Mary welaýatynda howanyň temperaturasy 40 gradusa çenli ýetýän şu günlerde, has takygy 9-njy iýunda jemagat hojalygyna degişli edaralaryň we döwlet kärhanalarynyň işgärleri irdenden agşama çenli arassaçylyk işlerini geçirdiler. Açyk meýdanda we köçelerde geçirilen bu işleriň dowamynda günüň jokrama yssysyna çydaman, huşundan gidip, keselhana düşen adamlar hem boldy. Bu başagaýlyklar Türkmenistanyň öňki prezidenti, Milli geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mara etmegine garaşylýan saparyna görülýän taýýarlyklaryň çäginde bolup geçdi. Bu taýýarlyklar we onuň ilata ýetiren täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy maglumat berdi.
"Mary-Baýramaly ýolunyň ugrunda we Baýramaly şäherinde adamlar uzakly gün ot çapdylar, köçeleri syryp-süpürdiler, köçelerdäki baglary ýuwdular, jaýlaryň üçeklerini reňklediler. Ýoluň gyrasyndaky haýatlaryň ählisi reňklendi. Esasy köçeleriň pyýadalar üçin niýetlenen geçelgeleri hem reňklendi" diýip, jemagat hojalygyna degişli edaranyň bir işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Arassaçylyk işleriniň ählisi jokrama yssy howada ençeme sagatlap, tas uzakly gün amal edildi. Işgärler azyk we suw bilen üpjün edilmedi. Olaryň käbiri yssa çydaman, kölegede dynç almaga we öz ýanlary bilen getiren suwdan içmäge synanyşdy. Ýöne edaranyň ýolbaşçylary we häkimligiň işgärleri muňa rugsat bermediler.
Degişli maglumat Öňki prezidentiň saparyna taýynlanýan Lebapda arzan azyk önümleri peýda boldy"Käbir gartaşan aýallar "Bize kyn bolýar. Iň bolmanda, içer ýaly agyz suwuny biri getirip dursun. Biz bu yssy howa çydamyzok" diýdi. Ýöne ýolbaşçylar "yssy howa çydamaz ýaly zat ýok" diýip, olaryň kölegä geçip dynç almagyna-da rugsat bermediler" diýip, işgär belledi.
Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiriniň maglumatlaryna görä, 9-njy iýunda Baýramalyda howanyň temperaturasy 42,7 gradusa ýetdi. Öňümizdäki bäş günüň dowamynda Mary we Baýramaly şäherlerinde howanyň temperaturasynyň 40-43 gradus aralygynda bolmagyna garaşylýar.
Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, arassaçylyk işleriniň tamamlanmagyna golaý, adamlaryň arasynda günüň jokrama yssysyna çydaman, huşundan gidip, keselhana düşenler hem boldy.
"Kölegede duran ulaglarda howanyň temperaturasy 45 gradusy görkezýärdi. Bizde işleýän, ýaşy 40-dan geçen iki sany aýal keselhana eltilende, olara içinden ýalyn geçirendigi, kellesinde ýaglyk bolsa-da, kellesinden gün geçirip, burun ganamasynyň bolandygyny aýtdylar. Olara şol ýerde saglyk bejergisini berdiler" diýip, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan başga bir maryly býujet işgäri aýtdy.
Bu taýýarlyklar we olaryň sebäpleri barada türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri tarapyndan aç-açan habar berilmeýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň Mary welaýat häkimliginden we onuň saglygy saklaýyş bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşygy hem başa barmady.
Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan maryly býujet işgärleri bu taýýarlyklaryň öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mara etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.
"Onuň Baýramalydaky şypahana gelip görjekdigi we Mary şäherindäki birnäçe keselhana aýlanjakdygy aýdylýar" diýip, býujet işgäri belledi.
Ozalky prezidentiň Mara etjek saparynyň anyk senesi we onuň gün tertibi barada resmi maglumat ýok. Türkmen häkimiýetleri we döwlet media serişdeleri ýurt resmileriniň welaýatlara etjek saparlary barada öňünden hiç hili habar bermeýärler. Şol sebäpli ýurt resmileriniň sebitlere planlaşdyrýan saparlarynyň amala aşjakdygy ýa aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.
Degişli maglumat Öňki prezidentiň Lebaba gelmegine garaşylýarMary we Baýramaly şäherlerinde arassaçylyk işlerinden başga-da, öňki prezidentiň barjak ýerlerinde çärä gatnaşmaly adamlaryň, şol sanda çagalaryň taýýarlyk işleri hem geçirildi.
"Býujet we sungat işgärleri, şeýle-de çagalar birnäçe minutlyk çykyş üçin sagatlap gyzgyn howada, günüň aşagynda taýynlyk görmeli boldular" diýip, bir sungat işgäri belledi.
Soňky bir aý töweregi wagt bäri ýurduň welaýat merkezlerinde prezident Serdar Berdimuhamedowyň we onuň kakasy Gurbangulynyň mümkin saparlaryna taýýarlyk işleri görülýär.
9-njy iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna bardy. Ýatlatsak, geçen hepdäniň ikinji ýarymynda Azatlygyň sebitdäki habarçylary onuň Lebaba sapar etmegine garaşylýandygyny, giň gerimli arassaçylyk işleriniň geçirilýändigini habar beripdiler.
27-nji maýda Serdar Berdimuhamedow, öňünden resmi mediada hiç hili yglan edilmezden, Daşoguz welaýatyna baran bolsa, onuň kakasy aradan dört gün geçirip, ýagny 31-nji maýda ýurduň demirgazyk welaýatynda saparda bolupdy.
Azatlygyň Marydaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan býujet işgärleriniň we ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi öňki prezidentiň saparyna, hamana, döwlet baştutany gelýän ýaly taýynlyk görülmegine nägilelik bildirdi.
"Bu indi prezident däl. Ony edil öňki ýaly garşylaýarlar. Ýollar bölekleýin ýapylýar. Yssy howada ýüzlerçe adam kösenýär. Onuň özem bir owurt suwa zar bolup görse, şonda adamlaryň ýagdaýyna düşünerdi" diýip, bir býujet işgäri belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.