Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakyn günlerde rus prezidenti Wladimir Putin bilen ýurtbaştutany hökmünde özüniň ilkinji duşuşygyny geçirer. Bu barada Russiýanyň TASS gullugy Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskowyň sözlerine salgylanyp habar berýär.
Duşuşygyň anyk senesi barada maglumat berilmeýär. Bu maglumat dogrusynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda we döwletiň gözegçiligindäki habar serişdelerinde hem hiç zat aýdylmaýar.
Ýekşenbe güni Peskowdan Putiniň Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýakyn wagtda Moskwada duşuşygynyň meýilleşdirilip-meýilleşdirilmeýändigi soralanda, ol “Hawa, bu [duşuşyk] planlaşdyryldy” diýip, jogap berdi.
12-nji martda geçirilen irki prezidentlik saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedowyň sesleriň 72,97%-ini alyp ýeňiji bolandygy yglan edilipdi. Türkmenistanda 30 ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda geçirilen saýlawlaryň hiç biri abraýly hukuk toparlary we Günbatar tarapyndan hiç haçan “erkin we adalatly” geçendigi ykrar edilmändi.
Mundan öň, 8-nji aprelde Putin Serdar Berdimuhamedow bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi.
Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan esassyz urşunyň arasynda, Putin Serdar Berdimuhamedowy Moskwa sapara çagyrypdy, türkmen lideri hem ony kabul edipdi.
Resmi Aşgabat rus basybalyjy güýçleriniň Ukrainadaky alyp barýan urşy barada häzire çenli hiç hili beýanat bilen çykyş etmedi.