ABŞ Hytaýyň 'tälim lagerlerindäki' adam gynamalary barada hasabat çap etdi

Içerki tussaghanalar

Waşingtonda kommunizm pidalarynyň hatyrasyna döredilen gazna 24-nji maýda Hytaýyň Sinjiaň polisiýasynyň içerki kompýuter torlaryndan alnan maglumatlar esasynda içerki ‘terbiýe lagerlerine’ gabalan uýgurlaryň gynalyşy barada hasabat çap etdi.

"Sinjiaň polisiýasynyň faýllary" diýlip atlandyrylýan resminamada sebitiň ýerli halklaryna garşy ulanylan zorluk-sütemleri tassyklaýan on müňlerçe surat we wideo subutnamasy bar.

Hususan-da hasabatda polisiýa işgäri bolup işletmek üçin taýýarlanylýan bendilere tälim berilýän wagtynda nähili ýowuz çemeleşilişi görkezilýär. Mysal üçin, lagerdäki adamlar bu hili tälim wagtynda ellerine gandal salnyp, rehimsiz ýenjilýär.

Sinjiaň polisiýasynyň içerki kompýuter torlaryndan alnan faýllar Kommunizm pidalarynynyň hatyrasy gaznasynyň hytaý boýunça ylmy-barlag bölüminiň müdiri Adrian Zenz tarapyndan tassyklanyldy.

Gaznanyň beýanatynda aýdylmagyna görä, adamdan hyryn-dykyn doldurylan içerki tussaghanalaryň daşynyň goragy üçin, bu edaralaryň goşmaça garawullar bilen üpjün edilmegi baradaky buýrugy hut Si Szinpiniň özi beripdir.

Şeýle-de, polisiýanyň maglumat bazalarynda tassyklanylmagyna görä, 2018-nji ýylda esasan uýgur ilatyndan bolan uly adamlaryň 12 göterimden gowragy “gaýtadan tälim beriş lagerlerinde” bolupdyr.

"Sinjiaň polisiýasynyň faýllary” Hytaýyň hünär öwredilýän merkezler diýýänleriniň iş ýüzünde, hakykatda türme bolup durýandygyny tassyklaýar" diýip, Gaznanyň prezidenti Endrýu Bremberg aýtdy.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Weng Wenbin bu hasabaty "Hytaýa garşy güýçleriň Hytaýy abraýdan gaçyrmak üçin edýän synanyşyklarynyň täze mysaly" hökmünde häsiýetlendirdi diýip, "Bloomberg" habar berdi.

Derňewçi žurnalistleriň halkara konsorsiumy 2019-njy ýylda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiaň uýgur awtonom sebitiniň musulman ýaşaýjylarynyň tussaglykda saklanýan içerki lagerler barada hytaý häkimiýetlerinden alnan gizlin resminamalary ýaýratdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo 2021-nji ýylda uýgurlaryň Hytaýdaky ýanalmalaryny genosid diýip atlandyrdy.