Türkmenistanda häkimiýetleriň raýatlardan pul ýygnamak çäresiniň yzy gutarmaýar. Bu gezek Mary we Balkan welaýatlaryndaky býujet işgärlerinden we telekeçilerden täze metjitleri gurmak üçin pul ýygnalýar. Bu waka türkmen prezidentiniň sebit häkimleriniň etraplarda täze metjitleri we sadaka jaýlaryny gurmak barada eden tekliplerini goldamagyndan sanlyja gün soňa gabat geldi.
Azatlyk Radiosynyň Balkandaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary Hazar şäherinde guruljak metjidiň gurluşygy üçin pul ýygnamak baradaky tabşyrygy ýekşenbe güni, 8-nji maýda dilden yglan etdi.
"Şeýle tabşyryk Balkanabat, Gumdag, Bereket, Hazar, Serdar we Magtymguly şäherlerindäki edara-kärahanalara hem gelip gowuşdy. Býujet işgärlerinden 50-100 manat aralygynda pul ýygnalýar" diýip, balkanly býujet işgäri anonimlik şertinde beren maglumatynda aýtdy.
Degişli maglumat Türkmen prezidenti häkimleriň täze metjit gurmak tekliplerini tassykladyHabarçymyz metjidiň gurluşygy üçin telekeçilerden, şol sanda maldarçylyk, balykçylyk fermalaryndan hem pul ýygnalýandygyny aýdýar. Ýerli telekeçileriň birnäçesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, özlerinden soralýan puluň möçberi, hususy firmalaryň girdejisine görä, dürli-dürli bolýar.
"Telekeçilere bu pullaryň haýyr-sahawat üçin ýygnalýandygyny aýdýarlar. Ýöne häkimiýetler olaryň haýyr-sahawat üçin berjek serişdeleriniň möçberini özleri kesgitleýär. Telekeçileriň her birinden soralýan serişdäniň möçberi 20 müňden 50 müň manada çenli ýetýär. Gurply telekeçiler metjidiň gurluşygynda ulanyljak tehnika kömegini hem bermäge mejbur edilýär" diýip, balkanly telekeçileriň biri aýtdy.
Täze metjitleriň gurluşygy üçin býujet işgärlerinden we telekeçilerden pul ýygnalýandygy barada Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy hem maglumat berýär. Onuň sözlerine görä, sebitiň häkimiýetleri býujet işgärlerinden we telekeçilerden pul ýygnamak işlerine geçen hepdäniň ahyrynda girişdiler.
"Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary bu serişdäniň täze metjidiň gurluşygyna sarp ediljekdigini belläp, "näçe berseňiz özüňize sogap" diýýärler, ýöne bu sözleriniň üstüne azyndan 40 manat tabşyrmalydygyny hem aýdýarlar. Şeýle-de, olar Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherinde guruljak metjidiň gurluşygy üçin haýyr-sahawatlary edaranyň kärdeşler arkalaşygy bölümine tabşyrmaly hem diýýärler" diýip, balkanly býujet işgäri 10-njy maýda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, işgärlerden pul ýygnamak baradaky karara geçen hepdäniň ahyrynda, ýerli häkimiýetleriň edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen geçiren ýygnagynda gelindi.
Degişli maglumat Gagarumlylardan zeýkeşleri gazmak üçin pul ýygnalýar"Geçen hepdäniň soňky günlerinde edara ýolbaşçylary aýlyklaryň geçirilendigine ünsi çekip, metjidiň gurluşygy üçin pullary gijä galdyrman tabşyrmalydygyny buýurdy" diýip, býujet işgäri sözüne goşdy.
Mundan başga-da, habarçymyz "metjit guruljak diýilse, edara-kärhanalarda işlemeýän adamlaryň-da sähelçe bolsa hem goşant goşmaga çalyşýandygyny" aýdýar.
"Adamlar bermedim diýenlerinde-de 5-10 manat pul goşýarlar. Adamlar metjidiň guruljagyna begenýär" diýip, balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde beren maglumatynda aýtdy.
Azatlyk häkimiýetleriň býujet işgärlerinden we telekeçilerden nobatdaky pul ýygnamak çäreleri barada Balkanyň we Marynyň häkimliginden kommentariýa alyp bilmedi.
Ýöne täze metjitleriň gurluşygy üçin raýatlardan pul ýygnalýandygy barada garaşsyz "Turkmen.news" neşiri hem habar berýär. Neşiriň 9-njy maýda çap eden habaryna görä, Şatlykdaky birnäçe kärhananyň işgärlerinden aýlyklarynyň 15%-ni täze metjidiň gurluşygyna geçirmek talap edilýär.
Türkmenistanda täze metjitleriň gurluşygy üçin pul ýygnalýandygy baradaky maglumatlar prezident Serdar Berdimuhamedowyň welaýat häkimleri bilen geçiren iş maslahatynda täze metjitleriň gurulmagy baradaky teklibi tassyklamagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Degişli maglumat Mekdep remonty üçin okuwçylardan pul toplanýarResmi habarda metjitleri we sadaka jaýlaryny gurmak baradaky teklibiň ýerli ýaşaýjylaryň isleglerine esaslanyp edilendigi aýdyldy. Ýöne onda guruljak metjitleriň mümkin bolan bahasy, maliýeleşdirmek meselesi barada hiç zat aýdylmady.
Türkmenistanda raýatlardan, hususan-da býujet işgärlerinden we telekeçilerden dürli maksatlar üçin yzygiderli pul ýygnalýar. Bu barada Azatlygyň habarçylary her hepde diýen ýaly maglumat berýärler. Resmiler bu baradaky habarlara reaksiýa bildirmeýärler.
Bellesek, 2009-2020-nji ýyllar aralygynda Mary, Daşoguz, Lebap we Balkan welaýatlarynda, şeýle-de Aşgabadyň Parahat-7 etrabynda täze gurlan metjitler açyldy. Türkmenistan demirgazyk Owganystanda hem täze metjit gurup, bu ýurduň halkyna ynsanperwerlik kömegini berdi diýip, hökümetçi "Orient” neşiri habar berdi.
Şol bir wagtda, halkara hukuk toparlary Türkmenistany ýurtda raýatlaryň din azatlygyny gödek we yzygiderli bozmakda ýylyň-ýylyna tankyt edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.