Türk we türkmen döwlet baştutanlary, ýokary derejeli resmiler telefonda gürleşip, birek-biregi Oraza baýramy mynasybetli gutlady. Dünýäniň özgerýän täze geosyýasy reallyklarynyň fonunda synçylar barha ysnyşýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň aňyrsynda ýatan mümkin bolan özara bähbitleri seljerýär.
3-nji maýda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet metbugatyna görä, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar birek-biregi Oraza baýramy mynasybetli gutlady, iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy.
“Goý, mübärek Oraza aýynyň nurana günlerinde agyz bekläp, tutan orazalaryňyz, amal eden ybadatlaryňyz we ýagşy doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, TDH türkmen we türk prezidentleriniň birek-birege beýan eden gutlag sözlerini sitirleýär.
Serdar Berdimuhamedow Türkiýe söwda-ykdysady ugurda “Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar” diýdi. Şeýle-de, ol ylym, bilim, medeniýet, sungat we sport ýaly ynsanperwer ulgamda ýurtlaryň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Degişli maglumat Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletler Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy boldy3-nji maýda geçirilen aýrybaşga telefon söhbetdeşliginde prezident Serdar Berdimuhamedowyň kakasy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop birek-biregi Oraza baýramy mynasybetli gutlady. Taraplar iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegi hem-de özara geňeşmeler arkaly tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerini nygtadylar.
Şol gün Türkmenistanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň başlygy Gülşat Mämmedowa hem Türkiýäniň Beýik Millet mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop bilen telefonda gürleşip, Oraza baýramy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdi. Bu telefon söhbetdeşliginde taraplar iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny bellediler. Bular barada Türkmenistanyň döwlet metbugaty habar berdi.
Soňky aýlarda Türkmenistan Türkiýe bilen, galyberse-de, Türkiýäniň möhüm rol oýnaýan Türki Döwletler Guramasy bilen gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrýar.
Ýatlasak, 15-nji aprelde Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletler Guramasynyň Ýaşulular Geňeşiniň agzasy boldy.
Has ozal, noýabr aýynda Türkmenistan türki guramanyň synçy agzasy boldy. 2009-njy ýylda esaslandyrylan gurama türki dilli döwletleriň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlygy nazarlaýandygyny aýdýar. Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýe bu guramanyň doly hukukly agzasy, Wengriýa we Türkmenistan synçy agzasy bolup durýar.
Türk metbugatyna görä, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan soňky birnäçe günüň dowamynda Türkmenistanyň döwlet baştutany bilen bir hatarda beýleki türki döwletleriň hem-de köpsanly musulman ýurtlaryň döwlet baştutanlaryny Oraza baýramy mynasybetli gutlady. Edil şolar ýaly, Türkiýäniň parlamentiniň spikeri Mustafa Şentop hem başga-da köpsanly ýurtlaryň, şol sanda türki dilli döwletleriň parlament başlyklaryny baýram mynasybetli gutlady.
Degişli maglumat Türkmenistan Türki Geňeşiň sammitine ilkinji gezek agza hökmünde gatnaşýarTürkiýäniň hem-de Türkmenistanyň arasynda barha ysnyşýan gatnaşyklar, galyberse-de Türkmenistanyň Türki Döwletler Geňeşine tarap ymtylyşlary, synçylara görä, diňe bir “baýram diplomatiýasyndan” ybarat bolman, eýsem, bu gatnaşyklaryň aňyrsynda, dünýäde emele gelen täze geosyýasy reallyklaryň fonunda, möhüm bähbitler ýatyr.
Käbir synçylara görä, Russiýanyň Ukraina amala aşyrýan çozuşynyň yz ýany, post-sowet giňişlikde rus agalygynyň sorag astyna alynmaga başlanmagy bilen, Merkezi Aziýa ýurtlary täze ýaranlyklara ymtylýar we bu deňlemede Türkiýe sebitde tebigy taýdan öňe çykýar.
Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň professory, Merkezi Aziýa boýunça bilermen Luka Ançeski türk we türkmen döwlet baştutanlarynyň hem-de ýokary derejeli resmileriniň arasyndaky telefon söhbetdeşliginden ugur alyp, barha ysnyşýan türk-türkmen gatnaşyklaryna syn berdi.
“Birinjilik bilen, meniň pikirimçe, [bu ýagdaýa syn berlende] seresaply çemeleşmeli. Bu telefon söhbetdeşlikleriniň diňe bir baýram gutlaglaryndan ybarat bolmagy hem mümkin, ýöne ataly-ogul bolan öňki türkmen prezidenti bilen häzirki türkmen prezidentiniň arasynda utgaşykly hereketiň bolmagy, aslyýetinde, Türkiýe bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin ýörite synanyşygyň bardygyny hem görkezýän bolmagy mümkin” diýip, Ançeski aýtdy.
Ekspertiň tassyklamagyna görä, Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen sebitde geosyýasy ýagdaýlaryň özgermegi türkmen hökümetini ýurduň daşary syýasatyna gaýtadan göz aýlamaga iterýär:
“[Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky] gatnaşyklar güýçlendirilen halatynda munuň nähili anyk bähbitleri getirjegini men, dogrusy, anyk bilemok. Ýöne, meniň pikirimçe, Ukrainada barýan uruş zerarly, ýagny Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen gutulgysyz bolan geosyýasy özgeriş, megerem, Aşgabady özüniň daşary syýasatyny gaýtadan gözden geçirmäge iterýän bolmaly” diýip, ekspert aýtdy.
Degişli maglumat Ekspert syny: Türki Geňeş Türkmenistana nähili täze mümkinçilikleri hödürläp biler?Resmi Aşgabat Russiýanyň Ukraina goşun girizmegi barada şu wagta çenli hiç hili beýanat bermedi.
Galyberse-de, Russiýanyň Ukraina çozmagynyň yz ýany, Moskwa girizilen halkara ykdysady sanksiýalaryň arasynda, öz gazyny esasan Russiýadan satyn alýan Ýewropa ýurtlary täze energiýa üpjünçileri bilen hyzmatdaşlyga isleg bildirmäge meýil edýän mahaly, ýangyja baý Türkmenistan öz energiýa eksportyny giňeltmek maksady bilen, energiýa söwdasy boýunça täze ýol kartasyny işläp düzýän bolmagy mümkin:
“Ýewraziýanyň energiýa bazarynyň Russiýadan arany açmak meýilleriniň fonunda, Türkmenistanyň Günbatar sary emele gelmegi ahmal täze ýangyç bazarynda orun tapmak mümkinçiligine eýe bolmagy ahmal. Şonuň üçin, Türkiýe bilen ýakyn gatnaşygyň islendik görnüşi, türkmen hökümetiniň diňe bir utgaşykly, ýörite syýasaty bolman, eýsem, Günbatar bilen hem ýola goýulmagy ahmal şeýle gatnaşyklary nazarlaýar” diýip, professor aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.