Türkmenistan 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara gününi, Halkara çagalar gününi we 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped gününi dürli köpçülik çäreleri bilen bellemäge taýýarlyk görýär. Şeýle taýýarlyklaryň çäginde, Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy, Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherinde we Awazada geçiriljek çärelere Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk Maslahatynyň başlygy we täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagyna garaşylýandygyny habar berýär.
Degişli maglumat Türkmenistanda ähli çagalar üçin deň derejede şert ‘döredilmeýär’“Deňiz kenarynda döwlet derejesinde geçiriljek çärelere Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagyna garaşylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli çeşmelere salgylanyp habar berýär.
Hazar deňziniň kenarynda geçiriljek köpçülik çärelerine öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagyna garaşylýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçysy welaýatyň çägindäki jemagat gulluklarynyň işgärleriniň arassaçylyk işlerine çekilýändiklerini habar berýär.
“Deňiz ýakasynda geçiriljek çärelere taýýarlyklar başlandy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.
Jemagat gulluklarynyň işgärleri Türkmenbaşy şäherinde we Awazada arassaçylyk işlerine çekilýärler.
Azatlygyň habarçysy welaýat boýunça 600 töweregi işçiniň Türkmenbaşydaky myhmanhanalara we Awazanyň golaýyndaky konteýner çadyrlara ýerleşdirilendigini habar berýär. Galyberse-de, işçiler ýatak jaý we iýgi-içgi üçin öz hasaplaryna çykdajy etmeli bolýarlar.
“Türkmenbaşynyň demir ýol menziliniň golaýyndaky Hazar myhmanhanasyna edilmeli tölegler hem etraplardan gelen kommunal işçileriň üstüne ýüklendi. Olar öz hasaplaryna töleg edýärler” diýip, balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Bu aralykda, Türkmenistan her ýyl Bütindünýä welosiped gününi döwlet derejesinde dabaraly çäreler bilen belleýär. Galyberse-de, Birleşen Milletler Guramasynyň 3-nji iýuny Türkmenistanyň teklibi bilen, dört ýyl mundan ozal, Bütindünýä welosiped güni yglan etmegi türkmen hökümetini we döwlet metbugatyny aýratyn buýsandyrýar. Adatça, döwlet telewideniýesi Bütindünýä welosiped güni bilen bagly ýerli emeldarlaryň “buýsançly çykyşlaryny” günüň dowamynda yzygiderli efire berýär, döwlet eýeçiligindäki gazet-žurnallar bu günüň Türkmenistanyň teklibi bilen Bütindünýä welosiped güni yglan edilmegini ýurduň halkara derejesinde gazanan uly üstünligi hökmünde ilatyň dykgatyna ýetirmäge synanyşyk edýär.
Welosiped güni bilen bagly geçirilýän çärelerde býujet işgärleri we beýlekiler köpçülikleýin tigir sürmek çärelerine mejbury gatnaşdyrylýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Welosiped güni ýurduň günbatar welaýatynda geçirilýän iri çärelere býujet işgärleriniň, şol sanda mekdepleriň we keselhanalaryň işgärleriniň tigir satyn almak üçin goşmaça çykdajy etmäge mejbur bolandyklaryny habar berýär.
Maglumata görä, her mekdep çäreler üçin bäş sany welosiped bilen, gül hem-de baýdak göterip durýan iki adam ugradypdyr.
Ýöne jemagat gullugynyň işçilerinden tapawutlylykda, çärelerde tigir sürmeli edilen adamlar we gül we baýdak götermeli edilen adamlar Awazadaky Balkan myhmanhanasyna we beýleki myhmanhanalara ýerleşdirilipdirler.
Degişli maglumat Çagalar gününi belleýän Türkmenistanda ene-atalar çagalaryň "ala tutulýandygyny" aýdýarlarBu aralykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylýan saparyň fonunda Azatlyk Radiosynyň habarçylary kenarýaka şäherde howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini habar berýärler.
1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda dynç alyş güni berilmezden bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleriniň sanawynda tassyklanylýar. Şeýle-de, 5-nji iýun Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hökmünde bellenilip geçilýär.
Halkara çagalar güni ilkinji gezek 1925-nji ýylda Ženewada geçirilen Çaga abadançylygy Bütindünýä konferensiýasynda yglan edildi. Moskwadaky Aýallaryň halkara demokratiki federasiýasy 1949-njy ýylyň 4-nji noýabrynda 1-nji iýuny Çagalary goramagyň halkara güni hökmünde esaslandyrdy. 1950-njy ýyldan bäri köp sanly kommunist we post-kommunist ýurtlar 1-nji iýuny halkara çagalar güni hökmünde belleýär. 1959-njy ýylyň noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Çaga hukuklarynyň jarnamasyny kabul etdi.
Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri Türkmenistanyň oba hojalygy pudagynda çaga zähmetinden peýdalanylýandygyny habar berdiler. Galyberse-de, Türkmenistanda çagalar döwlet guramaçylygynda geçirilýän köpçülik çärelerine köplenç mejbury gatnaşdyrylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.