Türkmenistanda “Rossiýa 1” we “Zwezda” telekanallarynyň ýaýlymy petiklendi diýip, “Häzirki zaman” telekanaly Russiýanyň “Interfaks” habar agentligine salgylanyp habar berýär. Bu telekanallar ýurduň ygtyýarlandyrylan aragatnaşyk operatorlarynyň biri bolan “Aşgabat şäher telefon ulgamy” (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýaýlyma berilýärdi.
Habarda aýdylmagyna görä, AŞTU rus telekanallarynyň petiklenilmegini “daşary ýurt emeli hemralarynda ähli rus telekanallarynyň ýaýlyma berilmeginiň çäklendirilmegi” bilen düşündirýär.
“Biz häzirki wagtda ätiýaç ýaýlymy ýola goýmagyň üstünde işleýäris, şondan soň ýaýlym doly dikeldiler” diýip, TW ekranlarynda peýda bolýan bildirişde aýdylýar.
Şeýle-de, maglumata görä, “Birinji kanal”, “RenTW”, NTW, STS, TNT ýaly beýleki rus kanallarynyň ýaýlymy päsgelçiliksiz dowam edýär.
Degişli maglumat 'Antennalary aýyrmak işi bes edilmeli'Türkmenistanda daşary ýurt telekanallarynyň ýaýlymy kabel TW ýa-da IPTW arkaly alnyp görkezilýär. Bu hyzmatlar ýerli aragatnaşyk operatory tarapyndan hödürlenýär.
Şol bir wagtda emeli hemra arkaly ýaýlyma berilýän beýleki daşary ýurt telekanallary häkimiýetler tarapyndan dilden görkezme esasynda çäklendirilýär. Has ozallar, türkmen häkimiýetleri çanak antennalaryna garşy ýiti göreş alyp bardylar.
Bu aralykda, Gyrgyzystanyň “Aknet” aragatnaşyk operatoryna görä, 27-nji maýda Gyrgyzystanda hem birnäçe rus teleýaýlymynyň efiri wagtlaýyn petiklenildi. Gyrgyzystanda petiklenen rus teleýaýlymlarynyň arasynda “WGTRK”, “Rossiýa kultura”, “Rossiýa 24” we “Zwezda” ýaly kanallar bar.
Gyrgyz kompaniýasy hem häzirki wagtda ätiýaç ýaýlymy ýola goýmagyň üstünde işleýändigini habar berýär.
Merkezi Aziýa ýurtlary bolan Türkmenistanda we Gyrgyzystanda rus teleýaýlymlarynyň petiklenilmegi Russiýanyň Ukraina garşy amala aşyrýan esassyz çozuşynyň arasynda Moskwanyň dürli halkara sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtyna gabat gelýär.
Degişli maglumat Aktiwistler ÝB-e ýüzlendilerGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.