Giňdir dünýä - geňdir dünýä: BSG öz çäginde koronawirusy asla ykrar etmedik Türkmenistany sylaglady

Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň saglyk pudagyndaky ygtybarly çeşmeleriniň we garaşsyz neşirleriň Türkmenistanyň çägindäki koronawirus ýokanjynyň gerimini açyp görkezýän ygtybarly maglumatlaryna garamazdan, ýurduň çäginde hiç hili COVID-19 hadysasyny hasaba almandygyny öňe sürýän Türkmenistan Bütindünýä Saglyk Guramasy tarapyndan sylaglandy.

“Türkmenistan COVID-19 pandemiýasy döwründe ýurduň saglygy goraýyş işgärleriniň tagallalarynyň ykrarnamasy hökmünde Bütindünýä Saglyk Guramasyndan/Ýewropa sylag aldy” diýip, Guramanyň resmi websaýty 16-njy maýda habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet “Saglyk” maksatnamasyna laýyklykda, ýurduň saglygy goraýyş ulgamy ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen döwrebaplaşdyrylýar, ilatyň saglygy we abadançylygy köpçülikleýin sport desgalary bilen hem-de sagdyn durmuş üçin zerur bolan esasy ýörelgeleriň we ukyp-başarnyklaryň wagyz edilmegi bilen goldanylýar diýip, BSG aýdýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

ABŞ-daky türkmen aktiwistleri BMG-a, BSG-a ýüzlendiler

“Ýurtda dürli ýokanç keselleriň öňüniň alynmagy, ýüze çykarylmagy we bejerilmegi yzygiderli ösýär we halkara hyzmatdaşlygy güýçlenýär” diýip, Bütindünýä Saglyk Guramasynyň resmi websaýty aýdýar.

Bütindünýä Saglyk Guramasy Türkmenistanyň beýleki käbir halkara guramalary bilen bir hatarda Bütindünýä Saglyk Guramasyny “ygtybarly we uzak möhletli hyzmatdaş” hasaplaýandygyny aýdýar.

Maglumata görä, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde baýrak gowşurmak dabarasy geçirilipdir we oňa gatnaşyjylar sylag üçin Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça müdiri Hans Klýugä minnetdarlyk beýan edipdirler.

Hasabatlara görä, 2019-njy ýylyň ahyrynda ilkinji gezek Hytaýyň Wuhan şäherinde ýüze çykarylan koronawirus keseli pandemiýa yglan edileli bäri, Türkmenistanyň hökümeti öz çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almady.

“Bütindünýä saglyk guramasy ýalan sözleýär, türkmenler ölýär” diýip, iki ýyl mundan ozal Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türkmenler ellerine plakat alyp, Bütindünýä saglyk guramasynyň Türkmenistan boýunça hereketsizligine protest bildirdiler.

Şonda demonstrasiýalara gatnaşan türkmenler gara tabyt göterip, Bütindünýä saglyk guramasyna we Türkmenistanyň hökümetine garşy nägilelik beýan etdiler.

Galyberse-de, daşary ýurtlarda ýaşaýan birnäçe türkmen aktiwisti özleriniň sosial media çykyşlarynda Türkmenistanyň hökümetiniň ýurduň çäginde koronawirusy ykrar etmeýşine gahar-gazap bildirdiler.

Türkmenistanda näçe adama bu keseliň ýokuşandygy we näçe adamyň bu kesel bilen aradan çykandygy tas döwlet syry hökmünde saklanýar. Ne Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ne-de resmiler koronawirusyň ýurtdaky hakyky gerimi babatdaky maglumatlar bilen çykyş etdiler.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

ABŞ-da türkmen aktiwistleri protest geçirip, BSG-dan düşündiriş soradylar

2020-nji ýylyň tomsunda BSG-niň ýörite COVID missiýasy Türkmenistana sapar etdi. Munuň yz ýany, türkmen hökümeti howanyň düzümindäki tozan bölejikleriniň adatdakysyndan köpelendigini” öňe sürüp ýurt boýunça maska düzgünini girizdi.

Pandemiýanyň ilkinji günlerinden başlap, halkara howa gatnawlary, sebitara hereket berk çäklendirildi, zerur harytlar satylýan dükanlardan daşary söwda merkezleri we bazarlar ýapyldy.

Pandemiýanyň arasynda ençeme türkmenistanly howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy zerarly daşary ýurtlarda galdy.

Apreliň soňky ongünlüginde ýurt boýunça pandemiýa çäklendirmeleri gowşadyldy. 1-nji iýundan başlap, ýapyk binalardan we transport serişdelerinden başga ýerlerde maska düzgünini ýatyrmak meýilleşdirilýär.

Bu aralykda, BSG-niň koronawirus kartasyna görä, dünýäde öz çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny ykrar etmedik ýeke-täk döwlet Türkmenistan bolup durýar.

Öz çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny tassyklamadyk beýleki bir ýurt – Demirgazyk Koreýa 12-nji maýda ilkinji gezek ýurduň territoriýasynda resmi taýdan tassyk bolan koronawirus hadysasy barada habar berdi.

BSG-niň Türkmenistana gowşurýan sylagy Demirgazyk Koreýanyň COVID-19 keselini boýun almagynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.