Serdar Berdimuhamedow iki orunbasaryna käýedi

Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy maýda geçiren hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary Çary Gylyjowa ‘berk käýinç’, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça orunbasary Mährijemal Mämmedowa ‘käýinç’ yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, Gylyjow “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmak boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi we garamagyndaky söwda ulgamynyň edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin” berk käýinç aldy. Şeýle-de, hökümet başlygynyň orunbasary ýol berlendigi aýdylýan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek barada soňky duýduryş aldy.

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça wise-premýeriň alan käýinji onuň “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri” bilen esaslandyryldy.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we medeniýet işgärleri, mundan ozal, döwlet ýolbaşçylary tarapyndan yzygiderli ýagdaýda ýurtda gazanylandygy aýdylýan ösüşleri wagyz etmek bilen borçlandyrylýardy.

Söwda ulgamy boýunça wise-premýeriň alan käýinji 10-dan gowrak orta derejeli söwda resmisiniň korrupsiýada aýyplanyp, döwlet telewideniýesinde “aglap toba edýän görnüşde görkezilmeginiň” yz ýanyna gabat geldi.