Mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy mynasybetli Aşgabadyň Hezreti Omar metjidinde 2-nji maýda okalan baýram namazynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň müftüsi ýygnananlara Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabyny wagyz etdi. Döwlet mediasyna görä, şeýle wagyz işleri ähli sebit metjitlerinde hem alnyp baryldy. Synçylar türkmen din wekilleriniň bu ädimine ýurtda yslam dininiň syýasata garyşdyrylmagynyň hem-de türkmençilik ýörelgeleriniň yslam dini bilen deň-derejede tutulmagynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy hökmünde baha berýärler.
Hezreti Omar metjidinde düşürilip, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde efire berlen wideo reportažda Türkmenistanyň müftüsi baýram namazyna ýygnanan jemagata Halk Maslahatynyň başlygy, eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazandygy aýdylýan “Ömrümiň manysy” atly täze kitabyndan käbir bölekleri okap berýär. Döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşigine görä, şeýle wagyz işleri ýurduň ähli sebitlerinde amal edildi.
Degişli maglumat Oraza baýramy: Metjitlerde baýram namazyna baran adamlardan sanjym kepilnamasy talap edildiMundan ozal, ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýazandygy aýdylýan “Ruhnama” kitabyndan alnan setirleriň latyn elipbiýinde metjit diwarlarynda şöhlelendirilmegi bilen tanalan Türkmenistanyň yslam ybadathanalarynda bu sapar Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazandygy aýdylýan kitapdan alnan setirler ýaňlandy.
Türkmenistanyň baş mütfüsi metjide ýygnanan jemagata ýüzlenip, Berdimuhamedowyň kitabynda diniň hem-de türkmençilik ýörelgeleriniň türkmen halkyna, hususan-da ýaşlara düşündirilýändigini aýtdy. Metjit mährabynda yslam dinini hem-de türkmençiligi deň derejede agzamak bilen, din wekili, synçylara görä, Türkmenistanda milli däp-dessurlara esaslanýan ýörelgelere yslam ýörelgeleri bilen deň derejede ähmiýet berilýändigini görkezdi.
Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Panniýer 3-nji maýda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde türkmen metjitlerinde Berdimuhamedowyň kitabynyň wagyz edilmegini, onuň sözleriniň mukaddes kitaplar bilen deň derejede görkezmek synanyşygy häsiýetlendirdi.
Şol bir wagtda, bilermen şeýle çäreleriň beýleki musulman ýurtlarda ýaşaýan din ulamalaryny ynjydyp biljekdigini aýtdy.
“Ol, [hamala], diňe bir Arkadag däl. Ol, [hamala], diňe bir Türkmenistanyň öňki prezidenti däl. Ol, eger Alla bilen deň derejede däl hem bolsa, beýleki adamlar bilen deňeşdirilende, [hamala], Alla has ýakyn adam [ýaly edip görkeziljek bolunýar]” diýip, Panniýer aýtdy.
Ekspert türkmen metjitlerinde amal edilýän soňky çäreleri “masgaraçylyk” atlandyrdy.
Degişli maglumat Berdimuhamedowyň doglan güni: Müfti “görner-görünmez belalara” garşy prezidente amanlyk dilediPanniýer Azatlyk bilen söhbetdeşlikde, megerem, yslam dini döräli bäri, islendik ýurtda ýa-da hanlyklarda ymamlaryň namazlarda ýa-da hutbalarda ýurt baştutanynyň, hanlaryň, serdarlaryň yzyna eýerilmelidigi barada, olaryň hormatlanylmalydygy barada wagyz edip gelýändiklerini, munuň musulman ynanjyna görä kabul ederlikli hasaplanylýandygyny, ýöne haçan-da döwlet baştutanynyň ýazan setirleriniň metjitlerde musulmanlaryň mukaddes kitaby bilen deň derejede okalyp, wagyz edilip başlananda, munuň eýýäm “çenden aşmak” hasaplanylýandygyny gürrüň berdi.
“Ýöne haçan-da, gyzyl çyzykdan aşylanda, iň bolmanda meniň pikirimçe şeýle, men bu babatda ýekedirin öýdemok, haçan-da çakdan aşylanda, we sen, prezidentiň sözleri Muhammet pygamberiň sözleri bilen deň derejede mukaddes diýmäge başlasaň, ýa-da onuň sözleri Gurhan bilen deň derejede ähmiýetli diýmäge başlasaň, bu örän howply” diýip, Panniýer syn berdi.
Türkmenleriň arasynda “türkmençilik” ýörelgeleriniň giňden propaganda edilmegi, wagyz edilmegi, täzelik däl. Öňden bäri türkmenleriň arasynda, hususan-da resmi ritorikada, “türkmençilik” ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýöne türkmençiligiň metjit mährabynda wagyz edilmegi bilen, synçylara görä, türkmen döwletiniň millilik wagzy täze belentliklere çykarylýar.
Has ozalky ýubileý toýlaryny daşary ýurt ýyldyzlaryny, şol sanda amerikan pop ýyldyzy Jenifer Lopezi çagyryp bellän Gurbanguly Berdimuhamedowyň “pygamber ýaşy” 2019-njy ýylda döwlet mediasynda giňden wagyz edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.