Premýeriň parahatçylyk ylalaşygyna garşy guralan protestlerde 200-den gowrak adam saklandy

Ýerewan. Ermeni protestçileri

Ermeni polisiýasy premýer-ministr Nikol Paşinýanyň işinden çekilmegini talap edýän onlarça oppozisiýa demonstrantyny tussag etdi, protestçiler onuň dawaly Dagly-Garabag sebiti meselesinde Azerbaýjana eglişik edýändigini öňe sürýärler.

3-nji maýda, Paşinýanyň goňşy ýurt bilen aradaky toprak dawalary babatdaky pozisiýasyna garşy guralan protestleriň tapgyr ikinji gününde olar Ýerewanda we beýleki şäherlerde birnäçe köçäni wagtlaýyn baglanlaryndan soň, polisiýa 200-den gowrak demonstrantyň tussag edilendigini habar berdi.

Oppozisiýa lideri Işkhan Saghatelian: "Paşinýan dönük we barha möwjeýän köçe protestleri ony işinden çekilmäge mejbur eder" diýdi.

Protestler 1-nji maýda, müňlerçe oppozisiýa tarapdarynyň paýtagtda ýygnanyp, Paşinýany wezipeden çekilmäge çagyrmagy bilen başlandy.

Paşinýan geçen aýda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen Dagly-Garabagyň töweregindäki konflikti çözmek üçin ikitaraplaýyn parahatçylyk şertnamasyny taýýarlamak ylalaşygyna geldi.

Baku parahatçylyk şertnamasynyň birek-biregiň territorial bitewiligini ykrar etmek bilen, bäş elemente esaslanmagyny isleýär.

Paşinýan bu elementleriň Ýerewan üçin prinsipde kabul ederlik bolup bilinjekdigini açyk aýtdy. Bu oppozisiýasynyň ony Dagly-Garabaga Azerbaýjanyň ygtyýarlylygyny ykrar etmäge taýýar bolmakda aýyplamagyna getirdi.