Şu günler Lebap welaýatynyň bazarlarynda käbir gök-bakja önümleriniň bahasy ýokarlanýar. Söwdagärler munuň sebäplerini olaryň importynyň peselmegi we ýerli önümçiliginiň ýeterlik däldigi bilen düşündirýärler. Bu maglumat türkmen prezidentiniň söwda toplumy boýunça wise-premýere berk käýinç berip, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberlerini azaltmagy tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
"Häzirki wagtda azyk önümleri ýeterlik däl. Özümizde öndürilýän azyk önümleri daşary ýurtlara eksport edilýär. Mysal üçin, Çärjew etrabynda 300 gektar meýdany bolan ýyladyşhanada öndürilýän pomidor Owganystana we Gyrgyzystana eksport edilýär. Halka pomidor ýetmeýär. Bu bolsa, harytlaryň gymmatlamagyna getirýär. Häzir pomidoryň bir kilogramy 18, bulgar burçyň bir kilogramy 17 manatdan satylýar. Kartoşkanyň bahasy 8-10 manada ýetdi" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.
Azatlygyň habarçylarynyň martyň ahyrynda beren maglumatlaryna görä, sebitde bir kilogram pomidoryň bahasy 12-13 manada barabardy.
Degişli maglumat Marylylar ozalky azyk resmileriniň tussag edilmegini "gözboýagçylyk" häsiýetlendirýärAzatlyk bu barada Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden we onuň ýerli edarasyndan kommentariýa almaga çalyşdy. Redaksiýamyzyň 11-nji maýda telefon arkaly eden synanyşyklary başa barmady.
Ýöne bu maglumat Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 6-njy maýda geçirilen hökümet maslahatynda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary Çary Gylyjowa ‘berk käýinç’ yglan etmeginden birnäçe gün soňa gabat geldi.
Resmi habara görä, Gylyjow “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmak boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi we garamagyndaky söwda ulgamynyň edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin” berk käýinç aldy. Şeýle-de, habarda onuň "korrupsiýa ýol berendigi, un, ösümlik ýagy ýaly azyk önümlerini ilata ýerlemekde düzgün bozmalaryň öňüni almandygy" hem bellenildi.
"Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmak barada berlen tabşyryklara garamazdan, şu ýylyň geçen dört aýynda azyk harytlarynyň daşary ýurtlardan getirilýän möçberi artdy... Şoňa görä-de, ilatyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak we öz öndürip biljek önümlerimiziň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmak boýunça işler güýçlendirilmelidir" diýip, TDH prezidentiň sözlerini sitirledi.
Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan ýerli synçylaryň birnäçesi prezidentiň bu tabşyrygynyň ýurtdaky azyk krizisini has-da çuňlaşdyrjakdygyny aýdýar.
Söwda ulgamy boýunça wise-premýeriň alan käýinji 10-dan gowrak orta derejeli söwda resmisiniň korrupsiýada aýyplanyp, döwlet telewideniýesinde “aglap toba edýän görnüşde görkezilmeginiň” yz ýanyna gabat geldi.
Degişli maglumat Iýmelimi ýa-da derman almaly? Türkmen pensionerleri krizisde gün görmäge synanyşýarlarTürkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklary arasynda, ýurduň bazarlarynda azyk önümleriniň ýygy-ýygydan gymmatlaýar we döwlet dükanlarynda arzan bahadan goýberilýän harytlaryň gytçylygy saklanyp galýar. Dükanlaryň öňündäki uly nobatlar we ilata berilmeli paýyň dükanlaryň arka gapysyndan hususy telekeçilere uly mukdarda goýberilýändigi barada Azatlyk ençeme gezek habar berdi.
Bu aralykda, Lebapdaky habarçymyz sebitiň döwlet dükanlarynda ilat arasynda ‘paýok’ atlandyrylýan, degişlilikde arzan bahadan we çäkli möçberde satylýan unuň indi iki aý bäri paýlanmaýandygyny aýdýar.
"Leabyň ýaşaýjylaryna aprel we maý aýlary üçin un paýoklary berilmeýär. Häzirki wagtda paýok, subsidirlenen bahadan satylýan azyk önümi galmady. Şeker düýbünden ýok. Ilat diňe her aý bir sany towuk aýagyny we bir litr ösümlik ýagyny alyp bilýar. Ýöne bu önümler-de bazar bahasyndan satylýar. Olaryň bahasy degişlilikde 40 we 35 manada barabar" diýip, lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde 11-nji maýda habarçymyza gürrüň berdi.
Paýtagt Aşgabatdaky habarçymyz döwlet dükanlarynda heň ysly unuň satuwa çykarylandygyny habar berýär. Onuň sözlerine görä, şäher ýaşaýjylarynyň aglabasy bir kilogramy bir manatdan satylýan bu uny satyn almakdan saklanýar.
"Häkimiýetler gytçylygy unuň hilini ýaramazlaşdyryp çözmäge synanyşýar. Häzirki wagtda satylýan undan heň ysy gelýär. Bu uny oba ilaty mallar üçin satyn alýar. Emma dükan satyjylary uny oba ýaşaýjylaryna satmaýarlar, ony diňe şäher ilaty alyp satyn alyp bilýär" diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde 11-nji maýda gürrüň berdi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady krizisi we bazarlardaky gymmatçylygy hem-de döwlet dükanlarynda ýitileşýän azyk ýeter-ýetmezçiligini aç-açan boýun almaýarlar. Synçylar awtoritar türkmen režiminiň ozalky resmileriň tobaly çykyşlaryny görkezip, söwda ýolbaşçylaryna käýinç bermek bilen, ýurtdaky kynçylyklaryň jogapkärçiligini öz üstünden aýyrmagy maksat edinýändigini aýdýarlar.
Degişli maglumat Balkan: Azyk ýene gymmatlady, bankomatlarda nagt gytaldy, Internetiň tizligi peseldiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.