Ruslar gündogar Ukrainanyň möhüm şäherlerine dyzaýar, agyr toplar gabawdaky adamlary öldürýär

Rus goşunlary Donbasdaky onlarça şäheri topa tutup, sebitde ýaşaýan parahat adamlaryň müňlerçesine çykalgasyz galmak howpuny salmak bilen, esasy iki möhüm şäheriň daşyny gurşap almakda öňe süýşýärler diýip, ukrain harbylary aýdýar. Emma muňa garamazdan, prezident Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň, urşuň togtadylmagy üçin, Russiýanyň öňünde territorial eglişik etmegy barada berilýän maslahatlary tankyt etdi. Ol bu pikiri Günbataryň 1938-nji ýylda nasistler Germaniýasyny köşeşdirmek synanyşygy ýaly bir zat bilen deňeşdirdi.

Rus goşunlary Kiýewiň Donbasyň iň gündogar böleginde şindi hem gözegçilik edýän 40 şäherini topa tutdy diýip, ukrain harbylary 26-njy maýda habar berdi.

Ruslar Siwerskiý Donets derýasynyň iki kenaryndaky Sewerodonetsk we Liziçansk şäherlerine tarap öňe süýşýärler, söweş Sewerodonetskiň çäklerine çenli gelip ýetýär.

"Rus goşunlary eýýäm mazaly golaýladylar, olar häzir şähere minomýot oklaryny atyp bilýän derejede öňe süýşdi" diýip, Luhansk sebitiniň gubernatory Serhiý Haýdaý 25-nji maýda sosial mediada ýerleşdiren beýanatynda aýtdy.

Bu iki şäheriň synmagy tutuş Luhansk sebitiniň Russiýanyň gözegçiligine geçmegine getirer we bu Kremliň uruşda tutýan esasy maksatlarynyň biri bolup durýar.

Liziçansk polisiýasy, köpçülikleýin mazarlarda jaýlamak üçin, öldürilen adamlaryň jesetlerini ýygnaýar diýip, Haýdaý aýtdy. Liziçansk etraplarynyň birindäki köpçülikleýin mazarda 150 töweregi adam jaýlandy diýip, ol sözüni üstüni ýetirdi.

Russiýanyň TASS habar gullugynyň maglumatyna görä, Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistler 26-njy maýda 8000 töweregi ukrain uruş ýesirini saklaýandyklaryny aýtdylar, ýöne bu aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklamak mümkin bolmady.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiýiň geňeşçisi Oleksiy Arestowiç rus goşunynyň "Liziçansk we Sewerodonetsk ugurlarynda belli bir derejede taktiki üstünlik gazanandygyny, munuň operatiw üstünlüge öwrülmek wehimini salýandygyny” aýtdy.

Sewerodonetsk şäheriniň we günorta-gündogarda ýerleşýän Bahmut şäheriniň gabaw astyna alynmagy mümkin diýip, Arestowiç aýtdy we bu ilatly nokatlaryň “taşlanmagynyň” hem ahtmalydygny, özleriniň agyr ýitgi çekmekleriniň hem mümkindigini sözüne goşdy.

Edil häzirki ilerlemesine garamazdan, Russiýanyň saýlama howa-desant güýçlerini ulanmaga aýratyn üns bermegi bilen, rus hüjümine düýpli operatiw şowsuzlyklary aýakbagy boldy diýip, britan aňtaw gullugynyň 26-njy maýda çap eden gündelik maglumatynda bellenýär.

"Howa-desant güýçleri agyr sowutly harby tehnikany ulanýan pyýada goşuna has laýyk geljek missiýalarda ulanyldy we kampaniýa döwründe agyr ýitgi çekdi" diýip, Angliýanyň Goranmak ministrliginiň gündelik habaryna aýdylýar.

"Onuň garyşyk häsiýetnamasy, belki-de, bu ukyp-başarnygyň strategiki taýdan nädogry dolandyrylmagyna we Russiýanyň howa artykmaçlygyny üpjün edip bilmezligine alyp gelýär” diýip, habarda aýdylýar.

Britan aňtaw gullugynyň synynda nygtalmagyna görä, howa-desant güýçleriniň Ukraina urşunda nädogry ulanylmagy, giň gerimde seredilende, "[Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putiniň soňky 15 ýylda ýaragly güýçlere ýatyran düýpli maýasynyň umumy ýaragly güýçler babatynda deňeçer ulanylmandygyna ünsi çekýär”.

Şu aralykda, Zelenski özüniň gije eden ýüzlenmesinde ýene bir gezek Günbatara gyssagly kömek haýyşy bilen ýüz tutdy.

"Biz öz partnýorlarymyzyň kömegine mätäç, hemme zatdan ozal Ukraina ýaraglar gerek. Bize doly kömek berilmegi gerek, kadadan çykmalar bolmazdan, ýeňiş gazanmak üçin ýeterlik kömek gerek" diýip, Zelenski aýtdy.

Şeýle-de ol, ABŞ-nyň öňki döwlet sekretary Genri Kissinjeri we “Nýu-Ýork Taýms” gazetini nazara alyp, Günbatarda käbir adamlaryň Russiýanyň bähbitlerine aşa köp üns berýändigini belledi.

98 ýaşly Kissinjer şu hepde Dawosda geçirilen Bütindünýä ykdysady forumyna ýüzlenip, Russiýanyň 24-nji fewraldaky çozuşyndan öňki ýagdaýa, "status-kvo" dolanyp gelmegiň ideal boljakdygyny aýtdy. Bu 2014-nji ýylda Russiýa tarapyndan bikanun anneksiýa edilen Krymyň we Moskwa tarapyndan goldanýan separatistleriň gözegçiligindäki gündogar sebitleriniň Ukraina tarapyndan ýitiriljekdigini aňladýar.

"Görnüşine görä, jenap Kissinjeriň kalendary 2022-nji ýylyňky däl-de, 1938-nji ýylyňky" diýip, Zelenski onuň teklibiniň 80 ýyldan gowrak ozal Çehoslowakiýanyň bir böleginiň nasistler Germaniýasyna berilmegi baradaky ylalaşyga meňzeýändigini aýtdy.

"Nýu-Ýork Taýms" gazeti hem 19-njy maýda, Ukrainanyň aýgytly ýeňşiniň real däldigini göz öňünde tutup, gepleşilen parahatçylygyň Kiýewden birneme eglişik talap edip biljekdigini öňe sürdi.

“Elbetde, "Nýu-Ýork Taýms" gazeti hem 1938-nji ýylda şuňa meňzeş bir zat ýazan bolup biler. Ýöne size ýatlatmaga rugsat beriň, häzir 2022-nji ýyl” diýip, Zelenski aýtdy.