Türkmen prezidenti häkimleriň täze metjit gurmak tekliplerini tassyklady

Mary metjidi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ikinji gün sebit ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda täze metjitleriň gurulmagy baradaky teklibi tassyklady.

Döwlet eýeçiligindäki türkmen mediasynyň maglumatyna görä, bu teklip ýerli ýaşaýjylaryň isleglerine esaslanyp edildi.

Sebit ýolbaşçylarynyň sözlerine görä, Hazar şäherinde (Balkan), Änew şäherinde (Ahal), Ruhubelent etrabynda (Daşoguz), Döwletli etrabynda (Lebap) we Şatlyk şäherinde (Mary), ýanyndaky sadaka jaýy bilen bilelikde, täze metjitleri gurmak meýilleşdirilýär.

Habarda guruljak metjitleriň mümkin bolan bahasy, maliýeleşdirmek meselesi barada hiç zat aýdylmaýar.

TDH prezidentiň “metjit we onuň ýanynda sadaka jaýyny gurmak baradaky teklibi makullandygyny” habar berýär.

2009-2020-nji ýyllarda Mary, Daşoguz, Lebap we Balkan sebitlerinde, şeýle-de Aşgabadyň Parahat-7 etrabynda täze gurlan metjitler açyldy.

Mundan başga, Türkmenistan demirgazyk Owganystanda hem täze metjit gurup, bu ýurduň halkyna ynsanperwerlik kömegini berdi diýip, hökümetçi "Orient” neşiri habar berýär.

Şol bir wagtda, halkara hukuk toparlary Türkmenistany ýurtda raýatlaryň din azatlygyny gödek we yzygiderli bozmakda ýylyň-ýylyna tankyt edýärler.