Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýal dogany Gülnabat Dölwetowa ýurduň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Azatlyk Radiosynyň çeşmesine görä, bir wagtlar täsirli bolan Döwletowa ýegeniniň - ýurduň häzirki döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň buýrugy bilen işden boşadylypdyr. Çeşme bu çäräni, täze prezidentiň garyndaşlarynyň zäherli abraýyndan dynmak arkaly öz abraýyny ýokarlandyrmak synanyşygy hökmünde düşündirýär.
60 ýaşly Gülnabat Döwletowanyň ýurduň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň başlygy wezipesinden boşadylandygy barada garaşsyz neşir turkmen.news ilkinji bolup habar berdi. Ýöne Azatlygyň çeşmesi bu barada maý aýynyň başynda habar beripdi. Onuň maglumatlaryna görä, Döwletowa ýegeniniň, täze saýlanan prezident Serdar Berdimuhamedowyň buýrugy esasynda baryp 20-nji aprelde işden boşadyldy. Azatlyk bir çeşmeden gelen maglumaty heniz hem tassyklap bilmedi, ýöne turkmen.news bu maglumatlary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki çeşmesine salgylanyp, 13-nji iýunda tassyklady.
Degişli maglumat Ilatdan hökmany maddy goşantlaryň sanawy barha artýar, "Gyzyl Haç we ýarymaý" üçin nobat ýetdiAzatlygyň çeşmesiniň maglumatlaryna görä, Serdar Berdimuhamedowyň daýzasyny bu wezipeden aýyrmak karary, garyndaşlarynyň zäherli abraýyndan dynmak we olaryň täsirini azaltmak arkaly, onuň öz abraýyny ýokarlandyrmak synanyşygy bilen baglanyşykly.
“Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti haýyr-sahawat guramasy ýaly bolup görünse-de, Gülnabat (Döwletowa) oňa goşulandan soň, ony özüniň korrupsiýa shemasynyň guralyna öwürdi. Mysal üçin, ynsanperwer kömegi hökmünde gelen derman serişdeleri onuň dermanhanalar ulgamy tarapyndan gaýtadan satyldy. Mundan başga-da, gurama telekeçilere garşy talaňçylyk guralyna öwrüldi. Her bir hususy telekeçi hem pulda, hem-de harytda haýyr-sahawat bermäge borçlydy. Ol (Döwletowa) hemme zady, şol sanda iýmit, eşik we beýleki harytlary alýardy. Sadakalar haýyr-sahawat işlerine goýberilmelidi, ýöne hemme zat Gülnabadyň jübüsine gidýärdi. Uly pula bolan isleg, jezasyzlyk ony “sultana” - zalyma öwürdi. Bu barada hemmeler bilýärdi, Serdar köp wagtdan bäri daýzasynyň we beýleki garyndaşlarynyň kakasynyň abraýyny pese gaçyrmagyny halamaýardy. Indi ol häkimiýeti öz golnuň astyna geçirenden soň, myş-myşlaryň soňuna ýetmek kararyna geldi" diýip, çeşme belledi.
Turkmen.news neşiri, haýyr-sahawat guramasy bolan Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň, mysal üçin, 2020-nji ýylyň ýazynda Lebap we Mary welaýatlarynda turan tupandan ejir çekenlere hiç hili kömek bermändigini ýatladýar.
Çeşmämiziň tassyklamagyna görä, prezidentiň täsirli daýzasynyň wezipeden çetleşdirilmeginiň ýene bir sebäbi, onuň başga bir umumy garyndaş - Şamyrat Rejepow bilen gatnaşygy bilen ilteşikli. Ş.Rejepow ýurduň öňki prezidentiniň beýleki aýal doganynyň ogludyr we şol bir wagtda, ol Döwletowanyň giýewidir.
Degişli maglumat Berdimuhamedowyň körekeniniň 1 million dollarlyk sagatlary we kaşaň durmuşy“Şamyrat ýegen we söýgüli giýew hökmünde Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň mümkinçiliklerini öz maksatlary üçin ulandy. Mysal üçin, jemgyýetiň üsti bilen ulanyş möhleti geçen çilimler, konserweler we beýleki azyk önümleri ýurda getirildi. Türkmenistanda bu harytlaryň gytçylygy göz öňünde tutulanda, olaryň hemmesi aňsatlyk bilen satyldy" diýip, çeşme aýtdy.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetinden kommentariýa alyp bilmedi.
Ýöne “turkmen.news” neşiri Şamyrat Rejepowyň Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň baş müdiri wezipesini eýelän daýzasynyň we gaýynenesiniň işleri bilen ýakyn arabaglanyşygynyň bolandygyny belleýär.
“Ol Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň zerurlyklary üçin kanunda göz öňünde tutulan paçsyz import hukugyndan peýdalanýardy. Ol satmak üçin ýurda haryt getirýärdi we özüniň gazanç etmegi üçin öz-özüni goldaýan kärhanalary açdy. Mysal üçin, Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň howandarlygynda açylan dermanhanalary Berdimuhamedowyň we Döwletowanyň ýegeni Şamyrat Rejepow dolandyrýardy" diýip, neşir ýazýar.
Şeýle-de, “Turkmen.news” Serdar Berdimuhamedowyň prezident saýlanmazdan ozal Şamyrat Rejepowyň täsirini pese gaçyryp başlandygyny ýatladýar. 2021-nji ýylyň dekabrynda premýer-ministriň orunbasary hökmünde S.Berdimuhamedow Rejepowa degişli Aşgabat dükanlarynyň toruny ýapmagy we onuň ýakyn dosty Maksat Baýramowy tussag etmegi buýurdy. Baýramow il arasynda "Ors bazary" diýlip tanalýan paýtagtyň "Gülistan" söwda toplumyna gözegçilik edýärdi.
Degişli maglumat Çeşme: Berdimuhamedow ýegeni Şamyrat Rejepowy Daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemekçiÇeşmämiz Döwletowanyň işden boşadylmagynyň ýagdaýlary barada hem gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, Serdar Berdimuhamedowyň daýzasyny wezipeden boşatmak baradaky buýrugy belli bolansoň, 20-nji aprelde Gülnabat Döwletowa Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň Aşgabatdaky ofisine geldi we bu ýerini "derbi-dagyn" etdi.
“Ol öz ofisini derbi-dagyn etdi. Ol mebelleri döwdi, zatlary dargatdy we gap-gaçlary döwdi. Onuň ofisi gymmat bahaly mebeller we gymmat bahaly zatlar bilen enjamlaşdyrylandy. Onuň otagyna, öňünden jaň etmän, hiç kim girip bilmezdi. Eger ol kimdir birini çagyrsa, şol adam köwşüni çykaryp, “sultana” baş egip, onuň otagyna girerdi. Emma indi hemme zat ofisden çykaryldy we ol häzir boşap galdy "diýip, Azatlygyň çeşmesi maý aýynyň başynda aýdypdy.
60 ýaşly Gülnabat Döwletowa Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bäş aýal doganynyň ikinjisidir. Ol 2014-nji ýylda Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň başlygy wezipesine bellenmezinden ozal, paýtagtyň etrap häkimlikleriniň birinde işledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.