BSG COVID-19-dan dünýäde 15 milliona golaý adamyň ölendigini çaklaýar

Keselçilik döwründe peýda bolan täze mazarlar. Arhiw suraty

Bütindünýä saglyk guramasy täze çap eden hasabatynda COVID-19 ýa-da bu wirusyň saglygy goraýyş ulgamyna ýetiren täsiri netijsinde 15 milliona golaý adamyň ölendigini aýtdy.

BMG-niň saglyk gullugy tarapyndan 5-nji maýda çap edilen täze görkeziji şu wagta çenli 6 milliondan gowrak hasaplanan resmi görkezijiden iki esse köp bolup durýar.

Hasabatda ölenleriň köpüsiniň Ýewropada, Amerikalarda, Günorta-Gündogar Aziýada we Ýewropada ýogalandygy aýdylýar.

Gurama soňky tagallalaryň 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyryna çenli COVID-19-dan ölenleriň hakyky sanyny anyklamaga gönükdirilendigini aýtdy.

Türkmenistan bu dertden ölenleriň hiç birini resmi taýdan hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.