşündiriş bermediler.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasy Täjigistanyň hökümetini blogerleri žurnalistika işi üçin yzarlamakda tankytlady we olary dessine boşatmaga çagyrdy.