Martyň ahyrynda Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki TASS habar agentligi Puşkin adyndaky Döwlet rus dili institutynyň barlaglaryna salgylanyp, post-sowet giňişlikdäki, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky rus dilli neşirleriň soňky 30 ýyldaky gerimi barada hasabat çap etdi.
Rus metbugaty öňki sowet ýurtlarynda soňky 30 ýylda rus dilli neşirleriň geriminiň ep-esli artandygyny öňe sürýär. Aýdylmagyna görä, rus dilli neşirleriň paýy Belarusda 1990-njy ýylda 30 göterime deň bolan bolsa, bu görkeziji 2021-nji ýylda 81 göterime çykypdyr. Azerbaýjanda rus dilli neşirleriň paýy 30 ýylyň içinde 20 göterimden 36 göterime çykypdyr.
Biziň üçin iň gyzykly ýeri – Türkmenistan. Rus metbugatyna görä, Türkmenistanda rus dilli neşirleriň paýy soňky 30 ýylda 30 göterimden 56 göterime çykypdyr. Russiýanyň döwlet gözegçiligindäki Puşkin institutynyň Türkmenistandaky 56 göterimlik rus dilli neşir paýy barada anyk nämäni göz öňünde tutýandygy TASS-yň habarynda giňişleýin düşündirilmeýär. Ýöne her niçik-de bolsa, maglumatyň düýp manysy we düýp maksady şu pikire gulluk edýän ýaly: “Rus dili öňki sowet ýurtlarynda heniz hem uly meşhurlyga eýe”
Ýöne bu hakykatdan-da şeýlemi? Hususan-da, Russiýanyň öz goňşusy Ukrainanyň üstüne çozmagyndan soň, tutuş dünýäde emele gelen halkara ýazgaryşlaryň arasynda, rus dili Merkezi Aziýa ýurtlarynda öz ähmiýetini gorap bilýärmi?
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Twitter giňişligi” şeýle soragyň jogabyny gözläp, ýörite gepleşik taýýarlady.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar