Synçy: Miflere köpçülikleýin ýykgyn edilmegi jemgyýetiň çykgynsyzlygyndan habar berýär

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen halkynyň arasynda barha ýoň bolup barýan käbir köpçülikleýin meýiller barada gürrüň gozgaýar.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady we durmuş kynçylyklarynyň fonunda, ilat arasynda palçylardan, tebiplerden we porhanlardan haraý gözleýän adamlar köpelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ilat arasynda ýoň bolan şeýle meýilleriň jikme-jikligini öwrenýärler.

Synçylara görä, däp-dessurlara berk eýerýän konserwatiw türkmen jemgyýetinde köplenç yrymçy adamlar, şol sanda käbir döwlet gullukçylary kömek sorap, palçylaryň we tebipleriň gapysyna barha köp barýarlar.

Ylmy subutnamalardan mahrum bolan ezoteriki hyzmatlar, Azatlygyň habarçylaryna görä, dürli kynçylyklara sezewar bolan adamlar üçin çykalga gapysyna, bu hyzmatlardan girdeji gazanýan adamlar üçin bolsa düşewüntli gazanç çeşmesine öwrülýär.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen halkynyň arasynda barha ýoň bolup barýan käbir köpçülikleýin meýiller barada gürrüň gozgaýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Synçy: Miflere köpçülikleýin bil baglanylmagy jemgyýetiň çykalgasyzlygyndan habar berýär