Meredow GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Duşenbedäki mejlisine gitmedi

Türkmenistana bu gepleşiklerde ýurduň daşary syýasy edarasynyň başlygynyň orunbasary Wepa Hajyýew (sagdan birinji) wekilçilik edýär.

13-nji maýda Täjigistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçýär. Paýtagt Duşenbede dar gerimde geçirilýän duşuşyga, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredowdan galan, GDA döwletleriniň ähli baş diplomatlary geldiler. Meredowyň bu gepleşiklere gatnaşmajakdygy barada şu hepdäniň başynda Azatlygyň çeşmesi habar beripdi. Onuň sözlerine görä, Meredowyň häkimiýetdäki täsiriniň peselmegi Serdar Berdimuhamedowyň prezident saýlanmagy bilen bagly, şeýle-de ony wezipesinden çetleşdirmek meselesi eýýäm çözülipdir.

Täjigistanyň paýtagtynda geçýän GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň baş diplomatlary gatnaşýarlar. Türkmenistana bu gepleşiklerde ýurduň daşary syýasy edarasynyň başlygynyň orunbasary Wepa Hajyýew wekilçilik edýär.

Azatlygyň çeşmesi türkmen DIM-niň başlygy Raşit Meredowyň Duşenbedäki gepleşiklere gatnaşmagynyň planlaşdyrylmaýandygy barada 8-nji maýda habar beripdi. Ol Meredowyň syýasy täsiriniň peselmegini, Serdar Berdimuhamedowyň prezident hökmünde häkimiýet başyna geçmegi bilen baglanyşdyrýar.

Bu we ozal ygtybarly maglumatlary beren başga-da birnäçe çeşmämiz martdaky irki prezidentlik saýlawlaryndan ozalam, Meredowyň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny aýdypdylar. Martdaky prezident saýlawlarynyň netijeleri boýunça häkimiýet atadan-ogla geçirilip, Serdar Berdimuhamedow ýeňiji yglan edildi.

Şol pursat, Meredowyň “Ýewropanyň ýurtlarynda ilçi bolup işlän ýa-da işleýän emeldarlaryň biri bilen çalşyljakdygy” aýdylypdy. Meredowyň çetleşdirilmegi bolsa, täze prezidentiň hökümetiň düzüminde Meredow ýaly “täsirli şahsyýeti” galdyrmazlyk islegi bilen düşündirildi.

Emma Serdar Berdimuhamedow prezident bolandan soň, ozalky ministrleriň tas ählisini, şol sanda Meredowy hem gaýtadan wezipelerine belledi. Şonda Azatlygyň çeşmeleri Meredowyň Daşary işler ministrligiň ýolbaşçysy wezipesindäki günleriniň sanalgydygyny tekrarlap, ony wezipesinden aýyrmak kararynyň bu baradaky maglumatyň syzyp çykmagy sebäpli soňa goýulandygyny aýtdylar.

61 ýaşly Raşit Meredowyň syýasy karýerasy 1990-njy ýyllaryň ahyrynda, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe başlandy. Ol 20 ýyldan hem aşa döwrüň içinde, şol sanda 2007-nji ýylda häkimiýet başyna Gurbanguly Berdimuhamedow gelenden hem soň, ýokary wezipelerde işledi. 2001-nji ýylda daşary işler ministri wezipesine bellenmegi bilen, ol şol bir wagtyň özünde Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary hem boldy. Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn çeşmeleri uly Berdimuhamedowyň häkimiýeti döwründe Meredowa täsiri boýunça ýurtda ikinji adam hökmünde garalandygyny aýtdylar.

Olaryň sözlerine görä, soňky birnäçe ýylyň dowamynda Serdar Berdimuhamedowyň syýasy basgançaklaryndan uly tizlik bilen ýokary çykarylmagynyň netijesinde, Meredow öz täsirini ýitirip başlapdyr.

Azatlygyň çeşmesi, 8-nji maýdaky söhbetdeşliginiň dowamynda, Meredowy wezipesinden çetleşdirmek baradaky kararyň baryp 2021-nji ýylyň güýzünde çözülendigini ýatlatdy.

“Şol döwürden başlap ony möhüm syýasy wakalardan çetleşdirip başladylar. Ol daşary ýurt saparlarynyň dowamynda Türkmenistanyň DIM-ne ýolbaşçylyk etmegini hem bes etdi. Duşuşyklarda protokol boýunça onuň bolmagy şert bolan hem bolsa, bu barada resmi habar serişdeleri hiç hili maglumat bermeýärler. Mysal üçin, geçen hepde Aşgabada Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili geldi. Ony Daşary işler ministrliginde Meredow kabul etdi. Emma bu barada hiç hili habar ýaýradylmady” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Geçen ýylyň aprelinde Meredow GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Moskwada geçen mejlisinde Türkmenistana wekilçilik etdi. Emma bu görnüşdäki oktýabrda Minskde geçen mejlise eýýäm Meredow gatnaşmady. Şonda Türkmenistan tarapyndan bu duşuşyga ýurduň Belarusdaky ilçisi gatnaşypdy.

Türkmenistan GDA guramasynyň assosirlenen agzasydyr. Emma soňky ýyllar ol bu guramada barha köp rol oýnap başlady. 2019-njy ýylda Türkmenistan bu Gurama ýolbaşçylyk etdi, Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa ýurt baştutanlarynyň Geňeşine başlyklyk etdi.

Duşenbedäki duşuşyk Russiýanyň Ukraina garşy sebäpsiz başladan urşunyň arasynda geçýär. 2014-nji ýylda Russiýa Krym ýarymadasyny basyp alandan soň, Ukraina de-facto, ýagny iş ýüzünde bu guramada öz agzalygyny togtatdy. Emma onuň guramadan çykmagy ýuridiki taýdan berkidilmedi.

13-nji maýda Duşenbede geçýän duşuşygyň guramaçylary mejlisiň geçýän zalynda Ukrainanyň baýdagyny asdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.