Tomsuň gelmegi bilen Lebapda agyz suw ýetmezçiligi güýçlenýär

Türkmenistan (arhiw suraty)

Tükmenistanda köpden bäri dowam edýän suw ýetmezçiligi tomus aýlarynda hasam güýçlenýär. Şu günler Lebapda ýaşaýyş jaýlara berilýän suw üpjünçiligi esli wagtlap kesilýär, kanalizasiýa problemasy agyrlaşýar.

Farapda ýaşaýyş jaýlarda suw günüň dowamynda diňe bir gezek, ýagny irden sagat 9-da 25 minudyň dowamynda berlilýar. Bu barada habar berýän Azatlygyň ýerli habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine gňrä, üstesine şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň esli böleginde kanalizasiýa oňaýlygy ýok.

"Jaýlaryň 90% çemesinde lagym suwlaryň akmagy üçin kanalizasiýa ýok. Şäher halky howlusynda ýa-da köçesinde kanalizasiýa üçin çukur gazyp, şol çukura hapa suwlaryny akdyrýarlar" diýip, ýerli çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Degişli maglumat Suw üpjünçiligi bilen bagly aladalaryň arasynda, türkmen prezidenti suw resmisine käýedi

Habarçylara we çeşmelere görä, hapa suwlary akdyrmak üçin zerur infrastrukturanyň göz öňünde tutulmandygy sebäpli, şäherde ýaramaz ys we siňekler köpelýär. Günüň gyzmagy bilen yssy howada problema hasam agyrlaşýar.

"Agyr ysly kanalizasiýa çykyndysy sebäpli şäherde çybyndan, siňekden dürli mör-möjekden ýaňa ýaşar ýaly däl" diýip, ýerli çeşme aýdýar.

Çeşmeler şäheriň ilatynyň bu meseläni çözmek üçin häkimiýetlere ýyllarboýy ýüz tutýandygyny, emma meseläni çözmeýän häkimiýetleriň kanalizasiýany çekmek we bar çukurlary arassalamak üçin ýaşaýjylaryň öz hasabyna çäre görmegine rugsat bermeýänigini belleýärler.

"Sewernyý we Balkan köçeleriniň raýatlarynyň şäher resmilerine lagym çekmek boýunça ýyllarboýy edýan şikaýatlary kanagatlandyrylmaýar. Adamlaryň özleri pul ýygnap, kanalizasiýa çekdirjek bolsalar, häkimiýetler köçäniň asfaltynyň bozuljagyny bahanalap, muňa rugsat bermeýärler" diýip, çeşmeleriň ýene biri gürrüň berýär.

Farabyň şäher infrastrukturasyna degişli meselelerden habarly çeşmeleriň Azatlyga gürrüň bermegine görä, ýaşaýyş jaýlary agyz suwy bilen üpjün etmek we lagym suwlary ýygnamak üçin döwrebat sistemanyň gurluşygy şäheriň proýektinde talaba laýyk göz öňünde tutulmandyr.

"Şäher proýektsiz edilen işleriň jebrini çekýar. Suwuň diňe irden berilýäni üçin turbalardan poslan suw gelýar bu suwuň hili erbet bolup, sanitariýa- epidemiologik talaplaryna laýyk gelmeýar. Tomsuň 35 - 40 gradus yssy günleri başlady. Lagym suwlardan çykýan zýanly bakterýalar adamlarda dürli ýokanç keselleri döredýär, çagalaryň arasynda sary getirme kňp bolýar" diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berýär.

26-njy maýda Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylary bu regionda ekerançylyk suwlarynyň hem ýetmezçiligi edýändigini we şu sebäpden şu ýyl gök-bakja önümleriniň bahalarynyň, geçen ýylkysyndan gymmatlandygyny habar berdiler.

Degişli maglumat Türkmenabatda suw turbasy ýaryldy, 12 sagatlap suw bolmady

Türkmenistanda suw problemasy, şol sanda agyz suw ýetmezçiligi ýyllarboýy saklanyp galýar. Türkmen hökümeti käte problemany agzap, problemalaryň bardygyny gytaklaýyn boýun alaýar.

Ýaňy-ýakynda Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Güýzgeldi Baýjanow “berk käýinç” aldy. TDH gullugyna görä, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň resmä beren käýinji Daşoguz welaýatynyň suw üpjünçiligindäki kemçiliklere degişli bolupdyr. Resminiň “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Daşoguz welaýatynda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça gorlary döretmek we pudagyň desgalaryny netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin” oňa käýinç berlendigi resmi maglumatda aýdyldy.

Türkmenistanda Agyz suwy hakynda ýörte kanun bar. Ýurduň çäginde her bir adamy agyz suwy bilen bellenilen hil we mukdar kadalaryna laýyk üpjün etmek kanun taýdan kepillendirilýär.

Şol bir wagtda-da, yssy howaly ýurduň ilaty onlarça ýyllap suw gytçylygyndan kösenýärkä, Türkmenistan dünýäde suwy her adam başyna iň köp sarp edýän ýurtlaryň hataryna girýär. Hususan-da, “Nature” žurnalynyň ozal çap eden maglumatyna görä, Türkmenistan ýylda 5.5 müň kubometr suwy sarp edýär, bu bolsa dünýäde iň ýokary görkeziji bolup, ABŞ bilen deňeşdirilende dört esse, Hytaý bilen deňeşdirilende 13 esse aşýar.

Degişli maglumat Gagarumlylardan zeýkeşleri gazmak üçin pul ýygnalýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.