Türkmenistandan üç döwlet täzeligi: 'Nuhuň gämisi', Akhan atyň heýkeli we golf meýdançalary

Türkmenistan. Garagum çöli. Illýustrasiýa suraty.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany geçen hepdäniň dowamynda Türkmenistanda bolup geçen üç wakany seljerýär.

20-nji maýda Aşgabatda teatr festiwalyna badalga berildi. Döwlet metbugaty festiwalyň dowamynda paýtagtly teatr muşdaklarynyň welaýatlardan baran döredijilik toparlarynyň goýan oýunlaryna tomaşa edip biljekdiklerini habar berdi. Festiwalyň maksatnamasyna girizilen oýunlarynyň arasynda “Nuhuň gämisi”, “Jelaletdin soltan”, çagalar üçin “Gyzyl alma”, “Gyrmyzy şyrdajyk” ýaly oýunlar bar.

“Nuhuň gämisi” pýesasynyň awtory ýazyjy Gowşutgeldi Daňatarow türkmen metbugatyna beren interwýusynda bu eseri öňräk ýazandygyny, ýöne onuň ahyrsoňy sahnalaşdyrylýandygyny aýtdy.

“Nuhuň gämisi” eseri dünýä halklary üçin ýakyndan tanyş bolan gadymy rowaýaty, Nuh pygamberiň janly-jandary tupandan halas edişini beýan edýär.

Türkmenabadyň teatrlarynyň birinde festiwala niýetlenip sahnalaşdyrylan beýleki bir eseriň, “Mertler watany beýgeldýär” eseriniň mazmuny üns çekýär. Döwlet metbugaty bu eserde “ata-babalardan gelýän gahrymançylygyň, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, “Ata kesbi ogla halal” diýlen sözüň mazmunynyň beýan edilýändigini” aýdýar.

“Ata kesbi ogla halal” düşünjesi Türkmenistanda indi birnäçe hepde, ahmal, birnäçe aý bäri giňden wagyz edilýär.

Dünýä Türkmenleri “ata kesbi ogla halal ýörelgesiniň” Türkmenistandaky täze dabarasy barada 24-nji aprelde ýörite gepleşik efire berdi.

Paýtagt Aşgabatda badalga berlen teatr festiwaly Türkmenistanda sungatyň syýasata gulluk edýändigini ýene bir gezek subut etdimi?

Degişli maglumat Türkmen syýasatynyň 'kult mezhebi' ýa-da ata kesbi ogla halalmy?

22-nji maýda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ‘seýislän’ aty diýilýän Akhan atly atyň heýkeli ýerleşdirilen monumentiň taslamasyny düzmek hem-de gurmak baradaky karara gol çekdi. Türkmenistanda ýene bir atyň heýkeli oturdylýar. Ozal türkmen paýtagtynda oturdylan alabaý heýkeli halkara media serişdeleriniň ünsüni çekipdi.

Akhan atyň heýkeli Türkmenistana nähili bähbit getirer?

24-nji maýda türkmen prezidenti amerikaly işewürler bilen duşuşdy. Döwlet metbugatyna görä, amerikaly işewürler hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda Türkmenistanda täze golf meýdançalaryny gurmagy meýilleşdirýär. Has ozal, türkmen metbugaty Türkmenistanda 10-a golaý golf meýdançasynyň guruljakdygyny mälim edipdi.

Türkmenistanda 10-a golaý golf meýdançasyny gurmak ýurt raýatlarynyň durmuşynyň haýsy ugurlaryny ýeňleder?

Dünýä Türkmenleriniň bu sany geçen hepdäniň dowamynda Türkmenistanda bolup geçen üç wakany seljerýär. Programmamyza Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistandan üç döwlet täzeligi: Nuhuň gämisi, Akhan atyň heýkeli we golf meýdançalary