Russiýadaky zähmet migrantlary aýlyk azlygy sebäpli iş taşlaýyş edýärler

Illýustrasiýa suraty

Russiýada taýýar azyklary we azyk önümlerini eltip bermek hyzmatyndaky Delivery Club toplumynda işleýän Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan onlarça migrant aýlyk hakynyň azalmagyna nägileligini bildirdi. Olar nyrh syýasatynyň üýtgemeginiň tölegleriň azalmagyna sebäp bolandygyny we beýle şertlerde işlemegiň mümkin däldigini öňe sürýärler.

Kompaniýa içerki meseleleriň jikme-jikliklerini aýan etmedi, ýöne işgärleriň işe gaýdyp başlandyklaryny aýtdy. Ukrainada söweşiň başlanmagy bilen Russiýadaky migrantlaryň onsuzam gözgyny ýagdaýy hasam erbetleşip başlady.

Delivery Club-yň işgärleri bir hepde töweregi iş taşlaýyşda boldular. Has dogrusy, hereket 22-nji aprelde başlanyp, aprel aýynyň ahyryna çenli dowam etdi.

Russiýanyň dürli şäherlerinde hyzmat ediş bölümleriniň işgärleri protest aksiýasynyň wideoýazgylaryny surata düşürdiler hem-de munuň sebäplerini düşündirdiler. Wideoýazgylar sosial ulgamlarda we YouTube-da ýerleşdirildi. Wideodan iň nägile işgärleriň Moskwadadygyna düşünip bolýar.

“Biz häzir Moskwada. Bu ýere ýygnananlaryň ählisi “Delivery Club” hyzmatynda işleýärler. Öň biz bir tabşyrygy ýerine ýetirenimiz üçin, 120 rubl gazanýardyk, indi ol hyzmatyň bahasy 90 rubla çenli aşaklady. Şonuň üçin Moskwada we sebitlerde hyzmat edýänler ýygnanyşyp, öz nägileligini bildirýärler. Biz tölegleriň mukdarynyň öňki derejä gaýtarylmagyny talap edýäris" diýip, ol wideoda Gyrgyzystandan bolan migrant aýdýar.

Hyzmat edijileriň aýtmagyna görä, bir restorana ýa-da kafe çenli bir ýa-da iki kilometr aralyk üçin, 40 rubl alýan ekenler, esasy azyk önümlerini we gap-gaçlary almak üçinem olaryň her kilometrine 20 rubl berlipdir. Indi şol tölegleriň mukdary kemeldilipdir.

Beýleki bir wideoýazgyda, başga bir gyrgyzystanly migrant kärdeşlerini talaplar ýerine ýetirilýänçä, işe çykmazlyga çagyrýar:

“Delivery Club toplumynda işleýän gadyrly kärdeşlerim. Geliň, talaplarymyz ýerine ýetirilýänçä işe çykmalyň. Işe çykmaly wagty gitmäň, metronyň golaýyndaky ähli işleri ýapýarys. 90 rubla işlemek mümkin däl. Her kimiň maşgalasy bar. Maşgalaňy we özüňi eklemek kyn boldy. Öz işiňize hormat goýuň! Häzir 90 rubla hatda 1 kilogram un satyn alyp bolmaýar. Şeýle hem, özbekler we täjikler bilen gürleşýäris. Muňa dogry düşüniň" diýip, wideoda beýleki bir Gyrgyzystandan bolan migrant aýdýar.

Internetde ýaýran wideolarda dürli ýurtlaryň işçileriniň öz nägileligini bildirýändiklerini görmek bolýar. Olaryň arasynda Özbegistandan we Täjigistandan gelen migrantlar hem bar.

“Biz häzirki wagtda Russiýanyň we tutuş dünýäniň nähili döwri başdan geçirýändigine düşünýäris. Nähili-de bolsa, biz köne töleg ylalaşygynyň ýene dowam etdirilmegini isleýäris" diýip, täjik migrantlaryndan biri aýdýar.

Delivery Club – Russiýadaky iň iri iýmit önümlerini we azyk harytlaryny elip beriji hyzmatdyr. Kompaniýa 2009-njy ýyldan bäri iş alyp barýar. Hyzmat iki ugurda işledi, indi ol derman, kosmetika, öý haýwanlary üçin iýmitleri, enjamlary, öý we abatlaýyş harytlaryny-da eltip berýär.

Delivery Club’yň metbugat gullugy rus metbugatynda, işgärleriň boýkot etmegini ret edýän habary ýaýratdy. Ol habarda aýdylyşyna görä, hyzmat ediji adamlaryň sany we olaryň aýlyklarynyň möçberi azaldylmandyr, diňe töleg usullary üýtgedilipdir.

“Öňki nyrh iki bölekden ybaratdy: sargydyň eýesine gowşurylyşy hem-de müşderä çenli aralyk ýol üçin tölenýärdi. Täze nyrh üç bölegi öz içine alýar: restorana çenli aralyk üçin töleg, sargydyň eýesine gowşurylmagy hem-de müşderä çenli geçilen aralygyň uzynlygy. Nyrhyň üýtgemegi, çalt iýmit zynjyrlarynyň Russiýa bazarynda döreýän ýaramaz täsirini azaltmak çärelerine gönükdirildi. Hyzmat çekýäniň tölegi iki tarapa hem-de täze ýagdaýlarda, tölegiň has adalatly bolmagy üçin, bu üýtgetmeler talap edilýär" diýip, ol habarda aýylýar.

Rus metbugaty hyzmat edijileriň nägileliginiň garaşylmadyk netijelere sebäp bolandygyny habar berip başlady. Şeýlelik bilen, Hyzmat edijiler kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Kirill Ukraintsew Delivery Club hyzmatynyň işgärlerini iş taşlaýyşa çagyrmakda aýyplanyp, iki aýlyk tussag edildi. Onuň öýünde barlag işleri geçirildi.

Russiýada azyk we azyk önümlerini eltip bermek pudagynda «Яндекс.Еда», «Додо Пицца», «Домино Пицца», Grow Food, «СберМаркет», IGoods, «Самокат», «Яндекс.Лавка», SaveTime ýaly toparlar işleýärler. Olaryň köpüsiniň öz restoranlary hem söwda merkezleri bar.

Mundan öň “Yandex.Food” hyzmat topary hem şeýle problema bilen ýüzbe-ýüz bolupdy, şol gezekde-de ol hyzmatyň eýesi iş taşlaýyş faktyny inkär edipdi.

Soňky iki aýyň dowamynda migrantlar üçin, aýlyk hakynyň azalmagy we tölegleriň yza süýşürilmegi ýaly ýagdaýlar köpeldi. Ynsan hukuklaryny goraýjylar migrantlaryň işsizlik baradaky arzalarynyň köpelýändigini aýdýarlar. Şeýle ýagdaý Ukraina bilen urşuň fonunda, daşary ýurt kompaniýalarynyň Russiýany terk edip başlandan soň ýüze çykdy.

Russiýa Merkezi Aziýadan bolan adamlara iş gözlemek üçin gidilýän esasy ýer bolup durýar. Käbir bilermenler Russiýanyň içindäki krizis sebäpli migrantlaryň watanyna gaýdyp gelmeginiň köpeljekdigini çaklaýarlar. Iň soňky maglumatlara görä, Russiýanyň Ukraina garşy harby agressiýasy başlanandan soň, 750 daşary ýurt kompaniýasy Orsýetden çykypdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.