Şu günler Mary welaýatynda awtoulag sürüjileri Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) güýçlendirýän gözegçiliginden aman galmaga çalyşýar. Sürüjiler PÝGG işgärleriniň dürli bahanalar bilen awtomobil ulaglaryny köpçülikleýin jerime duralgalaryna alyp gidýändiklerini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy awtoulagyny ýol polisiýasyna aldyran birnäçe sürüji bilen gürrüňdeş boldy. Olar polisiýa işgärleriniň öz ulaglaryny eden-etdilikli häsiýetde jerime duralgalaryna alyp gidýändiklerini aýdýarlar.
Bir sürüji pyýada ýol bermän ulagyny elinden aldyrypdyr, beýleki bir sürüji çep elini ulagyň aýnasyna goýup barýandygy sebäpli polisiýanyň jerimesine sezewar bolupdyr, ýene bir sürüji sähel ýokary tizlik bilen polisiýanyň eline düşüpdir.
Mary welaýatyndaky habarçymyz şu günler welaýatyň tas ähli etraplarynda ýol gözegçiliginiň güýçlendirilendigini habar berýär.
Degişli maglumat Türkmenistanda düzgün bozan sürüjilere we pyýadalara salynýan jerimeler birnäçe esse artdy“Şu günler ýollarda polisiýa işgärleri, öňkülere garanyňda, has köp göze ilýär. Çala bir bahana tapsalar ulaglary, adat bolşy ýaly, jerime duralgasyna alyp gidýärler. Geçen ýyl men bir gezek awtoulagda maskaly oturan wagtym ‘burnuň göründi’ diýip, jerime duralgasyna eltilipdim. Şonda ulagym jerime duralgasynda bir hepde saklanandan soňra, 400 manat para, ondan daşary maska düzgüniniň jerimesini töläp, ulagymy yzyna alypdym. Şondan soň men maska dakynmak düzgünini bozmadym. Emma bu gezek PÝGG işgärleri meni pyýadalara ýol bermezlikde aýyplap, ulagymy polisiýanyň jerime duralgasyna alyp gitdiler" diýip, bir maryly sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ol bu düşünişmezlige çatrykda ulaglaryň hereketini ugrukdyrýan eli taýakly polisiýa işgäriniň sebäp bolandygyny aýdýar.
Ýene bir maryly sürüji ulag sürüp barýarka çep elini ulagyň aýnasyndan çala çykarmakda aýyplanyp polisiýa tarapyndan saklanypdyr. Onuň hem awtoulagy jerime duralgasyna alnyp gidildi
“PÝGG işgärleri meni ýolda hiç hili düzgün bozmasam hem sakladylar. Men ilki maskamy barladym. Ol ýerinde. Soňra howpsuzlyk kemerimi barladym. Ol hem ýerinde. Awtoulagymy ýolda görkezilen tizlikden ýokary sürmedim. Derman gutym bar. Ýangyn söndürijim bar. Bularda maňa yrsaramaga bahana ýok diýip, gaýşarylyp, arkaýynlaşdym. Emma PÝGG işgärleri dokumentlerimi elimden alyp, yzyna bermän ‘siz jerime duralgasyna gitmeli’ diýdiler. Men ilki oýundyr öýtdüm. Ýok. Olaryň gara çyny. Men ‘sebäp näme, ‘men haýsy düzgüni bozdum’ diýip sorasam, olar maňa ‘seniň bir eliň ulagyň penjiresiniň daşyna çykyp gelýärdi’ diýdiler" diýip, ikinji sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.
Sürüji ýol kenarynda özüni aklamak synanyşyklarynyň netije bermändigini aýdýar.
Degişli maglumat Aşgabatdan Lebaba baran ýörite topar ýol polisiýasynyň işini derňeýärÝene bir sürüji Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärlerinden ‘halas bolmak’ üçin hukuk goraýjy edaralardaky ýakyn tanyşlarynyň birinden haraý gözleýşini, ýöne munuň netije bermeýşini gürrüň berýär.
“Ulagymyň tizligi bellenen tizlikden çala geçipdir. Ulagymy jerime duralgasyna äkitdiler. Men ‘tizligim çala ýokarlanan bolsa jerime ýazyň, goýberiň’ diýip aýtsam. Olar ‘howlukma, entek jerime-de ýazarys, eger ozal üç gezek radara düşen bolsaň, onda wagtlaýyn sürüjilik şahadatnamaňy hem alarys’ diýip, meni jerime duralgasyna getirdiler. Men hukuk goraýjy edaralaryň birinde işleýän ýakyn tanşyma jaň edip, ‘meniň ulagymyň jerime duralgasyna äkidilmegine ýol berme, eger-de äkitseler hem çykarylmagyna kömek et’ diýip aýtsam, ol ‘ýok, şu wagt diýme, edil häzir hukuk goraýjylar birek-biregi şugullap duşman boldular, hiç kime ynam ýok, özüň bir zatlar et, şu barlaglar ýatyşsyn, onsoň bir zatlar ederis’ diýdi. Bulara näme boldy. Düşünmeýärin” diýip, üçünji sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenistanda mart aýynda prezident çalşyp, täze döwlet ýolbaşçysy täze içeri işler ministrini wezipä belländen soňra, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýurduň tas ähli künjeklerinde gözegçiligi güýçlendirdi.
Degişli maglumat IIM-niň başlygy täzelenenden soň, ýol hereketine gözegçilik güýçlendirildi12-nji mart irki prezident saýlawlary bilen prezident wezipesini eýelän Serdar Berdimuhamedow 6-njy aprelde içeri işler ministrini täzeläp, Lebap welaýatynyň Polisiýa bölüminiň öňki başlygy Muhammet Hydyrowy içeri işler ministri wezipesine belledi.
Täze prezidentiň ilkinji howpsuzlyk mejlisinde döwlet telewideniýesi köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozmakda aýyplanýan adamlaryň tobalaryny görkezdi. Bu sýužetler täze prezidentiň esasy howpsuzlyk aladalarynyň ugurlary barada pikir döretdi.
Munuň yz ýany, ýurt boýunça köçe-ýol hereketine gözegçilik güýçlendirildi, hatda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine üýtgetmeler girizilip, ýol hereketiniň düzgünlerini bozmakda aýyplanýan adamlara salynýan jerimeler birnäçe esse artdyryldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.