Türkmenler Serdar Berdimuhamedowyň Eýrana amala aşyrýan resmi saparyndan nämä garaşmaly?

Eýran yslam respublikasynyň esaslandyryjysy Aýatollah Homeýniniň Tährandaky mawzoleýi. 4-nji iýun, 2017 ý. Arhiw suraty.

Ýaş Berdimuhamedow ilkinji resmi saparlaryny iň köp halkara sanksiýa girizilen ýurtlara, Russiýa we Eýrana amala aşyrdy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýunda iki günlük resmi sapar bilen Eýrana barýar. Bu barada Eýranyň "Mehr" habarlar agentligi habar berýär.

Eýran metbugatyna görä, saparyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin birnäçe resminama gol çekilmegine garaşylýar. Sapar Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisiniň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.

Serdar Berdimuhamedow Tährana ilkinji gezek prezident hökmünde sapar edýär. Mundan ozal, ýanwar aýynda Berdimuhamedow Eýrana sapar eden türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, prezident Raisi bilen duşuşdy.

Şonda Eýran metbugaty Türkmenistanyň Eýran bilen hususan-da transport we energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri türkmen prezidentiniň goňşy Eýrana amala aşyrýan resmi sapary barada heniz habar bermedi.

Mart aýynda prezident wezipesine girişen Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt döwletlerine ilkinji resmi saparyny Russiýa Federasiýasyna amala aşyrdy.

10-njy iýunda Moskwa sapar eden Berdimuhamedow 14-nji iýunda Tährana barýar.

Degişli maglumat Türkmen prezidentiniň Eýrana sapar etmegine garaşylýar

Halkara jemgyýetçiliginiň üzňeleşdirmelerine we Günbataryň iň agyr sanksiýalaryna duçar bolýan Russiýa we Eýran bilen gatnaşyklar özüni Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplaýan Türkmenistan üçin näme sebäpden wajyp?

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Panniýer Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Aşgabat üçin Moskwa we Tähran bilen aradaky gatnaşyklaryň ähmiýetini gürrüň berdi.

“Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji saparyny Moskwa amala aşyrmagynyň aňyrsynda, megerem, bir topar sebäp bar. Ýöne, ilkinji iki resmi saparyň Russiýa we Eýrana amala aşyrylmagy tötänlik däl. Sebäbi, birnäçe ýyl mundan ozal, bu iki ýurt Türkmenistanyň iň iri energiýa müşderileridi” diýip, Panniýer aýtdy.

Türkmenistanyň öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwründe Russiýa 2016-njy ýylda, Eýran 2017-nji ýylda türkmen gazyny satyn almagy bes etdi. Russiýa 2019-njy ýylda türkmen gazynyň importyny ujypsyz hem bolsa gaýtadan ýola goýdy. Eýran Türkmenistan bilen gaz swap ylalaşyklaryny gaýtadan dikeldýär. Merkezi Aziýa boýunça bilermeniň pikiriçe, kiçi Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi bilen Aşgabat üçin Moskwa we Tähran bilen aradaky gatnaşyklary ösdürmäge täze mümkinçilik döredi.

Bilermene görä, esasan energiýa söwdasyndan girdeji gazanýan Türkmenistan ýurtda birnäçe ýyl bäri dowam edýän ykdysady krizisden dynmak üçin Moskwa we Tähran bilen aradaky gatnaşyklary ösdürmeli bolýar.

Galyberse-de, eksperte görä, Türkmenistan özüniň söwda ugurlaryny ösdürmekde Eýranyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp biler.

Degişli maglumat Türkmenistan özbek ýük ulaglaryna tranzit geçmäge rugsat berdi

“Şeýle-de, sapar dogry wagtda amala aşyrylýar. Sebäbi, Türkmenistan bilen Russiýa we Eýran aradaky problemalaryň köpüsi Serdar Berdimuhamedowyň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda ýüze çykdy. Serdar Berdimuhamedow kakasynyň syýasatyny tankytlamazdan, öňki türkmen syýasatynyň, iň bolmanda soňky 10 ýylda ýöredilen syýasatyň ugruny üýtgedip, goňşular bilen has oňat gatnaşyklara, has oňat söwda gatnaşyklaryna ymtylýan täze Türkmenistany, täze hökümeti görkezip biler” diýip, Panniýer aýtdy.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Panniýer Serdar Berdimuhamedowyň goňşy Eýrana amala aşyrýan resmi saparynyň gün tertibiniň esasan ykdysady we söwda ulgamlaryndaky gatnaşyklara gönükdiriljekdigini aýtdy.

Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan agressiýasynyň fonunda Moskwa halkara jemgyýetçiliginiň köpçülikleýin ýazgaryşlaryna we görlüp-eşidilmedik Günbatar sanksiýalaryna sezewar boldy. Şol bir wagtda, ynsan hukuklaryny gözçykgynç depelemekde berk tankyt edilýän Eýran hem Günbatar ýurtlary tarapyndan iň köp sanksiýa girizilen ýurtlaryň hatarynda galýar. Öz raýatlarynyň hukuklaryny kemsitmekde tanalýan türkmen hökümeti, dünýä arenasyndaky soňky wakalaryň arasynda, iň köp sanksiýa girizilen ýurtlar bolan Russiýa we Eýran bilen päsgelçiliksiz söwda gatnaşyklaryny ýola goýmagy maksat edinýär.

Degişli maglumat Türkmenistan Eýran bilen aradaky gaz dawasy boýunça Halkara Arbitraž sudunda ‘ýeňiş gazandy’

Merkezi Aziýa boýunça bilermen sanksiýa girizilen ýurtlaryň üsti bilen üstaşyr amala aşyrylýan söwdanyň kä halatlarda sanksiýalardan zyýan çekmeýändigini gürrüň berdi.

Bu aralykda, demirgazyk Eýranda millionlarça etniki türkmen ýaşaýar. Eýsem, türkmen prezidentiň goňşy Eýrana amala aşyrýan saparynyň dowamynda eýran türkmenleri öz kowumdaşlaryndan nähilidir bir hoş habar garaşmalymy?

Brýus Panniýer türkmen hökümetiniň ýyllarboýy alyp barýan daşary syýasatyndan çen tutup, türkmen prezidentiniň Eýrana amala aşyrýan saparynyň dowamynda etniki türkmenleriň meseleleriniň hatda gün tertibine getirilmegine garaşmaýandygyny aýtdy:

“Bu meseläniň hatda gün tertibine-de getiriljegini göz öňüne getirip bilmeýärin. Türkmen hökümeti hiç haçan özüni dünýä türkmenleriniň, türkmen diasporasynyň goragçysy hökmünde görkezmedi” diýip, bilermen aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.