Türkmenistanyň mekdeplerinde we çagalar baglarynda tomusky dynç alyş möwsüminiň yglan edilmegi bilen, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde çagalaryň tomusky dynç alyş şertleri barada habar berýär.
Eli ýuka maşgalalaryň çagalary dynç alyş möwsüminde gazanç edip, maşgalalaryna goşant goşmagyň aladasynda. Käbir maşgalalaryň çagalary tomusda goşmaça sapaklara ýazylyp, ýa-da daşary ýurt dillerini öwrenip, wagtyny boş geçirmezligiň aladasynda. Gurply maşgalalaryň çagalary üçin bolsa, tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderäniň ýa-da Awazanyň çagalar sagaldyş merkezlerinde, tomusky lagerlerde dynç almak mümkinçiligi bar.
Türkmenistanyň döwlet habarlar gullugy 3-nji iýunda Türkmenistanyň çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanandygyny habar berdi. Döwlet telewideniýesi çagalary dynç alyş merkezlerine alyp berýän awtobus kerwenlerini, lagerlere barýan şadyýan çagalary görkezdi.
Degişli maglumat Türkmenistanda harby bölümlerdäki gulluk şertleri tapawutlanýarAzatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy sebitde maddy mümkinçilikleri pes hojalyklaryň çagalarynyň tomusky dynç alyş möwsüminde "çörege pul tapmak üçin", gazanç edip maşgalalaryna ýardam bermäge taýýarlyk görýändigini habar berýär.
“Çagalar kanikulda boş oturman, maşgalasyna ýardam bermek üçin çörek tapmagyň ugruna çykýar. 13 ýaşdan geçen köp çaga öýme-öý aýlanyp, arzan baklaşka, çüýşe satyn alyp, soňra olary satyn alyş nokatlaryna satyp, gazanç edýärler” diýip, bir türkmenabat ýaşaýjysy lebaply çagalaryň ençemesiniň adaty tomusky dynç alyş möwsümini suratlandyrdy.
“Kä çagalar alýumin çöpläp, onuň bir kilogramyny iki manatdan satyn alýarlar we alýumin satyn alyş nokatlarynda onuň bir kilogramyny ýedi manatdan satýarlar” diýip, başga bir ene-ata Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Käbir ýerli ýaşaýjylar tomusky dynç alyş möwsüminde, çagalaryň boş oturmaýandyklaryny, olaryň zähmet bilen meşgullanýandyklaryny ‘tas buýsanyp’, gürrüň berýärler.
“Käbir çagalar arzan çörek satyn almak üçin irden dükana nobata durmaga gidýärler. Olar hojalyklara aýlanyp, bir baklaşkany 20 teňňeden satyn alyp, onuň bir kilogramyny plasmas kabul ediş nokatlarynda 13 manatdan satýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň gürrüňdeşi aýdýar.
Degişli maglumat Obalarda çagalara bilim berlişi pes bolmagynda galýar we çaga zähmeti bikanun ulanylýar“Meşhur çagalar toparlarynyň şadyýan aýdymlary we şowhunly tanslary, sahna oýunlary çagalar üçin döredijilik sowgady boldy. Paýtagtymyzdan hem-de welaýatlardan gelen çagalar baýramçylyk äheňinde bezelen awtobuslarda tomusky başdan geçirmelere tarap ugradylar. Köpetdagyň jülgesindäki sagaldyş merkezlerinde-de çagalary uly şatlyk bilen garşy aldylar. Ýaş nesilleriň aýdym-sazly dabaraly ýörişi ähli sagaldyş merkezlerini gurşap aldy” diýip, Türkmenistanyň döwlet metbugaty Köpetdagyň etegindäki çagalar sagaldyş merkezlerindäki şüweleňden habar berýär.
Döwlet telewideniýesi Türkmenistanda çagalaryň bilim we terbiýe almaklary, sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdýar.
“Lagerlerde sungat ýoluna ýaňy başlaýan artistleriň we çagalar çeper höwesjeň toparlarynyň, döwlet we halkara derejedäki dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, meşhur estrada aýdymçylarynyň, sazandalaryň gatnaşmaklarynda köp sanly bäsleşiklerdir konsertler, sport çäreleri, sahna oýunlary, edebi çykyşlar guralýar” diýip, TDH Gökdereden habar berýär.
Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy ýurduň gündogar sebitinde hem tomusky lagerleriň açylandygyny ýöne bu lagerlerde diňe gurply maşgalalalaryň çagalarynyň dynç almaga mümkinçilikleriniň barydgyny habar berýär.
Degişli maglumat Maryda mekdep okuwçylary şugundyr meýdanlarynda geçirilýän otag işlerine gatnaşýar“Köpsanly maşgalanyň öz çagalaryny lagere bermäge ýagdaýy ýok. Üstesine, lagerlere kabul edilýän çagalaryň sany çäkli. Şol sebäpden, haýsy çaganyň ene-atasy gurply, ýa-da uly wezipede işleýän bolsa, ýa-da ol maşgalanyň täsin tanyşlary bar bolsa, şolar çagalar üçin lagerlere baryp bilýär. Lager bölümlerine jaň edip, çagamy lagere berjek diýseň, onda Bilim müdirligine baryp, nobata ýazylyň diýip jogap berýärler. Lebap welaýatynyň Bilim müdirliginde bolsa, iýun üçin nobat doldy, iýul aýy üçin nobata ýazylsaň bolar diýip jogap berýärler. Nobata ýazylmak üçin şol Bilim müdirliginden bir tanyş tapyp, para bermeli ýa-da täsirli tanşyňa jaň etdirmeli. Umuman aýdylanda, çagany lagere bermek hem problema, 10 gün üçin ortaça 800-950 manat aralygynda pul tölemeli” diýip, lebaply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy tomusky dynç alyş möwsüminde tölegli okuwlara gatnamak üçin taýýarlyk görýän çagalaryň hem bardygyny habar berýär.
“Ýöne goşmaça sapak almaga isleg bildirýän çagalaryň sany az, sebäbi goşmaça okuwa pul tapmak ene-atalar üçin kyn” diýip, bir mugallym Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtdy.
Tomusky dynç alyş möwsüminde lagerlerde dynç alýan çagalaryň sanynyň azdygyna, köpsanly hojalykda çagalaryň tomusda gazanç edip, maşgalasyna ýardam bermäge mejbur bolýandygyna we çagalar üçin tomus dynç alyş mümkinçilikleriniň çäklidigine garamazdan, Türkmenistanyň döwlet metbugaty “diýarymyzda gurulýan döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport we sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany ýyl-ýyldan artýar. Munuň özi ata watanymyzyň arzuwlaryň hasyl bolýan hem-de bagtyýar çagalygyň ýurdudygynyň aýdyň subutnamasydyr” diýýär.
Degişli maglumat Aşgabat: Çagalaryň mekdep lagerleri ‘pes derejede gurnalýar’Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.